Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
40 verses
1Bular Dawut Siklagda Kişiň ogly Şawuldan gaçyp ýörkä, onuň ýanyna gelenler we oňa uruşda ýardam eden batyr ýigitlerdir.
2Benýaminlerden, Şawulyň kowumyndan bolan bular peýkam atyp, hem sag, hem çep elleri bilen daş, ýaý bilen ok atyp bilýän adamlardy.
3Olaryň baştutany Ahygezer, ondan soň Ýowaş, şeýle hem gibgaly Şemaganyň iki ogly, Azmawetiň ogullary Ýeziýel bilen Pelet, Beraka, anatotly Ýehu,
4otuz serdaryň arasynda bir batyr ýigit we olaryň baştutany gibgonly Ýyşmagýa, Ýermeýa, Ýahazyýal, Ýohanan, gederaly Ýozabat,
5Elguzaý, Ýerimot, Begalýa, Şemarýa, haruply Şepatýa,
6Koranyň neslinden Elkana, Ýişiýa, Azarel, Ýogezer, Ýaşobgam,
7gedorly Ýerohamyň ogullary Ýogela bilen Zebadýa.
8Gatlardan galkana hem naýza türgen bolan batyr ýigitler çöldäki galada bolan Dawudyň tarapyna geçdiler. Olar arslan sypatdadylar, dag jereni kimin ýyndamdylar. Ine, olar:
9Ezer – baştutan, ikinjisi Abadýa, üçünjisi Eliýap,
10dördünjisi Mişmanna, bäşinjisi Ýermeýa,
11altynjysy Ataý, ýedinjisi Eliýel,
12sekizinjisi Ýohanan, dokuzynjysy Elzabat,
13onunjysy Ýermeýa, onbirinjisi Makbanaýdy.
14Bular gatlardan bolan harby baştutanlardylar; olaryň iň ejizi ýüze, iň güýçlüsi müňe taýdy.
15Birinji aýda Iordan derýasy joşup, bütin kenarlaryndan aganda, ondan geçenler we jülgelerdäkileriň ählisini gündogardyr günbatara kowup çykaranlar şulardy.
16Benýaminler bilen ýahudalaryň käbirleri Dawudyň ýanyna gala geldiler.
17Dawut olaryň öňünden çykyp, şeýle diýdi: «Eger meniň ýanyma ýagşy niýet, kömek etmek maksady bilen gelen bolsaňyz, onda ornuňyz ýüregimiň töründe, ýöne zorluk etmedik halymda meni duşmanlaryma satmak üçin gelen bolsaňyz welin, muny ata-babalarymyzyň Hudaýy görüp, siziň jezaňyzy bersin».
18Soňra Ruh otuz ýigidiň baştutany Amasaýyň üstüne inip, ol şeýle diýdi: «Biz seniňki, eý Dawut, Biz seň bilen, eý Ýyşaýyň ogly! Başyň aman bolsun, başyň aman bolsun! Saňa ýardam edýäniň hem başy aman bolsun! Saňa ýardam edýän seniň Hudaýyňdyr». Onsoň Dawut olary kabul edip, öz goşunbaşylary edip belledi.
19Dawut piliştliler bilen bile Şawulyň garşysyna uruşmak üçin gelende, manaşelerden käbiri onuň tarapyna geçdi. Ýöne Dawut piliştlilere kömek etmedi, sebäbi piliştli baştutanlary özara maslahatlaşyp: «Dawut öz jenaby Şawulyň tarapyna geçip, bizi satar» diýip, ony yzyna ugratdylar.
20Dawut Siklaga gaýdanda, manaşeleriň müňbaşylary bolan Adna, Ýozabat, Ýedigaýel, Mikaýyl, Ýozabat, Elihu we Silletaý dagylar onuň tarapyna geçdiler.
21Bularyň hemmesi batyr ýigitlerdir goşun baştutanlary bolup, olar Dawuda alamançylaryň toparlaryna garşy söweşde kömek etdiler.
22Hakykatdanam, halk Hudaýyň goşuny ýaly goşuny bolana deňeç, günüň-gününe Dawuda kömek etmäge gelýärdiler.
23Rebbiň sözüne görä, Şawulyň patyşalygyny Dawuda bermek üçin onuň ýanyna Hebrona gelen ýaragly goşunlar, ine, şulardyr:
24ýahudalardan galkan hem naýza göterip, ýaraglanan alty müň sekiz ýüz adam;
25şimgonlardan ýedi müň bir ýüz sany batyr ýigit;
26lewilerden dört müň alty ýüz adam;
27olaryň arasynda Harunyň nesliniň baştutany Ýehoýada we onuň bilen bile üç müň ýedi ýüz adam;
28ýaş batyr ýigit Sadok we onuň neslinden ýigrimi iki sany harby baştutan;
29Şawulyň kowumlaryndan bolan benýaminlerden üç müň adam. Bularyň köpüsi owal Şawulyň nesillerine wepaly bolupdylar.
30Efraýymlardan öz uruglarynyň arasynda meşhur bolan ýigrimi müň sekiz ýüz batyr ýigit;
31manaşe ýarym tiresinden, gelip, Dawudy patyşa etmek üçin ýörite bellenen on sekiz müň adam,
32ysakarlardan döwre görä, Ysraýylyň näme etmelidigini bilýän iki ýüz baştutan; olaryň baştutanlygy astynda bolan ähli garyndaşlary.
33Zebulunlardan taplanan, ähli söweş enjamlary bilen ýaraglanan, Dawuda kömek etmekde maksada okgunly elli müň esger;
34naftalylardan galkan hem naýza bilen ýaraglanan otuz ýedi müň esgerli müň harby baştutan;
35danlardan ýaraglanan ýigrimi sekiz müň alty ýüz esger;
36aşerlerden söweşe taýýar, taplanan kyrk müň esger;
37Iordanyň aňyrsyndaky rubenlerden, gatlardan hem-de manaşe ýarym tiresinden ähli söweş enjamlary bilen ýaraglanan bir ýüz ýigrimi müň esger.
38Bu esgerleriň hemmesi Dawudy Ysraýyla patyşa etmek üçin çyn ýürekden söweş nyzamy bilen Hebrona geldiler. Ysraýylyň galan hemmesi-de bir ýürekden Dawudyň patyşa bolmagynyň tarapyndady.
39Olar üç gün Dawudyň ýanynda boldular; iýip-içdiler, çünki doganlary olar üçin taýýarlyk görüpdiler.
40Ol ýeriň golaýynda ýaşaýanlar zebulun, naftaly, ysakar tireleriniň çäklerine çenli eşeklerdir düýelere, gatyrlardyr öküzlere ýükläp, köp mukdarda un, injir kökeleri, kişmiş, şerap, ýag, öküz hem goýun getirdiler, çünki Ysraýylda şatlyk-şagalaňdy.