Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
10 verses
1Nany suwa at, birnäçe günden ýene ony taparsyň.
2Emlägiňi ýedi, hatda sekiz kişä paýla, çünki sen bu dünýäde nähili betbagtçylygyň boljakdygyny bilýän dälsiň.
3Gara bulut ýagyş ýagdyrýandyr. Günorta ýa demirgazyga tarap ýykylan agaç ýykylan ýerinde galar.
4Ýele seredýän ekin ekmez; bulutlara bakýan orak ormaz.
5Ýeliň ýoluny we hamyla enäniň göwresindäki çaga nädip jan girýänini bilmeýşiň ýaly, sen hemme zady ýaradan Hudaýyň işlerini-de bilýän dälsiň.
6Tohumyňy irden sep, agşam-da eliň boş durmasyn. Çünki sen haýsy işiň bähbitli boljakdygyny bilýän dälsiň.
7Yşyk gözeldir. Güni görmek gözlere hoş ýakýandyr.
8Uzak ýyllap ýaşaýanlar hem her bir ýaşan güne şatlansynlar, ýöne köp garaňky günleriň boljakdygyny-da unutmasynlar. Bar bolýan zat biderekdir.
9Eý, ýaş ýigit, ýaşlygyňda şatlan; goý, ýüregiň seni juwan günleriňde begendirsin. Ýüregiň isläni bilen, gözleriň göreni bilen git. Emma bilip goý, bularyň hemmesi üçin Hudaý saňa höküm eder.
10Gaýgyny ýüregiňden çykar, azaby bedeniňden daşlaşdyr, çünki ýaşlyk-da, juwanlyk-da gysga wagtlykdyr.