Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
24 verses
1Saba melikesi Süleýmanyň Rebbe goýýan hormatynyň at-owazasyny eşidip, ony kyn sowallar bilen synamaga Iýerusalime geldi.
2Saba melikesi ummasyz baýlyk, hoşboý ysly zatlar, köp mukdardaky altyn we gymmatbaha daşlar ýüklenen düýeler bilen Iýerusalime geldi. Ol Süleýmanyň ýanyna gelip, ýüregine düwen ähli sowallary sorady.
3Süleýman onuň ähli soraglaryna jogap berdi. Patyşa onuň ýekeje sowalyny-da jogapsyz galdyrmady.
8Seniň halkyň nähili bagtly! Hemişe huzuryňda bolup, pähim-paýhasyňy eşidýän emeldarlaryň nähili bagtly!
9Senden hoşal bolup, seni ysraýyl tagtynda oturdan Hudaýyň Rebbe alkyş bolsun! Reb Ysraýyly ebedilik söýensoň, adalaty we hakykaty berjaý etmegiň üçin seni patyşa etdi».
10Onsoň Saba melikesi Süleýman patyşa iki ýüz batman altyn, köp mukdarda atyrlary we gymmatbaha daşlary berdi. Süleýman patyşa Saba melikesiniňki ýaly şeýle köp mukdardaky hoşboý ysly zatlar hiç berilmändi.
11Hiramyň Opyrdan altyn getiren gämisi, mundan başga-da ol ýerden köp mukdarda sandal agajyny we gymmatbaha daşlary hem getirdi.
12Patyşa sandal agajyndan Rebbiň öýüne, patyşanyň köşgüne söýeler, aýdymçylar üçin barbatdyr arfalar ýasady; beýle sandal agajy şu güne çenli görlüp-eşidilmändi.
13Süleýman patyşa Saba melikesine öz eçilen zatlaryndan daşary onuň göwnüniň islän zadyny berdi. Şeýdip, Saba melikesi emeldarlary bilen öz ýurduna dolandy.
14–15 Süleýmana bir ýylda gelen altynyň agramy alyş-beriş edýän adamlardan, söwdagärleriň söwdasyndan, ähli arap şalaryndan, ýurduň häkimlerinden gelen altyndan daşary bir müň bir ýüz otuz batmandan gowrakdy.
16Süleýman patyşa ýenjilen altyndan iki ýüz sany uly galkan ýasady. Her bir uly galkana, on ýedi gadak altyn sarp edildi.
17Ol ýenjilen altyndan üç ýüz galkan ýasady; her galkana dört ýarym gadak altyn sarp edildi. Patyşa bulary «Liwan jeňňeli» atly köşgünde goýdy.
18Patyşa tagtyny piliň süňki bilen haşamlap, sap altyna gaplady.
19Tagtyň alty basgançagy bardy, arka tarapdan tagtyň depesi tegelekdi, kürsüniň iki tarapynda hem tirseklikler, tirseklikleriň gapdalynda-da iki ýolbars durdy.
20Alty basgançagyň her tarapynda bir ýolbars, jemi on iki ýolbars durdy. Beýle zat entek asla hiç bir ýurtda ýasalmandy.
21Süleýmanyň gap-gaçlarynyň barysy altyndandy. Onuň «Liwan jeňňeli» atly köşgüniň ähli gap-gaçlary-da sap altyndandy. Kümüşden hiç zat ýokdy, sebabi kümüş Süleýmanyň döwründe hiç zatça görülmeýärdi.
22Çünki Süleýmanyň Hiramyň gämileri bilen birlikde deňizde gämileri bardy. Deňiz gämileri üç ýylda bir gezek gelip, altyn, kümüş, pil dişini, maýmynlary we tawuslary getirerdiler.
23Şeýdip, Süleýman patyşa baýlykda, pähim-paýhasda ýer ýüzündäki ähli patyşalardan öňe geçdi.
24Hudaýyň Süleýmanyň ýüregine salan paýhasyny eşitmek üçin bütin dünýä onuň didaryna zardy.
25Süleýmanyň ýanyna gelen her kes ýylba-ýyl kümüşdir altyn enjamlardan, egin-eşiklerden, ýaraglardan, atyrlardan, atlardyr gatyrlardan ybarat bolan sowgatlaryny getirýärdi.
26Süleýman söweş arabalary bilen atlarynyň baryny bir ýere jemledi; onuň bir müň dört ýüz arabasy, on iki müň arabaly esgerleri bardy. Süleýman olaryň birnäçesini öz ýanynda Iýerusalimde, galanlaryny bolsa söweş arabalarynyň saklanýan galalarynda ýerleşdirdi.
27Süleýman Iýerusalimde kümşi daşlar bilen deň etdi, kedr agajyny bolsa günbatar baýyrlykda gögerýän ýabany injir agajy kimin köpeltdi.
28Süleýmanyň atlary Müsürden we Keweden getirildi; patyşanyň söwdagärleri olary Keweden belli bir baha satyn aldylar.
29Bir söweş arabasy on ýedi gadak töweregi kümşe, bir at bolsa dört gadakdan gowrak kümşe satyn alnyp, olar Müsürden getirilýärdi. Şeýdip, bu söweş arabalary we atlar Süleýmanyň söwdagärleriniň üsti bilen bütin hetleriň we Aramyň şalaryna satylýardy.