Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
14 verses
1Patyşalygy pugtalanyp, özi kuwwatlanandan soň, Rehabgam tutuş ysraýyl halky bilen birlikde Rebbiň kanunyny terk etdi.
4Şişak Ýahudanyň berkidilen galalaryny basyp alyp, Iýerusalime çenli geldi.
5Şemaýa pygamber Şişak zerarly Iýerusalime ýygnanan Rehabgamyň we Ýahuda baştutanlarynyň ýanyna gelip, olara şeýle diýdi: «Reb şeýle diýýär: „Siz Meni terk etdiňiz, Men hem sizi terk edip, Şişagyň eline berdim“».
6Onsoň Ysraýylyň baştutanlary we patyşa özlerini kiçeldip: «Reb adyldyr!» diýdiler.
7Reb olaryň özlerini kiçeldenini görende, Şemaýa Rebbiň şu sözi geldi: «Olaryň özlerini kiçeldendigi üçin Men olary ýok etmerin. Emma Men olara biraz gutulyş bererin. Meniň gazabym Şişagyň eli bilen Iýerusalimiň üstüne dökülmez.
8Muňa garamazdan, olar Şişagyň gullary bolarlar. Şonda olar Maňa hyzmat etmek bilen beýleki ýurtlaryň patyşalaryna hyzmat etmegiň parhyny bilerler».
9Şeýdip, Müsür patyşasy Şişak Iýerusalime hüjüm etdi. Ol Rebbiň öýündäki hazynalaryň, patyşanyň köşgündäki hazynalaryň baryny talady. Ol Süleýmanyň altyndan ýasadan ähli galkanlaryny hem alyp gitdi.
10Rehabgam patyşa bolsa olaryň deregine bürünçden galkanlar ýasadyp, olary patyşanyň köşgüniň gapysyny saklaýan garawullaryň baştutanlarynyň eline berdi.
11Patyşa her sapar Rebbiň öýüne gidende, garawullar olary getirip, soňra ýene yzyna garawulhana äkidýärdiler.
12Rehabgamyň özüni kiçeldendigi sebäpli, Rebbiň gazaby ondan sowlup, ony bütinleý ýok etmedi. Ýahudada-da ýagdaýlar gowudy.
13Şeýdip, Rehabgam patyşa kuwwatlanyp, Iýerusalimde şalyk sürdi. Rehabgam patyşa bolanda kyrk bir ýaşyndady. Ol Rebbiň Özüne ybadat etmegi üçin Ysraýylyň ähli tireleriniň arasyndan saýlan şäheri bolan Iýerusalimde on ýedi ýyl şalyk sürdi. Onuň ejesiniň ady ammonly Nagamady.
14Rehabgam pis işleri etdi. Ol Rebbi agtarmagy ýüregine düwmedi.
15Rehabgamyň başdan-aýak eden işleri Şemaýa pygamberiň we Ydo görgüriň taryh kitaplarynda nesil daragtyna görä ýazylandyr. Rehabgam bilen Ýarobgamyň arasynda hemişe uruş boldy.
16Rehabgam ata-babalaryna gowuşdy. Ol ata-babalarynyň ýanynda Dawut galasynda jaýlandy. Rehabgamyň ýerine ogly Abyýa patyşa boldy.