Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
37 verses
1Hizkiýa patyşa Rabşakanyň sözlerini eşiden-de, ýakasyny ýyrtyp, jul geýnip, Rebbiň öýüne gitdi.
2Patyşa köşgi dolandyryjy Elýakymy, Şebna mürzäni we eginleri jully ruhanylaryň aksakgallaryny Amozyň ogly Işaýa pygamberiň ýanyna iberdi.
3Olar Işaýa pygambere şeýle diýdiler: «Hizkiýa patyşa şeýle diýýär: „Şu gün biz jebir-sütem, jeza we ryswalyk astyndadyrys; biz çaga dogurmaga taýýar, emma dogurmaga güýji bolmadyk aýal kimindiris.
4Belki, jenaby Aşur patyşasynyň diri Hudaýy masgaralamaga iberen weziriniň bar sözlerini Hudaýyň Reb eşidendir we Hudaýyň Reb şol sözleri üçin olary jezalandyrar. Indi aman galan adamlar üçin dileg et“».
5Hizkiýanyň hyzmatkärleri Işaýa pygamberiň ýanyna gelenlerinde, Işaýa pygamber olara şeýle diýdi:
6«Jenabyňyza Reb şeýle diýýär diýiň: „Aşur patyşasynyň hyzmatkärleriniň Meni kemsidip aýdan sözlerini eşideniň üçin olardan gorkma.
7Men onuň içine bir ruh ibererin, welin, ol bir habar eşidip, öz ýurduna dolanar. Men ony öz ýurdunda gylyç bilen öldürderin“».
8Baş wezir Aşur patyşasynyň Lakyşdan gaýdandygyny eşidip, yzyna dolandy. Ol patyşanyň Libna galasyna garşy urşup ýörendigini gördi.
9Patyşa Kuş patyşasy Tirhakanyň özi bilen uruşmaga çykandygyny eşidende, ol Hizkiýanyň ýanyna ýene-de çaparlar ýollady.
10Çaparlar şeýle diýdi: «Ýahuda patyşasy Hizkiýa şuny aýdyň: „Seniň meniň elime berilmejekdigiňi aýdýan hudaýyňa bil baglaýarsyň. Aldanma!
11Aşur patyşasynyň ähli ýurtlary bütinleý ýok edip, halklaryň başyna nä günleri getirendigini eşidensiň. Indi siz gutulyp galmakçy bolýarsyňyzmy?
12Ata-babalarymyň derbi-dagyn eden milletlerini – Gozany, Harany, Resepi we Telasarda bolan Eden halky öz hudaýlary ata-babalaryňyň elinden halas etdimi?
13Hamat, Arpat we Separwaýym galalarynyň hanlary, Henanyň we Iwanyň hanlary nirede?“»
14Hizkiýa haty çaparlaryň elinden alyp okady. Onsoň ol Rebbiň öýüne baryp, haty Rebbiň öňünde açyp goýdy.
15Hizkiýa Rebbiň huzurynda dileg edip, şeýle diýdi: «Eý, keruplaryň üstünde oturan Ysraýyl Hudaýy Reb! Bütin dünýäniň patyşalyklarynyň Hudaýy Sensiň, Sen ýeke-täksiň. Ýeri-gögi ýaradan-da Sensiň.
16Ýa Reb, gulak as-da, eşit, ýa Reb, gözleriňi aç-da gör. Sanheribiň diri Hudaýy masgaralap, iberen sözlerini eşit.
17Ýa Reb, hakykatdanam, Aşur patyşalary ähli milletleri we olaryň ýurtlaryny weýran etdiler.
18Şol milletleriň hudaýlaryny oda atyp ýakdylar, çünki olar hudaýlar däldiler. Olar ynsanlaryň agaçdan we daşdan ýasan butlarydy.
19Indi, eý, Hudaýymyz Reb, dileg edýärin, bizi Aşur patyşasynyň elinden halas et. Ýa Reb, goý, bütin dünýäniň ähli patyşalyklary Seniň ýeke-täk Hudaýdygyňy bilsinler».
