Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
44 verses
1Ysraýyllaryň hemmesi öz nesil daragtyna görä hasaba alnyp, olar Ysraýyl patyşalarynyň kitabyna ýazyldy. Ýahudalar Rebbe biwepalyk edendikleri üçin Babyla sürgün edildi.
2Käbir ysraýyllar ilkinji bolup, galalardaky öz mülklerine ruhanylar, lewiler hem-de ybadathana hyzmatkärleri bilen dolanyp geldiler.
3Ýahuda, benýamin, efraýym hem-de manaşe tirelerinden Iýerusalimde täzeden ornaşanlary şulardyr:
4Ýahudanyň ogly Peresiň neslinden: Banynyň ýuwlugy, Imriniň çowlugy, Omrynyň agtygy, Amyhudyň ogly Utaý.
5Şilon urugyndan: nowbahar ogly Asaýa hem-de onuň ogullary.
6Zeranyň neslinden: Ýeguwel hem-de onuň garyndaşlary – jemi alty ýüz togsan ýahudalar.
7Benýaminiň neslinden: Hasenuwanyň çowlugy, Hodawýanyň agtygy, Meşullamyň ogly Sallu.
8Ýerohamyň ogly Ýibneýa, Mikriniň agtygy, Uzynyň ogly Ela, Ýibniýanyň çowlugy, Regüweliň agtygy, Şepatýanyň ogly Meşullam.
9Benýaminler nesil daragtyna görä dokuz ýüz elli alty adamdy. Ýokarda ady agazalanlaryň hemmesi kowumbaşylardy.
10Dolanyp gelen ruhanylardan: Ýedagýa, Ýehoýaryp, Ýakyn,
11Ahytubyň gowlugy, Meraýotyň ýuwlugy, Sadogyň çowlugy, Meşullamyň agtygy, Hilkiýanyň ogly, Hudaýyň öýüniň ýolbaşçysy Azarýa;
12Malkyýanyň çowlugy, Paşhuryň agtygy, Ýerohamyň ogly Adaýa; Immeriň gowlugy, Meşillemitiň ýuwlugy, Meşullamyň çowlugy, Ýahzeranyň agtygy, Adyýeliň ogly Magsaý.
13Ruhanylaryň sany bir müň ýedi ýüz altmyşdy. Olar kowumbaşylardy we ukyply adamlardy. Olar Hudaýyň öýünde hyzmat etmäge jogapkärdi.
14Lewilerden: Merary urugyndan Haşabýanyň çowlugy, Azrykamyň agtygy, Haşubyň ogly Şemagýa;
15Bakbakar, Hereş, Galal; Asafyň çowlugy, Zikriniň agtygy, Mikanyň ogly Matanýa;
16Elkananyň geňligi, Asanyň gowlugy, Berekýanyň ýuwlugy, Ýedutunyň çowlugy, Galalyň agtygy, Şemagýanyň ogly Abadýa. Ol netopalylaryň obalarynda ýaşady.
17Derwezebanlar şulardyr: Şallum, Akup, Talmon we Ahyman. Olaryň garyndaşy Şallum baştutandy.
18Bular öň şa derwezesiniň gündogar tarapynda goýlupdylar. Olar lewileriň düşelge derwezebanlarydylar.
19Kora urugyndan bolan Ebiýasabyň agtygy, Koreniň ogly Şallum we onuň kowumdaşy koralar hem ata-babalarynyň Rebbiň mesgenine derwezebançylyk edişleri ýaly, Rebbiň mukaddes çadyryna derwezebançylyk etdiler.
20Öň Elgazaryň ogly Pinehas olaryň ýolbaşçysy bolupdy. Reb onuň bilen boldy.
21Meşelemýanyň ogly Zakarýa Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzynda derwezebandy.
22Derwezebanlyga bellenenleriň hemmesi iki ýüz on iki adamdyr. Olar öz obalarynda nesil daragtyna görä hasaba alyndylar. Olary Dawut bilen görgür Şamuwel jogapkärli wezipä belledi.
23Şular we olaryň nesilleri Rebbiň öýüniň, ýagny çadyryň derwezebanlarydylar.
24Derwezebanlar dört tarapdaky – gündogardaky, günbatardaky, demirgazykdaky hem-de günortadaky derwezeleri saklaýardylar.
25Olaryň obalarynda ýaşaýan doganlary nobatma-nobat her ýedi günden olary görmäge gelmelidiler.
26Çünki lewilerden bolan dört ýolbaşçy derwezeban Hudaýyň öýüniň otaglarynyň hem-de hazynalarynyň hem ýolbaşçysydylar.
27Olar gijesine-de Hudaýyň öýüniň golaýynda bolardylar. Çünki ybadathana gözegçilik etmek hem-de her gün irden ony açmak olaryň borjudy.
28Lewileriň käbirleri hyzmat üçin goýlan enjamlara serederdiler, sebäbi olary sanap äkidip, sanabam getirmelidiler.
29Olaryň käbirleri beýleki esbaplara, mukaddes enjamlara, saýlama una, şeraba, ýaga, hoşboý ysly zatlara hem-de derman otlara gözegçilik edýärdiler.
30Ruhany ogullarynyň käbirleri derman otlaryny garyp taýýarlaýardylar.
31Süýjüli kökeleri bişirmeklik Kora neslinden bolan Şallumyň nowbahar ogly lewi Matytýa tabşyryldy.
32Kohat neslinden bolan garyndaşlarynyň käbirine Sabat güni üçin hödür çöregi taýýarlamagy tabşyryldy.
33Lewileriň urugbaşylary bolan aýdymçylar ybadathananyň otaglarynda ýaşaýardylar. Olar başga hyzmatlardan azatdylar, sebäbi olar gije-gündiz hyzmatdadylar.
34Nesil daragtyna görä lewileriň urugbaşylary şulardylar. Olar Iýerusalimde ýaşadylar.
35Gibgonyň kakasy Ýegiýel Gibgon galasynda ýaşaýardy; onuň aýalynyň ady Magakady.
36Onuň nowbahar ogly Abdon, soňkulary: Sur, Kiş, Bagal, Ner, Nadap,
37Gedor, Ahýo, Zakarýa we Miklot.
38Miklotdan Şimeýa doguldy. Olar hem garyndaşlarynyň ýanynda Iýerusalimde ýaşadylar.
39Nerden Kiş, Kişden Şawul, Şawuldan Ýonatan, Malkyşuwa, Abynadap we Eşbagal doguldy.
40Ýonatandan Meribagal, Meribagaldan Mika doguldy.
41Mikanyň ogullary: Piton, Melek, Tahreýa we Ahaz.
42Ahazdan Ýagra, Ýagradan Alemet, Azmawet we Zimri. Zimriden Mosa doguldy.
43Mosadan Binga, Bingadan Repaýa, Repaýadan Elgasa, Elgasadan Asel doguldy.
44Aseliň Azrykam, Bokeru, Ysmaýyl, Şegarýa, Abadýa we Hanan alty ogly bardy. Şular Aseliň ogullarydy.