Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
79 verses
1Lewiniň ogullary: Gerşon, Kohat we Merary.
2Kohadyň ogullary: Imran, Ýishar, Hebron we Uzyýel.
3Imranyň ogullary: Harun, Musa we Merýem. Harunyň ogullary: Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar.
4Elgazardan Pinehas, Pinehasdan Abyşuwa,
5Abyşuwadan Buky, Bukydan Uzy,
6Uzydan Zerahýa, Zerahyýadan Meraýot,
7Meraýotdan Amarýa, Amarýadan Ahytup,
8Ahytupdan Sadok, Sadokdan Ahymagas,
9Ahymagasdan Azarýa, Azarýadan Ýohanan,
10Ýohanandan Azarýa doguldy. Bu şol Süleýmanyň Iýerusalimde guran öýünde ruhanylyk eden Azarýadyr.
11Azarýadan Amarýa, Amarýadan Ahytup,
12Ahytupdan Sadok, Sadokdan Şallum,
13Şallumdan Hilkiýa, Hilkiýadan Azarýa
14Azarýadan Seraýa, Seraýadan Ýehosadak doguldy.
15Nebukadnesaryň üsti bilen Reb Ýahudanyň we Iýerusalimiň halklaryny sürgün eden döwründe Ýehosadak hem sürgün edildi.
16Lewiniň ogullary: Gerşom, Kohat we Merary.
17Gerşomyň ogullarynyň atlary Libni hem-de Şimgidir.
18Kohadyň ogullary: Imran, Ýishar, Hebron we Uzyýel.
19Merarynyň ogullary: Mahly we Muşy. Nesillerine görä lewileriň uruglary sulardyr:
20Gerşomyň nesilleri: Gerşomdan Libni, Libniden Ýahat, Ýahatdan Zimma,
21Zimmadan Ýowa, Ýowadan Ydo, Ydodan Zera, Zeradan Ýeýatraý doguldy.
22Kohadyň nesilleri: Kohatdan Amynadap, Amynadapdan Kora, Koradan Asyr,
23Asyrdan Elkana, Elkanadan Ebiýasap, Ebiýasapdan Asyr,
24Asyrdan Tahat, Tahatdan Uryýel, Uryýelden Uzyýa, Uzyýadan Şawul doguldy.
25Elkananyň ogullary: Amasaý we Ahymot.
26Ahymotdan Elkana, Elkanadan Sopa, Sopadan Nahat,
27Nahatdan Eliýap, Eliýapdan Ýeroham, Ýerohamdan Elkana doguldy.
28Şamuweliň ogullary: nowbahar ogly Ýowel, ikinji ogly Abyýa.
29Merarynyň nesilleri: Merarydan Mahly, Mahlydan Libni, Libniden Şimgi, Şimgiden Uza,
30Uzadan Şimga, Şimgadan Hagyýa, Hagyýadan Asaýa doguldy.
31Äht sandygyny Rebbiň öýünde goýandan soň, Dawudyň şol ýerde nagma aýtmaga bellän adamlary şulardyr.
32Bular Süleýman Iýerusalimde Rebbiň öýüni gurýança, Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň öňünde nagma aýtdylar. Olar özlerine mahsus düzgünler boýunça hyzmata durdular.
33Ol ýerde hyzmata duranlar hem-de olaryň nesilleri şulardyr: kohat urugyndan Heýman bagşy. Heýmanyň ata-babalary şulardyr: Şamuwel Ýoweliň atasy,
34Elkana Şamuweliň atasy, Ýeroham Elkananyň atasy, Eliýel Ýoramyň atasy, Towa Eliýeliň atasy,
35Sup Towanyň atasy, Elkana Supuň atasy, Mahat Elkananyň atasy, Amasaý Mahatyň atasy,
36Elkana Amasaýyň atasy, Ýowel Elkananyň atasy, Azarýa Ýoweliň atasy, Sepanýa Azarýanyň atasy,
37Tahat Sepanýanyň atasy, Asyr Tahatyň atasy, Ebiýasap Asyryň atasy, Kora Ebiýasabyň atasy,
38Ýishar Koranyň atasy, Kohat Ýisharyň atasy, Lewi Kohadyň atasy, Ysraýyl Lewiniň atasy.
39Onuň sagynda duran dogany Asaf, Gerşon urugyndan. Onuň ata-babalary şulardyr: Berekýa ogly, Şimga Berekýanyň atasy,
40Mikaýyl Şimganyň atasy, Bagaseýa Mikaýylyň atasy, Malkyýa Bagaseýanyň atasy,
41Etni Malkyýanyň atasy, Zera Etniniň atasy, Adaýa Zeranyň atasy,
42Eýtan Adaýanyň atasy, Zimma Eýtanyň atasy, Şimgi Zimmanyň atasy,
43Ýahat Şimginiň atasy, Gerşom Ýahatyň atasy, Lewi Gerşomyň atasy.
44Çep tarapynda olaryň Merary urugyndan bolan garyndaşlary durdy. Olar şulardyr: Kişi Eýtanyň kakasy, Abdy Kişiniň kakasy, Malluk Abdynyň kakasy,
45Haşabýa Mallugyň kakasy, Amazýa Haşabyň kakasy, Hilkiýa Amazýanyň kakasy,
46Amasy Hilkiýanyň kakasy, Bany Amasynyň kakasy, Şemer Banynyň kakasy,
47Mahly Şemeriň kakasy, Muşy Mahlynyň kakasy, Merary Muşyň kakasy, Lewi Merarynyň kakasy.
