Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
30 verses
1Şawul bilen Dawut gepleşip boldular. Şondan soň Dawudy Şawulyň ogly Ýonatanyň sulhy aldy. Ýonatan ony janyndan hem eziz gördi.
2Şawul şol günden beýläk Dawudy öz ýanyna aldy we oňa öýüne gaýtmaga rugsat bermedi.
3Ýonatan Dawudy janyndan eziz görensoň, onuň bilen äht edişdi.
4Ol öz egnindäki donuny, ýaraglaryny, hatda gylyjy, ýaýydyr guşagyny-da Dawuda berdi.
5Dawut Şawul özüni nirä iberse gitdi, baran ýerinde-de işi şowuna boldy. Netijede, Şawul ony öz goşunbaşysy edip goýdy. Mundan ähli halk-da, Şawulyň hyzmatkärleri-de hoşal boldular.
6Dawut Jalut piliştlini öldürenden soň, adamlar öýlerine gaýdyp gelýärkäler, ähli Ysraýyl galalaryndan gelen aýallar Şawul patyşany garşylamaga çykdylar. Olar deprekdir beýleki saz gurallaryny çalyp, şadyýan aýdymlar aýdýardylar, tans edýärdiler.
7Aýallar şatlykdan ýaňa: «Şawul müňüsini, Dawut on müňüsini öldürdi» diýşip, aýdym aýdýardylar.
8Aýallaryň bu aýdýan sözi Şawula ýakmady, onuň juda gahary geldi. Ol: «Olar Dawuda on müňüsini, maňa bolsa müňüsini berýärler. Oňa indi diňe patyşa bolaýmak galdy» diýdi.
9Şol günden beýläk Şawul Dawudy yzarlap başlady.
10Ertesi Hudaý tarapyndan iberilen jyn-arwah çaltlyk bilen Şawulyň kalbyna girdi. Ol öz öýünde arlamaga başlady. Dawut hemişekisi ýaly barbat çalyp otyrdy. Şawulyň elinde naýza bardy.
11«Dawudy diwara çüýläýin» diýen niýet bilen Şawul naýzany oňa tarap zyňdy. Emma Dawut iki gezek zyňylan naýzanyň öňünden sowlup ýetişdi.
12Şawul Dawutdan gorkýardy, sebäbi Reb onuň bilendi, Şawuly bolsa Reb terk edipdi.
13Şoňa görä Şawul Dawudy öz ýanyndan aýryp, müňbaşy edip goýdy. Dawut söweşde öz goşunyna baştutanlyk edýärdi.
14Dawudyň hemişe işi rowaçdy, çünki Reb onuň bilendi.
15Onuň ähli işleriniň rowaç bolýandygyny görende, Şawul ondan gorkardy.
16Özlerine edenli baştutan bolup ýörensoň, tutuş Ysraýyl hem, Ýahuda hem Dawudy gowy görýärdi.
17Şawul Dawuda: «Ine, meniň uly gyzym Merap. Men ony saňa berjek. Diňe meniň batyrym bolup, Rebbiň üçin mertlerçe söweşseň bolýar» diýdi. Çünki Şawul: «Goý, ol meniň elimden däl-de, piliştlileriň elinden ölsün» diýip pikir edýärdi.
18Dawut Şawula: «Patyşanyň giýewsi bolar ýaly, men kim, meniň maşgalam we Ysraýyldaky ata-babamyň nesli kim?» diýdi.
19Emma Şawulyň gyzy Merabyň Dawuda berilmeli pursady gelende, gyz oňa däl-de, meholatly Adryýele durmuşa çykaryldy.
20Şondan soň Dawuda Şawulyň Mikal atly gyzy aşyk boldy. Bu barada Şawula aýdanlarynda, ol hoşal boldy.
21Şawul «Men ony Dawuda bererin, şeýdibem, oňa duzak guraryn. Piliştliler ondan öç alar» diýip oýlandy. Şonuň üçin ikinji gezek Şawul Dawuda: «Meniň giýewim bolmaklyga indi sen ikinji gezek mümkinçilik aldyň» diýdi.
22«Patyşa senden hoşal, ähli hyzmatkärleri hem seni gowy görýär. Patyşa giýew bolmak pursadyň geldi» diýen habary assyrynlyk bilen Dawuda ýetirmekligi Şawul öz hyzmatkärlerine buýurdy.
23Şeýlelikde, Şawulyň hyzmatkärleri patyşanyň sözlerini Dawuda ýetirdiler. Dawut olara: «Meniň ýaly ýoksul hem arzysyz adam üçin patyşa giýew bolmaklyk ýeňil işdir öýdýäňizmi?» diýdi.
24Dawudyň sözlerini hyzmatkärler Şawula ýetirdiler.
25Soňra Şawul olara: «Onda siz Dawuda: „Ýüz sany piliştlini sünnetläp, pürçüklerini getirip, duşmanlaryndan aryny alyp berseň, patyşa senden hiç hili galyň islänok“ diýip aýdyň» diýdi. (Şeýdip, Şawul piliştlileriň eli bilen Dawutdan dynmagy ýüregine düwüpdi.)
26Şawulyň adamlary onuň sözlerini Dawuda ýetirenlerinde, ol patyşa giýew boljakdygyna begendi. Heniz bellenen gün gelip ýetmänkä,
27Dawut öz adamlary bilen gidip, iki ýüz sany piliştlini öldürdi. Patyşa giýew bolmak üçin, ol olaryň pürçüklerini başbütin getirip, oňa berdi. Şondan soň gyzy Mikaly Şawul Dawuda durmuşa çykardy.
28Emma Rebbiň Dawut bilen biledigine we öz gyzy Mikalyň-da oňa aşyk bolandygyna Şawul aýdyň göz ýetirdi.
29Şoňa görä onuň Dawutdan gorkusy has artdy we ol Dawuda ömürbaky duşman boldy.
30Piliştli goşunbaşylar söweşe çykýardylar. Her söweşde-de Şawulyň beýleki go��unbaşylaryna garanda, Dawut has uly ýeňişler gazanýardy. Şunlukda, Dawudyň abraýy has artdy.