Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
19 verses
1Asanyň ogly Ýehoşapat onuň ýerine patyşa boldy. Ol Ysraýyla garşy güýç toplady.
2Ol Ýahudanyň esasy galalarynyň ählisinde goşun goýdy. Kakasy Asanyň basyp alan galalary bolan Efraýym galalarynda goşun ýerleşdirdi.
3Reb Ýehoşapat bilendi, sebäbi ol kakasynyň owalky ýollaryndan ýöredi.
4Ýehoşapat Bagaly agtarman kakasynyň Hudaýyny agtaryp, Onuň tabşyryklaryna gulak goýdy, Ysraýylyň ýoluna eýermedi.
5Şonuň üçin hem Reb onuň patyşalygyny berkitdi. Ähli ýahuda halky Ýehoşapata salgyt töledi. Ol gaty baý hem at-abraýlydy.
6Ýehoşapat Rebbiň ýolundan ýöremeklige ýüregi bilen berlendi. Ol Ýahudadaky sežde edilýän ýerleri we Aşera butlaryny ýok etdi.
7Patyşalygynyň üçünji ýylynda Ýehoşapat Ýahudanyň şäherlerinde halka tälim bersinler diýip emeldarlaryndan Benhaýyly, Zakarýany, Nataniýeli we Mikaýany iberdi.
8Lewilerden Şemaýa, Netanyýa, Zebadýa, Asahel, Şemiramot, Ýonatan, Adonyýa, Tobyýa, Tobadonyýa hem-de ruhanylar Elişama, Ýoram olar bilen gitdiler.
9Olar Ýahudada tälim berdiler. Ýanlaryna Rebbiň kanun kitabyny alyp, Ýahudanyň ähli şäherlerine aýlanyp, halka tälim berdiler.
10Ýahudanyň töweregindäki ähli ýurtlaryň patyşalyklaryna Rebbiň gorkusy aralaşdy. Olar Ýehoşapata garşy uruş etmediler.
11Piliştlileriň käbirleri Ýehoşapata sowgatlar, salgyt üçin kümüş getirdiler; araplar hem ýedi müň ýedi ýüz goç we ýedi müň ýedi ýüz erkeç getirdiler.
12Ýehoşapat gitdigisaýy güýçlenýärdi. Ol Ýahudada galalar we ammar şäherlerini gurdy.
13Ol Ýahuda şäherlerinde beýik işleri etdi. Onuň Iýerusalimde söweşijileri we batyr ýigitleri bardy.
14Uruglaryna görä olaryň sany şulardy: Ýahudanyň müňbaşylary: serkerde Adna üç ýüz müň batyr ýigit bilen,
15ondan soň serkerde Ýehohanan iki ýüz segsen müň esger bilen,
16ondan soň Zikriniň ogly Amasýa, Rebbiň meýletin hyzmatkäri iki ýüz müň batyr ýigit bilen.
17Benýaminlerden: batyr ýigit Elýada iki ýüz müň ýaýdyr galkan bilen ýaraglanan esger bilen,
18ondan soň Ýehozabat urşa taýýar ýüz segsen müň esger bilen.
19Bular patyşanyň bütin Ýahudadaky berkidilen galalarynda ýerleşdiren esgerlerinden daşary patyşa hyzmat edýän esgerlerdi.