Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
8 verses
1Ýaz paslynda, patyşalaryň ýörişe gidýän döwri Ýowap goşuny alyp, ýörişe çykyp, ammonlaryň ýurduny kül-peýekun etdi, soň gelip, Rabany gabady. Emma Dawut Iýerusalimde galypdy. Ýowap Rabanyň üstüne hüjüm edip, ony derbi-dagyn etdi.
2Dawut ammonlaryň patyşasynyň başyndan altyn täjini aldy; onuň agramy iki putdy, onuň ýüzüne gymmatbaha daş oturdylandy. Ony Dawudyň kellesine geýdirdiler. Dawut galadanam köp mukdarda olja-da aldy.
3Galanyň halkyny bolsa Dawut galadan göçürip, olary byçgy, demir kätmen hem-de palta bilen işlenilýän işlerde goýdy. Ol ammonlaryň ähli galalarynda şeýle edenden soň, ähli goşun bilen bile Iýerusalime dolandy.
4Şondan soň Gezerde piliştliler bilen uruş başlady. Şonda huşaly Sibekaý iri adamlaryň neslinden bolan Sipaý diýen birini öldürdi. Piliştliler boýun egdiler.
5Piliştliler bilen ýene uruş boldy. Ýagyryň ogly Elhanan naýzasynyň sapy dokma tütesi ýaly bolan gatly Jaludyň dogany Lahmyny öldürdi.
6Gat galasynda ýene uruş boldy. Ol ýerde ýene pilistlileriň iri neslinden elleridir aýaklary alty-altydan ýigrimi dört barmakly şilliň uzyn biri bardy.
7Ysraýyla sögendigi sebäpli, Dawudyň dogany Şimganyň ogly Ýonatan Rapa neslinden bolan bu adamy öldürdi.
8Bularyň dördüsi-de Gatyň rapalaryndandylar. Olar Dawudyň hem-de onuň esgerleriniň elinden öldüler.