Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
29 verses
1Dawut özi üçin Dawut galasynda köşkler gurdurdy. Ol Hudaýyň sandygy üçin ýer taýýarlap, çadyr dikdi.
2Soňra Dawut Hudaýyň sandygyny diňe lewileriň götermelidigi barada buýruk berdi. Sebäbi Reb Öz sandygyny götermek hem-de Özüne ömür-baky hyzmat etmek üçin lewileri saýlapdy.
3Rebbiň sandygyny onuň üçin taýýarlan ýerine getirmek üçin, Dawut ähli ysraýyllary Iýerusalime ýygnady.
4Soňra ol Harunyň nesillerini hem-de lewileri toplady:
5Kohadyň kowumyndan ýüz ýigrimi sany dogany bilen olaryň baştutany Uryýel;
6Merarynyň kowumyndan iki ýüz ýigrimi dogany bilen olaryň baştutany Asaýa;
7Gerşomyň kowumyndan ýüz otuz dogany bilen olaryň baştutany Ýowel;
8Elisapanyň kowumyndan iki ýüz dogany bilen olaryň baştutany Şemagýa;
9Hebronyň kowumyndan segsen dogany bilen olaryň baştutany Eliýel;
10Uzyýeliň kowumyndan ýüz on iki dogany bilen olaryň baştutany Amynadap.
11Dawut ruhanylar Sadok bilen Abýatary, lewilerden Uryýeli, Asaýany, Ýoweli, Eliýeli, Şemagýany hem-de Amynadaby çagyryp, olara şeýle diýdi:
12«Siz lewileriň urugbaşylarydyrsyňyz. Iniňizi tämizläň, garyndaşlaryňyz hem şeýle etsinler. Soňra Ysraýyl Hudaýy Rebbiň sandygyny onuň üçin taýýarlan ýerime getiriň.
13Öňki gezek sandygy siziň götermändigiňiz we ony bolmalysy ýaly idemändigimiz sebäpli, Hudaýymyz Rebbiň bize gahary geldi».
14Ruhanylar hem-de lewiler Ysraýyl Hudaýy Rebbiň sandygyny getirmek üçin inlerini tämizlediler.
15Lewiler Hudaýyň sandygyny Rebbiň Musa tabşyryşyna laýyk edip, syryklaryň üstünde goýup eginlerinde göterdiler.
16Dawut lewileriň baştutanlaryna şatlyk-şagalaň etmek üçin, öz doganlarynyň arasyndan aýdymçylary hem-de arfa, barbat, kimwal ýaly saz gurallaryny çalyp bilýänleri taýyn etmäge buýruk berdi.
17Şeýlelikde, lewiler Ýoweliň ogly Heýmany, Berekýanyň ogly Asafy, Merary kowumyndan bolan Kuşaýanyň ogly Eýtany sazandalara ýolbaşçy edip bellediler.
18Zakarýa, Ýagzyýel, Şemiramot, Ýehiýel, Unny, Eliýap, Benaýa, Magaseýa, Matytýa, Elipelehu we Mikneýa olara kömekçi edip bellenildi; Obededom bilen Ýegiýel bolsa derwezebanlardy.
19Aýdymçylar bolan Heýman, Asaf hem-de Eýtan dagylar bürünç kimwallar,
20Zakarýa, Azyýel, Şemiramot, Ýehiýel, Unny, Eliýap, Magaseýa, Benaýa dagylar alamot äheňinde barbat çalmalydylar.
21Matytýa, Elipelehu, Mikneýa, Obededom, Ýegiýel hem-de Azazýa dagylar bolsa şeminit äheňinde çeň bilen sazy alyp gitmelidiler.
22Lewi sazandalarynyň ýolbaşçysy Kenanýa saza baştutanlyk etmelidi, çünki ol saza ussatdy.
23Berekýa bilen Elkana sandyk üçin bellenen derwezebanlardy.
24Şebanýa, Ýoşapat, Netanel, Amasaý, Zakarýa, Benaýa, Eligezer hem-de ruhanylar Hudaýyň sandygynyň öňünde surnaý çalmalydylar. Obededom bilen Ýehiýa hem sandyk üçin bellenen derwezebanlardy.
25Şeýlelikde, Dawut, Ysraýyl ýaşululary hem-de müňbaşylar Rebbiň Äht sandygyny şatlyk-şagalaň bilen Obededomyň öýünden getirmäge gitdiler.
26Hudaý Rebbiň Äht sandygyny getirýän lewilere ýardam etdi we olar ýedi öküz bilen ýedi goçy gurbanlyk berdiler.
27Sandygy göterýän lewiler, aýdymçylar, aýdymçylaryň sazyna ýolbaşçylyk edýän Kenanýa dagylar ýaly, Dawut hem ýüpek don geýdi. Dawudyň egninde ýüpek efot hem bardy.
28Şeýdip, ysraýyllar şagalaň bilen, tüýdügiň, surnaýlaryň, kimwallaryň şowhuny, çeňdir barbatlaryň belent owazy bilen Rebbiň Äht sandygyny getirdiler.
29Rebbiň Äht sandygy Dawut galasyna getirilende, Şawulyň gyzy Mikal penjireden seretdi. Ol Dawudyň bökjekläp tans edişini görüp, oňa äsgermezçilik etdi.