Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
14 verses
1Dat günüňize, eý, Siýonda asuda ýaşaýanlar, Samarýa dagynda howpsuz oturanlar, ysraýyl halkynyň ýüz tutmaga barýan iň beýik milletiň meşhur adamlary!
2Kalne şäherine geçip görüň, ol ýerden beýik Hamada gidiň. Onsoň piliştleriň Gat şäherine baryň, olar iki patyşalygyňyzdan gowumyka? Tutýan meýdanlary siziňkiden giňmikä?
3Eý, siz bela gününi uzak saýyp, zorluk tagtyny ýakynlaşdyranlar!
4Eý, pil süňkünden haşamlanan çarpaýada ýatanlar, düşekleriniň üstünde meýmiränler, sürüden saýlama guzulary, baga bakylan göleleri iýýänler!
5Özlerini Dawut ýaly saýyp, saz gurallaryny oýlap tapýanlar, barbatyň owazyna aýdym aýdýanlar,
6şakäseden şerap içýänler, üstlerine iň oňat atyr sepýänler, Ýusubyň weýrançylygyna ýas tutmaýanlar!
7Munuň üçin olar ilkinji bolup ýesir edip äkidiler, kürsüde gaýşarýanlaryň meýlisi tamamlanar.
8Hökmürowan Reb Özünden ant içdi. Hökmürowan Beýik Hudaý şeýle diýýär: «Ýakubyň gedemligini nejis saýýaryn, onuň galalaryny ýigrenýärin, içindäki ähli zady bilen bile şäheri duşman eline bererin».
9Bir öýde on adam galan bolsa, olar-da öler.
10Olaryň biriniň garyndaşy öz kömekçisi bilen hossarynyň jesedini öýden daşary çykaryp ýakmak üçin geler. Ol kömekçisinden: «Başga-da jeset barmy?» diýip soranda, «Ýok» diýip jogap berer. Onsoň garyndaşy: «Sem bol! Rebbiň ady agzalmasyn» diýer.
11Ine, Reb şeýle buýurýar: «Uly jaýlar toza, kiçi jaýlar küle dönsün.
12Atlar gaýanyň üstünde çaparmy? Öküzler bilen ol ýerde ýer sürlermi? Emma siz adalaty zähere, dogrulyk miwesini ajylyga öwürdiňiz.
13Siz Lodebarda puç zada şatlanyp: „Karnaýymy öz güýjümiz bilen basyp almadykmy näme?“ diýýärsiňiz.
14Şonuň üçin, eý, ysraýyl halky, saňa garşy bir milleti aýaga galdyrjak. Olar Lebohamatdan Araba jülgesine çenli seni ezerler». Muny Reb, Hökmürowan Hudaý aýdýandyr.