Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
16 verses
1Reb şeýle diýýär: «Men Mowaby günä üstüne günä edendigi üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki ol Edom şasynyň süňküni ýakyp küle öwürdi.
2Şu sebäpden Mowaba ot ýagdyraryn, ot Keriýodyň galalaryny ýakyp kül eder. Gygyryşmakdan we surnaý seslerinden ýaňa, Mowap halky söweş gykylygynyň içinde öler.
3Aralaryndaky hökümdaryny ýok ederin, onuň bilen bile ähli emeldarlaryny öldürerin». Muny Reb aýdýandyr.
4Reb şeýle diýýär: «Men Ýahudany günä üstüne günä edendigi üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki Rebbiň kanunyny ret etdiler, Onuň parzlaryny tutmadylar, ata-babalarynyň ýalan hudaýlaryň yzyna eýerişi ýaly indi bular-da olar bilen azdylar.
5Şu sebäpden Ýahuda ot ýagdyraryn, ot Iýerusalimiň galalaryny ýakyp kül eder». Ysraýylyň höküm edilmegi
6Reb şeýle diýýär: «Men Ysraýyly günä üstüne günä edendigi üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki olar dogruçyly kümşe, mätäji bir jübüt çaryga satýarlar.
7Pukaralaryň başyny toprak astynda depgiläp, ezilenleri ýoldan itekläp aýyrýarlar. Ogly-da, atasy-da bir aýalyňka gidip, mukaddes adymy harlaýarlar.
8Her gurbanlyk sypasynyň ýanynda girew alnan eşikleri ýazyp oturýarlar. Özleriniň Hudaýynyň öýünde jerime pula alnan şeraby içýärler.
9Men bolsa Ysraýylyň öňünden amorlary ýok etdim. Boýlary kedr agajy deý uzyn, dub agajy kimin güýçli bolsa-da, olaryň ýokardan miwesini, aşakdan köküni gyrdym.
10Şeýle-de amor ýurduny eýelemegiňiz üçin, Men sizi Müsürden çykardym, çölde kyrk ýyllap ýol görkezdim.
11Ogullaryňyzdan pygamber çykardym, ýaş ýigitleriňizi nazyr belledim. Eý, ysraýyl halky, hakykatdan-da, bu şeýle dälmidir?!» Muny Men-Reb aýdýandyryn.
12«Emma nazyr bolana şerap içirdiňiz, pygamberlere „Pygamberlik etmäň!“ diýip buýruk berdiňiz.
13Şonuň üçin desseden ýükli araba topragy nähili owradýan bolsa, Men-de sizi duran ýeriňizde edil şonuň ýaly mynjyradaryn.
14Ýüwrük adam gaçyp bilmez, güýçli güýç görkezip bilmez, batyr-da janyny halas edip bilmez.
15Ýaýçy ornunda berk durup bilmez, ýüwrük aýakly gaçyp gutulyp bilmez, atly-da halas edip bilmez janyny.
16Batyrlaryň iň batyry-da ol gün ýalaňaç gaçyp gider». Muny Reb aýdýandyr.