Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
23 verses
1Şawul patyşa bolanda otuz ýaşlaryndady. Ol Ysraýyla kyrk iki ýyl patyşalyk etdi.
2Şawul ysraýyllardan üç müň adamy saýlap aldy. Olaryň iki müňüsini ol Mikmaşda we Beýtel daglygynda öz ýanynda saklady; müňüsini bolsa ogly Ýonatan bilen benýamin topragyndaky Gibga galasynda ýerleşdirdi. Galanlaryny bolsa yzlaryna, öýli-öýüne ugratdy.
3Ýonatan piliştlileriň Gebadaky goşunyny derbi-dagyn etdi. Bu habar piliştlilere baryp ýetdi. Şawul: «Goý, ýewreýler eşitsinler!» diýip, mundan habardar etmek üçin, ýurduň ähli ýerinde surnaý çaldyrdy.
4Şawulyň piliştli goşuny derbi-dagyn edendigini ysraýyllar eşidenlerinde, piliştlileriň özleri bilen öjügendiklerini duýup, olar Gilgala Şawulyň ýanyna ýygnandylar.
5Üç müň söweş arabaly, alty müň atly we sansyz-sajaksyz goşun bolup, Ysraýyl bilen uruşmak üçin, piliştliler başlaryny jemlediler. Beýtaweniň gündogaryndaky Mikmaşa baryp, olar ol ýerde özlerine harby düşelge gurdular.
6Ysraýyllar çykgynsyz ýagdaýa düşendiklerini görenlerinde (çünki olaryň goşunlary gowy gysaja salnypdy), olaryň käsi gowaklarda, çukurlarda, gaýalarda, mazarlarda we gurruk guýylarda gizlendiler, bukuldylar.
7Birnäçe ýewreý bolsa Iordan derýasyndan geçip, Gat hem-de Gilgat topragyna aralaşdy. Şawul heniz Gilgaldady we onuň ýanyndaky goşun gorkudan ýaňa sandyraşýardy.
8Şamuweliň bellän möhletine görä, Şawul ýedi gün garaşdy, emma Şamuwel Gilgala gelmedi. Şawulyň ýanyndaky halk ondan çetleşip başlady.
9Şonda Şawul halka: «Ýakma we salamatlyk gurbanlygy üçin mal getiriň» diýdi. Şeýdip, ol ýakma gurbanlygyny berdi.
10Şawul ýakma gurbanlyk bermekligi ýaňy gutardym edende, Şamuwel geldi. Garşylamak hem salamlaşmak üçin, Şawul onuň öňünden çykdy.
11Şamuwel oňa: «Näme iş bitirdiň?» diýdi. Şawul oňa şeýle jogap berdi: «Töweregimdäki halk menden çetleşip başlady, sen hem aýdan möhletiňde gelmediň, piliştliler bolsa Mikmaşa ýygnandylar.
12Onsoň men: „Indi piliştliler Gilgala, meniň üstüme dökülerler. Men bolsa Rebden medet hem dilemedim“ diýip oýlandym we ýakma gurbanlyk bermäge mejbur boldum».
13Şamuwel Şawula şeýle diýdi: «Akmaklyk etdiň, öz Hudaýyň Rebbiň emrini tutmadyň. Reb seniň Ysraýylyň üstünden edýän şalygyňy ömürlik ebedileşdirjekdi.
14Ýöne, ine, indi seniň şalygyň dowam etmez. Reb Öz göwnünden turýan birini tapyp, ony Öz halkyna hökümdar belledi. Çünki sen Rebbiň emrini tutmadyň».
15Soňra Şamuwel Gilgaldan benýamin topragyndaky Gibga galasyna gitdi. Şawul öz ýanyndaky adamlary sanady; jemi alty ýüz töweregi adam çykdy.
16Şawul, onuň ogly Ýonatan we olaryň ýanyndakylaryň ählisi benýamin topragyndaky Gebada galdy. Piliştliler bolsa Mikmaşda düşelge gurupdylar.
17Piliştli hüjümçiler üç topara bölünip, öz düşelgelerinden çykdylar.
18Olaryň birinji topary Şugalyň Opra ýoluna tarap, beýlekisi Beýthorona, üçünji topar bolsa çölüň üsti bilen Sebogym jülgesinden serhede tarap öwrüldi.
19Ysraýyl ýurdunyň hiç bir ýerinde ýekeje-de demirçi ussa ýokdy. Sebäbi piliştliler gylyçdyr naýza ýasamaga ýewreýlere ýol bermeýärdiler.
20Şoňa görä, ähli ysraýyllar azaldyr kätmenlerini, paltadyr oraklaryny eltip, piliştlilere çarhladardylar.
21Azal we kätmen çarhlatmagyň nyrhy bir ýarym mysgal kümşe, paltadyr orak çarhlatmagyň nyrhy bolsa bir mysgal kümşe barabardy.
22Şol sebäpli uruş wagtynda Şawul bilen Ýonatanyň adamlarynyň elinde ne gylyç, ne-de naýza bardy. Bu ýaraglar diňe Şawul bilen onuň ogly Ýonatanda bardy.
23Şol arada piliştli goşunyň öňdäki bölümi Mikmaş geçelgesine gitdi.