48Olaryň garyndaşlary bolan lewiler mukaddes çadyryň – Hudaýyň öýüniň hyzmatyna bellendiler.
49Harun bilen onuň nesilleri ýakma gurbanlyk sypasynda, ýakymly ysly tütetgi sypasynda sadakalar hödürlediler. Iň mukaddes otagyň ähli işlerini etdiler. Hudaýyň guly Musanyň tabşyryklaryna laýyklykda, olar ysraýyl halkyny günäsinden sapladylar.
50Ine, şular Harunyň nesilleridir: Harundan Elgazar, Elgazardan Pinehas, Pinehasdan Abyşuwa,
51Abyşuwadan Buky, Bukydan Uzy, Uzydan Zerahýa,
52Zerahýadan Meraýot, Meraýotdan Amarýa, Amarýadan Ahytup,
53Ahytupdan Ahymagas doguldy.
54–55 Lewileriň öz topraklarynda mesgen tutan ýerleri şulardyr: Kohat urugyndan bolan Harunyň ogullarynyň bijesi çykyp, olara Ýahudadaky Hebrony hem-de onuň töweregindäki öri meýdanlary berdiler.
56Ýöne ol galanyň ekin meýdanlarydyr obalary Ýepunnäniň ogly Kalebe berildi.
57Harunyň ogullaryna gaçybatalga galalary bolan Hebron we Libna öri meýdanlary bilen bile, Ýatyr we Eştemowa öri meýdanlary bilen bile,
58Hilen öri meýdanalary bilen bile, Debir öri meýdanlary bilen bile,
59Aşan we Beýtşemeş öri meýdanlary bilen bilelikde berildi.
60Benýamin tiresiniň topragyndan hem öri meýdanlary bilen bilelikde Geba, öri meýdanlary bilen bilelikde Alemet hem-de öri meýdanlary bilen bilelikde Anatot berildi. Olaryň ähli galalary nesilleriniň sanyna görädir – on üçdür.
61Kohatlaryň galan nesillerine bije üsti bilen manaşe ýarym tiresiniň paýyndan on gala berildi.
62Gerşomlara nesilleriniň sanyna görä Ysakar, Aşer, Naftaly hem-de Başandaky Manaşe tirelerinden on üç gala berildi.
63Merarylara nesilleriniň sanyna görä, Ruben, Gat hem-de Zebulun tirelerinden on iki gala berildi.
64Şunlukda, ysraýyllar bu galalary öri meýdanlary bilen bilelikde lewilere berdiler.
65Şeýle hem ysraýyllar lewilere bije üsti bilen ýahuda, şimgon hem-de benýamin tireleriniň atlary agzalan galalaryny berdiler.
66Kohadyň nesillerinden käbirlerinde efraýym tiresinden alnan galalary bardy.
67Olara gaçybatalga galalary bolan Efraýym daglaryndaky Şekemi öri meýdanlary bilen bilelikde, şeýle hem Gezeri öri meýdanlary bilen bilelikde,
68Ýokmegamy öri meýdanlary bilen bilelikde, Beýthorony öri meýdanlary bilen bilelikde,
69Aýalony öri meýdanlary bilen bilelikde, Gatrimmony öri meýdanlary bilen bilelikde berdiler.
70Manaşe ýarym tiresinden öri meýdanlary bilen bilelikde Aneri, Kohadyň nesilleriniň galan bölegine öri meýdanlary bilen bilelikde Bilgamy berdiler.
71Gerşomlara: manaşe ýarym tiresinden: öri meýdanlary bilen bilelikde Başandaky Golany we öri meýdanlary bilen bilelikde Aştaroty;
72Ysakar tiresinden: öri meýdanlary bilen bilelikde Kedeşi, öri meýdanlary bilen bilelikde Daberaty,
73öri meýdanlary bilen bilelikde Ramody, öri meýdanlary bilen bilelikde Anemi;
74Aşer tiresinden: öri meýdanlary bilen bilelikde Maşaly, öri meýdanlary bilen bilelikde Abdony,
75öri meýdanlary bilen bilelikde Hukogy, öri meýdanlary bilen bilelikde Rehoby;
76Naftaly tiresinden: öri meýdanlary bilen bilelikde Jeliledäki Kedeşi, öri meýdanlary bilen bilelikde Hammony, öri meýdanlary bilen bilelikde Kirýataýymy berdiler.
77Merary urugynyň galanlaryna şu ýerler berildi: Zebulun tiresinden öri meýdanlary bilen bilelikde Rimmono, öri meýdanlary bilen bilelikde Tabor,
78Ýerihodan başlap, Iordanyň aňyrsyna çenli, Iýordanyň gündogar tarapy, Ruben tiresinden: öri meýdanlary bilen bilelikde çöldäki Beser, öri meýdanlary bilen bilelikde Ýahsa,
79öri meýdanlary bilen bilelikde Kedemot, öri meýdanlary bilen bilelikde Meýpagat;
80Gat tiresinden: öri meýdanlary bilen bilelikde Gilgatdaky Ramot, öri meýdanlary bilen bilelikde Mahanaýym, öri meýdanlary bilen bilelikde Heşbon, öri meýdanlary bilen bilelikde Ýazer.