Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
21 verses
1Magtanmagym, dogrudan-da, peýdaly zat däl, çünki Rebden gelen görnüşlere, ylhamlara gelýärin.
2Men Mesihde bir adamy tanaýaryn. Ol on dört ýyl mundan ozal (bilmeýärin tendemi, bilmeýärin tenden daşardamy, Hudaý bilýär) üçünji Göge äkidildi.
3Bu adam barada şuny bilýärin (bilmeýärin tendemi, bilmeýärin tenden daşardamy, Hudaý bilýär),
4ol behişde äkidildi. Ol ýerde adamzada sözlemäge rugsat edilmedik, aýdyp bolmajak sözleri eşitdi.
5Men şeýle adam hakda magtanýaryn, ýöne ejizligim bolaýmasa, özüm hakda magtanara zadym ýok.
6Çünki magtanjak bolsam, akylsyz bolmaryn, sebäbi men hakykaty aýdaryn. Ýöne biri meni göreninden ýa eşideninden ýokary biläýmesin diýip, magtanmakdan saklanýaryn.
7Ylhamlaryň bollugyndan ýaňa özümi ýokary tutmaz ýaly, tenimde tiken, ýagny özümi ýokary tutmaz ýaly, meni ýumruklamagy üçin, maňa bir şeýtan perişdesi berildi.
8Ony menden aýyrsyn diýip, Rebbe üç gezek ýalbardym.
9Ol maňa: «Saňa meniň merhemetim ýeterlikdir, çünki Meniň gudratym ejizlikde kämilleşýändir» diýdi. Şunuň üçin Mesihiň gudraty üstüme kölege salar ýaly, höwes bilen öz ejizliklerim hakda has hem magtanýaryn.
10Şu sebäpden men Mesih ugrundaky ejizliklere, sögünçlere, mätäçliklere, azarlara, kynçylyklara razy, sebäbi men ejizkäm güýçlüdirin.
11Men bir akylsyz boldum, muňa siz meni mejbur etdiňiz. Aslynda, siz meni öwmelidiňiz, sebäbi hiç hem bolsam, hiç bir zatda bu ýokary derejeli resullardan yzda däldirin.
12Resullyk alamatlarym siziň araňyzda uly sabyr bilen alamatlarda, mugjyzalarda, gudratlarda görkezildi.
13Çünki meniň size ýük bolmaýşymdan başga siziň beýleki ýygnaklardan näme pesligiňiz bar? Meniň bu adalatsyzlygymy bagyşlaň.
14Ine, bu siziň ýanyňyza gitmäge üçünji gezek taýýarlanyşym, ýöne size ýük bolmaryn, sebäbi men siziň zatlaryňyzy däl-de, özüňizi küýseýärin. Çünki oglanlar ene-ata däl-de, ene-ata çagalar üçin mal-mülk ýygnamalydyr.
15Men siziň janyňyz ugrunda barymy höwes bilen harçlap, bütinleý harçlanaryn. Sizi köpräk söýsem, siz meni azrak söýermisiňiz?
16Goý, şeýle bolsun, emma men size ýük bolmandyryn, ýöne mekir bolanym üçin sizi hile bilen tutanmyşym!
17Ýanyňyza iberen adamlarymyň biri arkaly sizi ezdimmi?
18Men Titusdan haýyş etdim, dogany onuň bilen ýolladym. Titus sizi ezdimi? Biz şol bir ruhda gezmedikmi? Şol bir yzy yzarlamadykmy?
19Siz ýene biz özümizi siziň öňüňizde aklaýandyrys öýdýärsiňizmi? Biz Hudaýyň huzurynda Mesihe baglylykda gepleýäris, ýöne, eý söýgüli doganlar, munuň bary siziň abatlanmagyňyz üçindir.
20Çünki ýanyňyza gelip-de, sizi isleýşim ýaly, siz hem meni isleýşiňiz ýaly görmezmikäňiz diýip gorkýaryn. Dawa, içigaralyk, gahar, jenjel, töhmet, gybat, gabarma we tertipsizlik bardyr öýdüp gorkýaryn.
21Ýanyňyza baranymda, Hudaýym meni ýanyňyzda pese düşürip, ozaldan günä batyp, eden murdarlyklaryndan, zyna we ahlaksyzlyklaryndan toba etmedik köp adamlar üçin ýas tutmaly bolarmykam diýip gorkýaryn.