Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
48 verses
1Kaýsariýada italiýaly diýen goşun bölüminiň ýüzbaşysy bolan Kornelius atly bir adam bardy.
2Ol tutuş öý-içersi bilen birlikde Hudaýdan gorkýan, takwa adamdy, ýehudy halkyna köp sadakalar berip, Hudaýa mydama doga ederdi.
3Kornelius öýlän sagat üçlerde Hudaýyň bir perişdesiniň: «Eý Kornelius!» diýip, ýanyna içerik girenini bir görnüşde aýdyň gördi.
4Kornelius gorky içinde oňa gözlerini dikip: «Ýa Reb, näme?» diýdi. Perişde oňa jogap berdi: «Seniň okan dogalaryňy, beren sadakalaryňy Hudaý ýatlap kabul etdi.
5Indi Ýafa birnäçe adam ýolla-da, lakamy Petrus bolan Simuny getirt.
6Bu adam Simun atly bir eýleýjiniňkide myhmandyr, onuň öýi bolsa deňziň ýakasyndadyr. Petrus seni we içeriňi gutarjak sözler aýdar».
7Özi bilen gepleşen perişde gidenden soň, Kornelius hyzmatçylaryndan ikisini we hemişe öz töwereginde bolýanlardan bir takwa esgeri çagyrdy.
8Ähli zady aýdyp, olary Ýafa ýollady.
9Şol günüň ertesi olar ýoldakalar, şähere golaýlanlarynda, günortan ýakyn Petrus doga etmek üçin üçege çykdy.
10Ol ajykdy we naharlanmak isledi. Nahar taýýarlanyp ýörkä, özüni ýitirme ýagdaýyna geldi.
11Ol Gögüň açylyp, dört burçundan baglanan saçak ýaly bir uly zadyň Ýere sallanyp, öz üstüne inip gelýänini gördi.
12Onuň içinde bolsa Ýeriň ähli dört aýaklylaryndan, wagşy haýwanlaryndan, süýrenijilerinden hem-de Gögüň guşlaryndan bardy.
13Bir ses oňa gygyryp: «Petrus tur, damaklaryny çal-da, iý!» diýdi.
14Petrus: «Ýok, ýa Reb, men asla hapa, haram zat iýen däldirin» diýdi.
15Ses ýene ikinji gezek oňa: «Hudaýyň tämiz eden zatlaryna hapa diýme» diýdi.
16Bu üç gezek gaýtalanyp, saçak tiz Göge alyndy.
17Petrus bu gören görnüşiniň nämedigi hakynda oýlanyp durka, ine, Korneliusyň ýollan adamlary Simunyň öýüni sorap, gapa gelip durdular.
18Olar gygyryp: «Petrus lakamly Simun şu ýere myhmanmydyr?» diýip soradylar.
19Petrus bu görnüş barada oýlanyp durka, Ruh oňa şeýle diýdi: «Ine, üç adam seni gözläp ýör.
20Tur, aşak düş, ikirjiňlenme-de, olar bilen git, çünki olary Men ýolladym».
21Adamlaryň ýanyna gelen Petrus: «Ine, gözleýän adamyňyz men. Näme üçin geldiňiz?» diýdi.
22Olar şeýle diýdiler: «Ýüzbaşy Kornelius dogry, Hudaýdan gorkýan adam, ýehudy halkynyň ýanynda at-abraýy bar. Ol bir mukaddes perişdeden seni öýüne getirmek hem-de seniň aýtjak sözleriňi diňlemek barada buýruk alypdyr».
23Petrus olary içerik çagyryp, myhman aldy. Şol günüň ertesi Petrus turup, olar bilen ýola düşdi. Ýafaly doganlaryň-da käbiri onuň bilen bile gitdi.
24Ertesi gün olar Kaýsariýa bardylar. Kornelius hem dogan-garyndaşlaryny, ýakyn dostlaryny bir ýere çagyryp, olara garaşyp otyrdy.
25Petrus içerik girende, Kornelius ony garşylap, aýagyna ýykyldy, oňa sežde etdi.
