Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
15 verses
1Abyýa ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda jaýlandy. Ogly Asa onuň ýerine patyşa boldy. Onuň döwründe ýurt on ýyl asudalykda ýaşady.
2Asa öz Hudaýy Rebbiň nazarynda oňat we dogry işleri etdi.
3Asa keseki gurbanlyk sypalaryny we sežde edilýän ýerleri aýryp, dikme daşlaryny ýykdy, Aşera butlaryny kesdi.
4Ol ýahuda halkyna atalarynyň Hudaýy Rebbi agtaryp, Onuň kanunyny we tabşyryklaryny berjaý etmegi buýurdy.
5Şeýle hem, Asa Ýahudanyň ähli galalaryndaky sežde edilýän ýerleri we ýakymly ysly tütetgi berilýän sypalaryny aýyrdy. Onuň şalyk süren döwründe ýurt asudalykda ýaşady.
6Ol Ýahuda asudalykdaka galalary gurdy. Şol ýyllarda ol hiç kim bilen uruş etmedi. Reb oňa parahatçylyk beripdi.
7Asa ýahuda halkyna: «Geliň, bu galalary gurup, olaryň daşyna diwarlar, diňler, derwezeler we kiltler edeliň. Ýurt entek hem biziňkidir, çünki biz Hudaýymyz Rebbi agtardyk. Biz Ony agtardyk, Ol bize her tarapdan asudalyk berdi». Şeýdip, olaryň gurluşyk işleri rowaçlandy.
8Asanyň Ýahudadan uly galkanlardyr naýzalar bilen ýaraglanan üç ýüz müň adamdan, Benýaminden galkan göterip, ýaý atýan iki ýüz segsen müň adamdan ybarat goşuny bardy. Olaryň bary batyr ýigitlerdi.
9Efiopiýaly Zera müňlerçe esgeri we üç ýüz söweş arabasy bilen Asa garşy çykyp, Mareşa çenli geldi.
10Asa Zeranyň öňünden çykdy. Olar Mareşadaky Zefata deresinde söweş üçin nyzama düzüldiler.
11Asa Hudaýy Rebbi çagyryp, şeýle diýdi: «Ýa Reb, güýçlä ýa-da güýçsüze ýardam bermelidiginiň Seniň üçin parhy ýok. Ýa Beýik Hudaýymyz, bize ýardam et, çünki biz Saňa bil baglaýarys. Seniň adyň bilen biz bu ummasyz goşunyň garşysyna çykdyk».
12Şeýdip, Reb efiopiýalylary Asanyň we ýahuda halkynyň öňünde ýeňlişe sezewar etdi. Olar gaçdylar.
13Asa bilen onuň goşuny efiopiýalylary Gerare çenli kowdular. Efiopiýalylaryň bary gyrlyp, ýekejesi hem diri galmady. Olar Rebbiň we Onuň goşunynyň öňünde ýeňlişe sezewar boldular. Ýahuda halky gaty köp olja alyp gaýtdy.
14Ýahudalar Geraryň töweregindäki ähli galalara zarba urdular, çünki ýerli halka Rebbiň gorkusy aralaşypdy. Ýahudalar ähli galalara talaň saldylar, sebäbi şol galalarda olja köpdi.
15Ýahudalar çarwalaryň çadyrlaryna hem hüjüm edip, ummasyz goýundyr geçiler we düýeler alyp, Iýerusalime gaýdyp geldiler.