Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
32 verses
1Şondan soň Dawut: «Ýahuda galalarynyň birine gideýinmi?» diýip, Rebbe ýüz tutdy. Reb: «Hawa, git!» diýip jogap berdi. Dawut: «Haýsyna gideýin?» diýip sorady. Reb: «Hebrona» diýdi.
2Şunlukda, Dawut özi bilen iki aýalyny – ýizregelli Ahynogamy hem-de karmelli Nabalyň dul galan aýaly Abygaýyly alyp, Hebrona gitdi.
3Dawut adamlaryny-da öz maşgalalary bilen bile äkitdi. Şeýdip, olar Hebron galasynyň obalarynda ornaşdylar.
4Ýahudanyň adamlary gelip, Dawudy Ýahudanyň patyşalygyna onuň başyna ýag çalyp bellediler. Olar Şawuly Gilgatdaky ýabeşlileriň jaýlandygyny Dawuda habar berenlerinde,
5Dawut çaparlaryň üsti bilen ýabeşlilere şeýle habar ýollady: «Öz jenabyňyz Şawuly jaýlap, oňa wepalylyk görkezendigiňiz üçin, Reb sizi ýalkasyn!
6Reb size merhemet etsin hem wepalylyk görkezsin! Bu eden işiňiz üçin menem size ýagşylyk ederin.
7Gollaryňyz kuwwatly bolsun, özüňizem mert boluň! Jenabyňyz Şawul öldi, ýahuda halky meni patyşalyga belledi».
8Neriň ogly Abner Şawulyň goşunbaşysydy. Ol Şawulyň ogly Yşboşedi Mahanaýyma getirdi.
9Abner ony Gilgadyň, Aşuryň, Ýizregeliň, Efraýymyň, Benýaminiň hem-de tutuş Ysraýylyň patyşasy etdi.
10Ysraýyla patyşalyk edip başlanda, Şawulyň ogly Yşboşet kyrk ýaşyndady.
11Ol iki ýyl patyşalyk etdi. Emma ýahuda tiresi Dawudyň yzyna eýerdi. Hebronda ýahuda tiresine Dawut ýedi ýyl alty aý bäri patyşalyk edýärdi.
12Neriň ogly Abner Şawulyň ogly Yşboşediň adamlary bilen bile Mahanaýymdan Gibgona gitdi.
13Seruýanyň ogly Ýowap bolsa Dawudyň adamlary bilen çykyp, Gibgon howdanynyň ýanynda olar bilen gabatlaşdy. Bu iki toparyň hersi howdanyň bir tarapynda ýerleşdi.
14Abner Ýowaba: «Goý, ýaş ýigitler öňe çyksynlar-da, başa-baş güýç synanyşsynlar» diýdi. Ýowap hem: «Goý, çyksynlar» diýdi.
15Olar öňe çykdylar. Benýamin tiresinden Şawulyň ogly Yşboşet tarapdan on iki adam, Dawudyň adamlaryndan hem on iki adam öňe saýlandy.
16Olar biri-biriniň kellesinden tutup, garşydaşynyň böwründen gylyçlaryny geçirýärdiler. Şeýdip, olaryň ählisiniň läşi serildi. Şoňa görä-de Gibgondaky ol ýere Helkathassurym diýen at berildi.
17Şeýdip, ol gün juda ýowuz söweş başlandy. Abner bilen ysraýyllar Dawudyň adamlaryndan ýeňildiler.
18Seruýanyň üç ogly Ýowap, Abyşaý, Asahel dagy şol ýerdedi. Asahel edil keýik ýaly ýyndamdy.
19Ol Abneri yzarlady. Ol hiç tarapa sowulman, göni onuň yzyndan barýardy.
20Abner yzyna seredip: «Asahel, bu senmi?» diýdi. Ol: «Hawa, men» diýip jogap berdi.
21Abner oňa: «Sagyňa ýa soluňa sowlup, ýaş esgerleriň birini tut-da, onuň zatlaryny tala» diýdi. Ýöne Asahel onuň yzyndan galmady.
22Abner Asahele ýene: «Meni kowalamaňy bes et! Birden seni ýere pylçap uraýmaýyn! Onsoň men seniň doganyň Ýowabyň ýüzüne nähili serederin?» diýdi.
23Ýöne Asahel yza gaýtmak islemedi. Şunlukda, Abner naýzasynyň arka ujuny onuň içinden geçirdi. Asahel ýykyldy, ýykylan ýerinde-de jan berdi. Onuň ölen ýerinden geçenleriň hemmesi ol ýerde aýak çekdiler.
24Soňra Ýowap bilen Abyşaý Abneriň yzyndan kowaladylar. Gün ýaşanda, olar Giýanyň garşysyndaky, Gibgon çölüne tarap gidýän ýoluň ýakasyndaky Amma depesine ýetdiler.
25Benýaminler Abneriň daşyna toplandylar-da, birleşdiler; olar bir depäniň üstüne çykyp durdular.
26Abner Ýowaba gygyryp şeýle diýdi: «Adamlaryň gylyçdan geçirilmeginiň, heý, soňy gelmezmi? Munuň soňunyň pajygaly boljagyny bileňokmy? Garyndaşlaryny kowalamagy bes etmegi üçin adamlaryňa haçan buýruk berjek?»
27Ýowap Abnere: «Diri Hudaýdan ant içýän! Eger özüň seslenmedik bolsaň, meniň adamlarym öz garyndaşlaryny tä daňdana çenli kowalardylar» diýdi.
28Ýowap surnaý çaldy; adamlar saklandylar. Şondan soň olar ysraýyllary kowalamagy, olar bilen uruşmagy bes etdiler.
29Abner adamlary bilen uzak gije Iordan deresinden ýöredi. Olar Iordan derýasyndan geçdiler; ertesi irden hem ýöräp, Mahanaýyma geldiler.
30Ýowap Abneri kowalamagy bes edenden soň, adamlaryny toplady. Dawudyň adamlaryndan Asahelden başga-da on dokuzy kemdi.
31Dawudyň adamlary Abnere goşulan benýaminlerden üç ýüz altmyş adamy öldürdi.
32Olar Asaheli äkidip, Beýtullahamda – onuň öz kakasynyň gubry goýlan gümmeziň içinde jaýladylar. Soňra Ýowap adamlary bilen uzak gije ýol ýöräp, daň agaranda Hebrona geldi.