26Emma Petrus ony galdyryp: «Tur! Men hem adam» diýdi.
27Onsoň onuň bilen gürrüňleşip, içerik girende, köp adamlaryň ýygnanandygyny gördi.
28Olara şeýle diýdi: «Bir ýehudy üçin başga milletden bolan biri bilen gatnaşmagyň ýa onuň ýanyna gitmegiň nähili ýerliksizdigini özüňiz bilýänsiňiz, ýöne Hudaý maňa hiç bir adama hapa ýa haram diýmeli däldigimi görkezdi.
29Şonuň üçin hem, çagyrylanymda, gürrüňsiz geldim. Indi bolsa soraýaryn: näme sebäpden meni çagyrdyňyz?»
30Kornelius şeýle jogap berdi: «Üç gün mundan ozal şu wagtlarda agzym orazady. Öýlän sagat üçlerde öýümde doga edip otyrdym. Ine, bir parlak egin-eşikli adam garşymda durup, maňa şeýle diýdi:
31„Kornelius, seniň dogaň eşidildi, sadakalaryňy Hudaý ýatlady.
32Ýafa adam ýolla-da, Petrus lakamly Simuny çagyr. Ol deňiz ýakasyndaky Simun eýleýjiniň öýüne myhmandyr. Ol gelip, saňa bir söz aýdar".
33Men derrew saňa adam ýolladym, sen-de gelip ýagşy etdiň. Ine, hemmämiz Hudaý tarapyndan saňa tabşyrylan ähli zady eşitmek üçin, Onuň huzurynda häzir bolup otyrys».
34Şonda Petrus söze başlap şeýle diýdi: «Men, dogrudan-da, Hudaýyň hiç kimi ala tutman,
35eýsem, her milletde kim Ondan gorksa, dogrulyk etse, şony kabul edýändigine göz ýetirdim.
36Onuň barçanyň Rebbi bolan Isa Mesih arkaly parahatlyk yglan edip, Ysraýyl ogullaryna ýollan sözi şudur:
37Ýahýanyň wagyz eden çokundyrmasyndan soň, Jelileden başlap, bütin Ýahudada ýüze çykanlary,
38Hudaýyň Mukaddes Ruh we gudrat berip, Nasyraly Isany wezipä bellänini, Onuň hem aýlanyp, ýagşylyk edip, iblisiň golastynda ezilenleriň baryna şypa berenini siz bilýänsiňiz, çünki Hudaý Onuň bilendi.
39Biz Onuň Ýahudada, Iýerusalimde edenleriniň baryna şaýatdyrys. Ony agaçdan asyp öldürdiler.
40Hudaý üçünji gün Isany direldip,
41bütin halka däl-de, diňe Hudaýyň öňden saýlan şaýatlaryna, ýagny ölümden direleninden soň, Onuň bilen bile iýip-içenler bolan bize açykdan-açyk görkezdi.
42Ol Özüniň dirileriň hem ölüleriň Hudaý tarapyndan bellenen Kazysydygyny halka wagyz edip, güwä geçmegimizi bize tabşyrdy.
43Isa iman eden her kesiň Onuň ady bilen günäsiniň ötüljegine ähli pygamberler güwä geçýär».
44Petrus bu sözleri aýdyp durka, sözi eşidenleriň barynyň üstüne Mukaddes Ruh indi.
45Petrus bilen gelen sünnetli imanlylar Mukaddes Ruh sylagynyň başga milletleriň üstüne-de dökülenine geňirgendiler,
46çünki olaryň başga dillerde gepläp, Hudaýy öwgi bilen beýgeldişini eşitdiler. Şonda Petrus:
47«Biziň ýaly Mukaddes Ruhy alan bu adamlaryň suw bilen çokundyrylmagyny kim gadagan edip biler?» diýdi.
48Onsoň Petrus olary Isa Mesihiň ady bilen çokundyrmagy buýurdy. Soňra olar Petrusdan birnäçe günläp galmagy haýyş etdiler.