Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
10 verses
1Reb Musa ýene-de: «Fyrownyň we Müsüriň üstünden ýene bir betbagtçylyk indererin. Şondan soň fyrown size ol ýerden gitmäge rugsat eder. Ol sizi goýberende, öz ýurdundan büs-bütin kowup çykarar.
2Indi bolsa halka eşitdirip aýt, goý, her bir erkek we her bir aýal öz müsürli goňşusyndan altyn-kümüşden ýasalan şaý-sepler dilesin» diýdi.
3Reb müsürlilere ysraýyllary sylar ýaly edipdi. Mundan başga-da, Müsür topragynda, fyrownyň emeldarlarynyň we halkynyň öňünde Musa beýik adam bolupdy.
4Musa fyrowna şeýle diýdi: «Reb şeýle diýýär: „Men ýary gije töweregi Müsüriň içine aýlanyp çykaryn.
5Şonda ähli müsürlileriň ilkinji doglan ogullary öler. Tagtda oturan fyrownyň ilkinji doglan oglundan başlap, tä degirmen üwäp oturan hyzmatkär aýalyň ilkinji bolan ogluna çenli öler. Ähli mallaryň hem ilkinji doglanlary öler.
6Tutuş Müsür ýurdunda uly ses bilen perýat ediler. Şeýle agy sesi öň hiç haçan bolan däldir, indi hem bolmaz.
7Emma ysraýyllaryň ýekeje adamyna-da, malyna-da zelel ýetmez, hatda olara it hem üýrmez. Şonda siz Men Rebbiň müsürliler bilen ysraýyllaryň arasynda tapawut goýýandygymy bilersiňiz“».
8Musa sözüni dowam edip, fyrowna: «Seniň ähli emeldarlaryň huzuryma gelip, maňa baş egerler we maňa: „Seniň özüň hem, yzyňa düşýän ähli halk hem gidewersin“ diýerler. Şundan soň men giderin» diýdi. Şeýdip, Musa gahar-gazaba münüp, fyrownyň ýanyndan çykyp gaýtdy.
9Soňra Reb Musa: «Fyrown seni diňlemez. Müsürde Meniň geň gudratlarym köpeler» diýdi.
10Musa bilen Harun fyrownyň öňünde şol geň gudratlaryň hemmesini ýerine ýetirdiler. Reb fyrowny ýene doňýürek etdi, ol ýurdundan ysraýyllary goýbermedi.