Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
52 verses
1Adamdan Şis, Şisden Enoş, Enoşdan Keýnan,
2Keýnandan Mahalalel, Mahalalelden Ýeret,
3Ýeretden Hanok, Hanokdan Metuşela, Metuşeladan Lemek, Lemekden Nuh doguldy.
4Nuhuň ogullary: Sam, Ham we Ýafes.
5Ýafesiň nesilleri: Gomer, Magok, Madaý, Ýawan, Tubal, Meşek we Tiras.
6Gomeriň nesilleri: Aşkenaz, Ripat we Togarma.
7Ýawanyň nesilleri: Elişa, Tarşyş, Kitim we Dodanym.
8Hamyň nesilleri: Kuş, Müsür, Put we Kengan.
9Kuşuň nesilleri: Seba, Hawyla, Sabta, Ragama we Sabteka. Ragamanyň nesilleri: Şeba we Dedan.
10Kuşdan ýene Nimrot doguldy; ol ýer ýüzünde ilkinji edermen urşujydy.
11Müsür lutlaryň, anamlaryň, lehablaryň, naptuhlaryň, patruslaryň, kasluhlaryň we kaptorlaryň atasydy;
12kasluhlardan hem piliştliler gelip çykdy.
13Kengandan onuň ilkinji ogly Sidon hem-de Het doguldy.
14Kengan ýabuslylaryň, amorlaryň, girgaşlaryň, hiwileriň, arklaryň, sinleriň, arwatlaryň, semarlaryň we hamatlaryň hem atasydy.
17Şemiň nesilleri: Eýlam, Aşur, Arpakşat, Lut, Aram, Us, Hul, Geter, Meşek.
18Arpakşatdan Şela, Şeladan Eber doguldy.
19Eberden iki ogul dünýä indi, olaryň biriniň ady Pelekdi, onuň döwründe dünýädäki halklar bölünipdi; onuň doganynyň ady Ýoktandy.
20Ýoktandan Almodat, Şelep, Hasarmawet, Ýera,
21Hadoram, Uzal, Dikla,
22Eýbal, Abymaýyl, Şeba,
23Opyr, Hawyla we Ýobap doguldy. Bularyň hemmesi Ýoktanyň nesilleridir. Şemden Ybraýyma çenli bolan nesiller
24Şem, Arpakşat, Şela;
25Eber, Pelek, Regu;
26Seruk, Nahor, Tera;
27Ybram, ýagny Ybraýym.
28Ybraýymyň ogullary: Yshak, Ysmaýyl.
29Olaryň nesilleri şulardyr: Ysmaýylyň nowbahar ogly Nebaýot.
30Soňra Kedar, Adbeýel, Mibsam, Mişma, Duma, Masa, Hadat, Tema, Ýetur, Napyş we Kedema doguldy.
31Bular Ysmaýylyň ogullarydyr.
32Ybraýymyň Ketura diýen gyrnak aýalyndan bolan ogullary: Zimran, Ýokşan, Medan, Midýan, Ýişbak we Şuwa. Ýokşanyň ogullary: Şeba we Dedan.
33Midýanyň ogullary: Eýpa, Eper, Hanok, Abyda we Eldaga. Bularyň hemmesi Keturanyň nesilleridi.
34Ybraýymdan Yshak doguldy. Yshagyň ogullary: Ysaw we Ysraýyl.
35Ysawyň ogullary: Elipaz, Regüwel, Ýeguş, Ýaglam we Kora.
36Elipazyň ogullary: Teýman, Omar, Sepi, Gatam, Kenaz, Timna we Amalek.
37Regüweliň ogullary: Nahat, Zera, Şamma we Miza.
38Segiriň ogullary: Lotan, Şobal, Sibgon, Ana, Dişon, Eser we Dişan.
39Lotanyň ogullary: Hory we Homam; Timna Lotanyň aýal doganydy.
40Şobalyň ogullary: Alýan, Manahat, Eýbal, Şepo we Onam. Sibgonyň ogullary: Aýa we Ana.
41Ananyň ogly: Dişon. Dişonyň ogullary: Hamran, Eşban, Ýytran we Keran.
42Eseriň ogullary: Bilhan, Zagawan we Ýagkan. Dişonyň ogullary: Us we Aran.
43Ysraýyllara hiç bir patyşa şalyk etmezden öňki Edom ýurdunda höküm süren patyşalar şu aşakdakylardyr: Begoryň ogly Bala. Onuň paýtagt galasynyň ady Dinhabady.
44Bala dünýäden ötüp, onuň ýerine Bosra galasyndan bolan Zeranyň ogly Ýobap patyşa boldy.
45Ýobap dünýäden ötüp, onuň ýerine teýmanly Huşam patyşa boldy.
46Huşam dünýäden ötüp, onuň ýerine Mowap topragynda midýanlary ýeňen, Bedatyň ogly Hadat patyşa boldy. Onuň paýtagt galasynyň ady Awytdy.
47Hadat dünýäden ötüp, onuň ýerine masrekaly Samla patyşa boldy.
48Samla dünýäden ötüp, onuň ýerine Perat derýasynyň boýundaky Rehobotdan bolan Şawul patyşa boldy.
49Şawul dünýäden ötüp, onuň ýerine Akboryň ogly Bagalhanan paty��a boldy.
50Bagalhanan dünýäden ötüp, onuň ýerine Hadat patyşa boldy. Onuň paýtagt galasynyň ady Paýdy. Meýzahabyň agtygy, Matrediň gyzy Meheýtabel onuň aýalydyr.
51Hadat dünýäden ötdi. Edomyň urugbaşylary şulardy: Timna, Alwa, Ýetet,
52Oholybama, Ela, Pinon,
53Kenaz, Teýman, Mibsar,
54Magdyýel we Iram. Bularyň hemmesi Edomyň urugbaşylarydy.