Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
21 verses
1Ysraýyl patyşasy Ýehuwyň şalygynyň ýedinji ýylynda Ýehowaş patyşalyk edip başlady. Ol kyrk ýyllap Iýerusalimde patyşalyk etdi. Onuň ejesi Beýerşebadan bolup, ady Sibýady.
2Ýehowaş ömürboýy Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi, çünki Ýehoýada ruhany oňa şeýle tälim beripdi.
3Muňa garamazdan, sežde edilýän ýerler ýykylmandy. Halk entek-enteklerem şol sežde edilýän ýerlerde gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýardy.
4Ýehowaş ruhanylara şeýle diýdi: «Siz mukaddes sadaka hökmünde Rebbiň öýüne bagyş edilen kümşüň, ilat sanawunda toplanan kümşüniň, her kimiň öz başyna düşen kesgitli möçberdäki beren kümşüniň we her adamyň Rebbiň öýüne meýletinlik bilen beren kümşüniň baryny ýygnaň.
5Goý, her bir ruhany şu hazynadarlaryň birinden kümüş alsyn-da, ony Rebbiň öýüniň nirede bejerdilmeli ýeri bolsa, şony bejertmek üçin ulansyn».
6Emma Ýehowaşyň patyşalygynyň ýigrimi üçünji ýylynda-da ruhanylar Rebbiň öýüniň bejerilmeli ýerlerini bejermändiler.
7Şonuň üçin hem Ýehowaş patyşa Ýehoýada ruhany bilen birlikde beýleki ruhanylary hem çagyryp, olara: «Siz näme üçin Rebbiň öýüni bejermeýärsiňiz? Mundan beýläk siz kümüş ýygnamaň. Ýygnalan kümşi Rebbiň öýüni bejermäge beriň» diýdi.
8Şeýdip, ruhanylar halkdan kümüş almazlyga we Rebbiň öýüni-de özleri bejermezlige razylaşdylar.
9Onsoň Ýehoýada ruhany bir sandygy alyp, onuň gapagyndan bir deşik açdy-da, ony gurbanlyk sypasynyň ýanynda, Rebbiň öýüne girilýän ýeriň sag tarapynda goýdy. Gapyny garawullaýan ruhanylar Rebbiň öýüne getirilýän bar kümüşleri şol sandygyň içine salardylar.
10Sandykda köp kümşüň toplanandygyny görenlerinde, patyşanyň kätibi bilen baş ruhany gelip, Rebbiň öýündäki bar kümşi sanap, torbalara salyp çekerdiler.
11Onsoň olar çekilen kümşi Rebbiň öýünde işleýän işçilere gözegçilik edýän baştutanlara bererdiler. Olar hem şol kümüşden neçjarlara, Rebbiň öýünde işlän ussalara, daş örüjilere, daş ýonujylara iş hakyny tölärdiler.
12Şonuň ýaly hem olar kümşi Rebbiň öýüni bejertmek üçin agajy, ýonulan daşlary satyn almaga we bejeriş üçin zerur bolan başga zatlara harçlardylar.
13Emma Rebbiň öýüne getirilen kümüşden Rebbiň öýi üçin hiç hili kümüş legenler, müçenekler, şakäseler, surnaýlar ýa-da altyndan, kümüşden başga hiç hili gap-çanaklar ýasalmandy.
14Çünki ol kümüş Rebbiň öýüni bejerýän işçilere berilýärdi.
15Işçilere iş hakyny tölemek üçin ellerine kümüş berlen adamlardan kümşüň hetdi-hasaby soralmaýardy, çünki ol adamlar sadyklyk bilen işleýärdiler.
16Emma ýazyk sadakasy bilen günä sadakasyna berlen kümüş Rebbiň öýüne getirilmedi, çünki ol ruhanylaryňkydy.
17Şol döwürde Aram patyşasy Hazaýyl Gatyň üstüne çozup, ony basyp aldy. Soňra ol Iýerusalime hüjüm etmegi ýüregine düwdi.
18Ýahuda patyşasy Ýehowaş atalary bolan Ýahuda patyşalary Ýehoşapatyň, Ýoramyň, Ahazýanyň Rebbe bagyş eden bar zatlaryny, özüniň Rebbe bagyş eden bar zatlaryny, Rebbiň öýüniň we patyşanyň öýüniň hazynalaryndaky altynyň baryny alyp, Aram patyşasy Hazaýyla iberdi. Şondan soň Hazaýyl Iýerusalimden el çekdi.
19Ýowaşyň beýleki işleri we ähli eden işleri ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.
20Ýowaşyň emeldarlary oňa garşy dildüwşük gurdular we ony Silla gidýän ýolda, Millonyň öýünde öldürdiler.
21Bu işi eden Ýowaşyň emeldarlary Şimgatyň ogly Ýozakar bilen Şomeriň ogly Ýozabatdy. Ýowaş dünýäden ötdi we Dawut galasynda, atalarynyň ýanynda jaýlandy. Onsoň onuň ýerine ogly Amazýa patyşa boldy.