Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
20 verses
1Ýehoýakymyň patyşalyk eden döwründe Babyl patyşasy Nebukadnesar onuň üstüne hüjüm etdi. Ýehoýakym üç ýyllap Babyl patyşasynyň hyzmatkäri bolsa-da, onuň garşysyna gozgalaň turuzdy.
2Reb Öz gullary pygamberler arkaly aýdan sözüne görä, Ýahudanyň halkynyň baryny gyrdyrmak üçin babyllaryň, aramlylaryň, mowaplylaryň we ammonlaryň goşunlaryny olaryň üstüne iberdi.
3Hakykatdan-da, Rebbiň emri bilen ýahuda halkynyň başyna külpet indi.
4Manaşeniň bar eden günäleri we pis işleri hem-de onuň döken bigünä gany üçin Reb ýahuda halkyny huzuryndan kowmakçy boldy. Manaşeniň Iýerusalimi bigünä gandan doldurandygy zerarly Reb onuň günäsini geçmek islemedi.
5Ýehoýakymyň patyşalygy baradaky beýleki wakalar we onuň ähli eden işleri ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.
6Şeýdip, Ýehoýakym ata-babalaryna gowuşdy. Ogly Ýehoýakin onuň ýerine patyşa boldy.
7Müsür patyşasy öz ýurdundan çykmady, çünki Babyl patyşasy Müsür serhedinden Perat derýasyna çenli oňa degişli bolan ýerleriň baryny basyp alypdy.
8Ýehoýakin patyşa bolanda on sekiz ýaşyndady. Ol Iýerusalimde üç aý patyşalyk etdi. Onuň ejesi Nehuşta Iýerusalimli Elnatanyň gyzydy.
9Ýehoýakin edil kakasy Ýehoýakym ýaly Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi.
10Şol döwürde Babyl patyşasy Nebukadnesaryň goşunlary Iýerusalimiň üstüne hüjüm edip, onuň daşyny gabadylar.
11Leşgerleri şäheriň daşyny gabawda saklap ýörkäler, Nebukadnesar Iýerusalime geldi.
12Ýahuda patyşasy Ýehoýakin ejesi, hyzmatkärleri, serkerdeleri we köşk emeldarlary bilen birlikde Babyl patyşasyna tabyn boldular. Babyl patyşasy Ýehoýakini patyşalygynyň sekizinji ýylynda ýesir aldy.
13Rebbiň aýdyşy ýaly Babyl patyşasy Rebbiň öýündäki we patyşanyň öýündäki hazynalaryň baryny alyp gitdi. Ol Ysraýyl patyşasy Süleýmanyň Rebbiň öýünde ýasan ähli altyn gap-gaçlaryny kül-peýekun etdi.
14Babyl patyşasy bütin Iýerusalim ilatyny, onuň ähli emeldarlaryny, ähli batyr ýigitlerini, on müň sany adamyny, şeýle hem hünärmentlerini we demirçi ussalaryny ýesir edip äkitdi. Ol ýurtda garyp-gasarlardan başga ýekeje adam hem galdyrmady.
15Nebukadnesar patyşa Ýehoýakini we patyşanyň ejesini, onuň aýallaryny we emeldarlaryny, ýurduň baştutanlaryny Iýerusalimden Babyla ýesir edip äkitdi.
16Babyl patyşasy ýedi müň sany söweşijileri, müň sany hünärmentlerdir demirçi ussalary Babyla getirdi. Olaryň bary-da güýçli we urşa ukyply adamlardy.
17Babyl patyşasy Ýehoýakiniň ýerine agasy Matanýany patyşa edip, adyny üýtgedip, ony Sidkiýa diýip atlandyrdy.
18Sidkiýa patyşa bolanda ýigrimi bir ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on bir ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Hamutal libnaly Ýermeýanyň gyzydy.
19Sidkiýa hem Ýehoýakym ýaly Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi.
20Rebbiň Iýerusalime we Ýahuda halklaryna garşy bolan gahary tutaşýardy. Ol şonuň üçin olary Öz huzuryndan kowdy. Sidkiýa Babyl patyşasyna garşy uruş turuzdy.