20Onsoň Amozyň ogly Işaýa pygamber Hizkiýanyň ýanyna adam iberip, şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Men seniň Aşur patyşasy Sanherip barada eden dilegiňi eşitdim.
21Rebbiň Aşur patyşasy Sanherip barada aýdan sözleri şulardan ybaratdy: Siýon boý gyzy Seni kemsidýär, Iýerusalim gyzy Seniň üstüňden gülýär, Seni yzyňdan masgaralap, başyny ýaýkaýar.
22Sen kimi masgaralap, kime dil ýetirdiň? Kimiň garşysyna sesiňe bat berip, Kime ulumsylyk bilen gabak galdyrdyň? Ysraýylyň Mukaddesine!
23Çaparlaryň arkaly Taňryny masgaralap, Şeýle diýdiň: ‘Birtopar arabalarym bilen Daglaryň üstüne çykdym, Liwanyň jümmüşine bardym, Onuň iň uzyn kedr agaçlaryny, Gözel serwi agaçlaryny çapdym. Men onuň iň çola ýerine, Gür jeňňeline girdim.
24Keseki ýurtlarda guýy gazyp, ol ýeriň suwuny içdim. Müsüriň bütin derýalaryny, Öz dabanym bilen guratdym’.
25Eşitmediňmi näme sen Ozaldan şu netijä gelenimi? Gadymdan bäri muny ýüregime düwdüm, Indi şu gün ony amala aşyrýaryn, Çünki sen galalary weýran edip, Bir haraba öwrersiň sen olary.
26Bu galalaryň ilaty ejizdi, Aljyrap howsala düşdüler. Olar meýdan ösümlikleriniň, Mylaýym gök otlaryň Tamyň üstündäki otlaryň, Ýetişmänkä gün urup ýok bolşy kimindir.
27Emma seniň oturyş-turşuňy, Giriş-çykyşyňy, Maňa garşy dyzaýşyňy bilýärin.
28Çünki seniň Maňa garşy dyzanlygyň, Gopbamsylygyň gulagyma gelip ýetenligi üçin, Burunlygymy burnuňa, Agyzrygymy-da agzyňa dakyp, Seni gelen ýoluň bilenjik Yzyňa ugradaryn Men“».
29Işaýa Hizkiýa şeýle diýdi: «Seniň üçin alamat şudur: Şu ýyl we geljek ýyl siz özi biten zady iýersiňiz, üçünji ýyl bolsa özüňiz ekip, hasylyny orup alyň we üzüm baglaryny oturdyň-da, şolaryň miwelerini iýiň.
30Ýahuda nesillerinden gutulyp aman galanlar ýene-de aşakda kök urup, ýokarda miwe bererler.
31Çünki aman galanlar Iýerusalimden, gutulanlar topary-da Siýon dagyndan çykyp gelerler. Bu Hökmürowan Rebbiň hyjuwly yhlasy bilen amala aşar».
32Reb Aşur patyşasy barada şeýle diýýär: «Ol bu şähere girmez, ok atmaz, bu şäheriň garşysyna galkanly çykmaz we oňa girmek üçin ýapgyt gurmaz.
33Ol gelen ýoly bilen yzyna gaýdar, ýöne bu şähere girmez.
34Çünki Men bu şäheri Özümiň hem-de gulum Dawudyň hatyrasy üçin gorap, ony halas ederin».
35Edil şol gije Rebbiň perişdesi gidip, aşurlylaryň düşelgesinde ýüz segsen bäş müň adamy öldürdi. Ertesi daňdan olaryň maslyklaryny gördüler.
36Onsoň Aşur patyşasy Sanherip düşelgäni taşlap, öýüne gitdi. Ol Ninewä gelip, şol ýerde galdy.
37Sanherip öz hudaýy Nisrokyň buthanasynda oňa sežde edip durka, ogullary Adrammelek bilen Şareser kakalaryny gylyç bilen öldürdiler-de, Ararat ýurduna gaçyp gitdiler. Onsoň onuň ýerine ogly Esarhadon patyşa boldy.