Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
3 verses
1Kserks patyşa ýurda we deňiz adalaryna salgyt saldy.
2Patyşanyň ähli güýç-kuwwaty, Mordekaýy hormatlap, onuň wezipesini beýgeldendigi hakyndaky ähli wakalar Midiýa we Pars patyşalarynyň ýyl ýazgylaryna ýazylandyr.
3Çünki Mordekaý ýahuda wezipesine görä, Kserks patyşadan soň ikinji beýik adamdy. Onuň ýahudalaryň arasyndaky abraýy uludy we ol öz ýahuda doganlarynyň köpüsi tarapyndan sylanylýardy, çünki ol öz halkynyň abadançylygy ugrunda göreşip, tutuş halkyna parahatçylyk getiren adamdy.