Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
33 verses
1Süleýman patyşa bütin Ysraýylyň üstünden şalyk sürdi.
2Onuň ýanyndaky emeldarlar şulardy: Sadogyň ogly Azarýa ruhanydy,
3Şişanyň ogullary Elihorep bilen Ahyýa kätiplerdi, Ahyludyň ogly Ýehoşapat ýyl ýazgyjysydy.
4Ýehoýadanyň ogly Benaýa goşunbaşydy, Sadok bilen Abýatar ruhanylardy.
5Natanyň ogly Azarýa häkimleriň üstünden garaýardy; Natanyň ogly Zabut bolsa hem ruhany, hem patyşanyň ýaranydy.
6Ahyşar köşgüň baştutandy; Abdanyň ogly Adonyram bolsa mejbury işdäkileriň üstünden garaýardy.
7Bütin Ysraýylda Süleýmanyň on iki sany häkimi bardy. Olaryň hersi patyşany we onuň öý-içerisini, gezekli-gezegine, ýylda bir aý azyk bilen üpjün etmelidi.
8Olaryň atlary şulardy: Efraýym daglyk ýurdunda Benhur,
9Makasda, Şagalbymda, Beýtşemeşde we Eýlonbeýthananda Bendeker,
10Arubot ülkesinde Benheset (Soko bilen bütin Heper ýurtlary hem oňa degişlidi),
11bütin Napatdor ülkesinde Benabynadap (Ol Süleýmanyň gyzy Tapata öýlenipdi),
12Tagnak, Megido ülkelerinde, Ýizregeliň etegindäki Saretanyň ýanyndaky bütin Beýtşeýan ülkesinde, Beýtşeýandan Abelmehola, Ýokmegamyň aňyrsyna çenli bolan aralykdaky ülkede Ahyludyň ogly Bagana,
13Ramotgilgat ülkesinde Bengeber (Bengeberde Manaşeniň ogly Ýaýyryň Gilgatdaky obalary bardy. Başandaky Argop etrabynda berk diwarly, derwezeleri bürünç gözenekli altmyş sany uly gala hem oňa degişlidi),
14Mahanaýym ülkesinde Idonyň ogly Ahynadap,
15Naftaly ülkesinde Ahymagas (Ol Süleýmanyň gyzy, Bosmata öýlenipdi),
16Aşer we Begalot ülkelerinde Huşaýyň ogly Bagana,
17Ysakar ülkesinde Paruwanyň ogly Ýehoşapat,
18Benýamin ülkesinde Elanyň ogly Şimgi,
19amorlar patyşasy Sihon hem-de Başan patyşasy Oguň ýurdy bolan Gilgatda Urynyň ogly Geber. Ol bu ýeriň häkimidi.
20Ýahuda halky bilen ysraýyl halky deňiz ýakasyndaky çäge deý köpdi. Olar iýip-içip, hoşbagtlylykda ýaşadylar.
21Süleýman Perat derýasyndan piliştliler ýurduna we Müsür serhedine çenli bolan bütin ýurda patyşalyk etdi. Olar Süleýmanyň ömrüniň ahyryna çenli oňa salgyt töläp, hyzmat etdiler.
22Süleýmanyň köşgüniň bir günlük azygy, iki ýüz otuz batman ýokary hilli undan, dört ýüz altmyş batman adaty undan, on sany baga bakylan öküzden, ýigrimi sany ýaýlada bakylan öküzden, ýüz sany goýundan, ondan daşary-da sugunlardan, jerenlerden, saýgaklardan hem-de semiz guşlardan ybaratdy.
24Çünki ol Perat derýasynyň günbataryndaky ähli welaýatlarda, Tipsadan Gaza çenli bolan aralykdaky Perat derýasynyň günbataryndaky ähli patyşalaryň üstünden höküm sürýärdi. Ol töweregindäki goňşy ýurtlarynyň ählisi bilen asudalykda ýaşady.
25Süleýmanyň bütin ömrüne Dandan Beýerşeba çenli aralykdaky tutuş Ýahudadaky we Ysraýyldaky her bir adam üzüm we injir agaçlarynyň aşagynda asudalykda ýaşady.
26Şeýle hem Süleýmanyň söweş arabalaryna goşulýan atlary üçin kyrk müň sany at ýatagy, on iki müň atlysy bardy.
27Şol häkimleriň her biri Süleýman patyşany we onuň saçagyndan iýmitlenýänleriň baryny, öz bellenen aýlarynda azyk bilen üpjün edýärdi. Olaryň hiç bir zady kemlik etmezdi.
28Olaryň hersi özüne tabşyrylyşyna görä, ýönekeý we saýlama atlar üçin olaryň saklanýan ýerine arpa we saman getirerdi.
29Hudaý Süleýmana deňiz kenaryndaky çäge deý uçursyz akyl-paýhas, duýgurlyk hem-de düşünjelilik berdi.
30Süleýman pähim-paýhasynda bütin gündogarlylardan, bütin müsürlilerden öňe geçdi.
31Çünki onuň pähim-paýhasy, islendik adamyňkydan, ezraly Eýtanyňkydan, Maholyň ogullary Heýmandyr Kalkolyňkydan we Dardanyňkydan-da ýitidi. Töweregindäki ähli milletleriň arasynda onuň ady meşhurdy.
32Süleýman üç müň tymsal aýtdy; onuň nagmalary bolsa müňden agdykdy.
33Ol Liwandaky kedr agajyndan diwaryň ýüzünde gögerýän ýowşan ösümligine çenli bolan agaçlardan söz açardy, haýwanlar, guşlar, süýrenijiler we balyklar barada sözlärdi.
34Süleýmanyň pähim-paýhasy hakynda eşiden ýer ýüzündäki ähli patyşalar, Süleýmany diňlemäge adam ýolladylar.