Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
13 verses
1Süleýman uzynlygyny we inini ýigrimi tirsek, beýikligini on tirsek edip, bürünçden gurbanlyk sypasyny ýasatdy.
2Soňra ol bir gyrasyndan beýleki gyrasyna çenli on tirsek, beýikligi bäş tirsek edip, bürünçden uly guýma taz ýasady. Oňa: «Deňiz» diýildi. Onuň töweregi otuz tirsekdi.
3Deňziň erňeginiň aşagynda daşyna aýlanan, hersi on tirsek bolan iki hatar ökuz şekilli guýma nagyşlar bardy. Olar Deňiz bilen bile guýlup ýasalandy.
4Deňiz on iki öküziň üstünde durdy. Öküzleriň üçüsi demirgazyga, üçüsi günbatara, üçüsi günorta, üçüsi hem gündogara bakyp durdy. Deňiz olaryň üstünde ýerleşdirilip, öküzleriň arkasy içe tarap bakyp durdy.
5Deňziň galyňlygy dört barmak bolup, erňegi käsäniň erňegi ýaly açylan gülüň şekilindedi. Ol bir müň elli gorküýze tutýardy.
6Şeýle hem ol zatlary ýuwar ýaly on sany bürünç legen ýasady. Olaryň bäşisini günorta tarapda, beýleki bäşisini demirgazyk tarapda goýdy. Bu legenlerde ýakma gurbanlyk üçin ulanylan zatlar ýuwuldy. Deňiz ruhanylaryň ýuwunmagy üçindi.
7Ol berlen nusga görä, sap altyndan on sany şemdany ýasap, olaryň bäşisini ybadathananyň günorta tarapynda, beýleki bäşisini-de demirgazyk tarapynda goýdy.
8Ol on sany hantagta ýasap, olary ybadathanada – bäşisini günorta tarapda, beýleki bäşisini-de demirgazyk tarapda goýdy. Ol ýüz sany altyn legen ýasady.
9Ol ruhanylaryň howlusyny, uly howlyny we howlynyň gapylaryny ýasap, olary bürünje gaplady.
10Deňzi öýüň sag tarapynda – günorta-gündogar burçunda ýerleşdirdi. 11–15 Huramabi şeýle hem, gazanlar, kül atarlar we legenler ýasady. Şeýdip, ol Hudaýyň öýünde Süleýman patyşa üçin etmeli işlerini, ýagny iki sütüni, sütünleriň depesindäki iki jam şekilli täji, sütünleriň depesindäki iki jam şekilli täji bezäp duran iki sany örme zynjyry, sütünleriň depesindäki jam şekilli täjiň örtýän örme zynjyryna dakmak üçin iki hatarda dört ýüz sany nary, arabalary, arabalaryň üstündäki legenleri, bir sany tazy hem-de tazyň astyndaky on iki öküzi ýasap boldy.
16Gazanlar, kül atarlar, çarşaklar we Huramabiniň Rebbiň öýi üçin Süleýman patyşa ýasap beren enjamlary ýalpyldawuk bürünçdendi.
17Patyşa bulary Iordan düzlüginde, Sukot bilen Seredanyň arasyndaky toýun toprakly ýerde guýdurdy.
18Süleýman ummasyz köp gap-gaçlary ýasatdy, şoňa görä sarp edilen bürünjiň agramy anyklanmady. 19–22 Şeýdip, Süleýman Hudaýyň öýündäki ähli enjamlary: altyndan edilen gurbanlyk sypasyny, Rebbe hödür çöregi goýulýan hantagtalary, düzgün boýunça iň mukaddes otagyň öňünde ýakmak üçin sap altyn çyradanlary çyralary bilen, sap altyn gülleri, çyralary, ätişgirleri, sap altyn müçenekleri, pelte gaýçysyny, legenleri, jamlary, maňňallary ýasatdy. Öýüň girelgesi–iň mukaddes otagyň hem-de öýüň mukaddes otagynyň gapylary altyndy.