Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
21 verses
1Soňra Reb Musa: «Ilkinji doglan ähli erkek göbeklileri Maňa bagyş ediň. Ysraýyllaryň göwresinden ilkinji dünýä inen her bir ogul, şeýle hem, olaryň mallarynyň hem ilkinji erkek guzlany Meniňkidir» diýdi.
3Musa halka şeýle diýdi: «Bu güni ýatda saklaň, çünki siz bu gün gul bolup ýaşan ýurduňyz Müsürden çykdyňyz. Ol ýerden Reb sizi Özüniň beýik güýji bilen alyp çykdy. Hamyrmaýaly çörek iýilmeli däldir.
4Bu gün siz Müsürden Abyp aýynda çykýarsyňyz.
5Reb siziň ata-babalaryňyza söz beren süýt we bal akýan baý toprakly ýurt bolan kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna getiren wagty hem siz şu aýda bu baýramy bellärsiňiz.
6Siz ýedi günläp petir iýmelisiňiz we ýedinji güni siz Rebbiň şanyna toý edersiňiz.
7Şol ýedi günüň dowamynda diňe petir iýiň. Siziň ýaşaýan ähli ýerleriňizde ýekeje-de hamyrmaýaly bişirilen çörek bolmasyn.
8Sen şol gün ogluňa: „Munuň sebäbi men Müsürden çykanymda, Rebbiň meniň üçin bitiren işi üçindir“ diýip gürrüň ber.
9Goý, bu baýram eliňize baglanan ýaly ýa-da maňlaýyňyza daňlan ýaly bir ýatlama alamaty bolsun. Bu bolsa Rebbiň kanunynyň elmydama diliňizde bolmagyny ýatladar, çünki Reb sizi gudratly goly bilen Müsürden alyp çykdy.
10Şonuň üçin hem siz her ýyl şol bir belli wagtda bu kanuny ýerine ýetirmelisiňiz».
11«Reb size we ata-babalaryňyza söz berşi ýaly, sizi kenganlylaryň ýerine getirip, ony size berende,
12siz ilkinji doglan her bir erkek göbeklini Rebbe niýetlemelisiňiz. Mallaryňyzyň hem ähli ilkinji erkek guzlanlary Rebbiňkidir.
13Her bir eşegiňiziň kürrelän kürresini guzyňyz bilen çalşyp, yzyna satyn alyň. Eger yzyna satyn almasaňyz, onda onuň boýnuny omruň. Çagalaryňyzyň arasynda ilkinji doglan her bir ogluňyzy yzyna satyn alyň.
14Her haçan ogluň senden munuň nämäni aňladýandygyny soranda, oňa şeýle diý: „Reb Öz gudratly goly bilen bizi gul bolup ýaşan ýurdumyz Müsürden alyp çykdy.
15Fyrown doňýüreklik edip, bizi goýbermekden ýüz öwreni üçin, Reb Müsüriň ähli ilkinji doglan ynsan ogullaryndan başlap, tä mallaryň ilkinji dogran erkek jynslylaryna çenli öldürip çykdy. Şonuň üçin hem ilkinji doglan ähli erkek jynslylary Rebbe gurban edýärin, ýöne ähli ilkinji bolan ogullarymy yzyna satyn alyp bilýärin“.
16Reb bizi Öz gudratly güýji bilen Müsürden alyp çykandygy üçin, bu baýram eliňize baglanan ýaly ýa-da maňlaýyňyza daňlan ýaly bir belgi bolsun».
17Fyrown halky goýberende, Hudaý olary piliştlileriň üstünden geçýän ýakyn ýol bilen alyp gitmedi. Çünki Hudaý: Eger halk ýolda urşa duçar bolaýsa, olar puşman edip, yzyna Müsüre dolanarlar öýtdi.
18Şeýdip, Hudaý ysraýyllary Gyzyl deňzine gidýän çöllükden alyp gitdi. Ysraýyllar Müsürden urşa taýýar bolup, ýaragly çykypdylar.
19Musa Ýusubyň süňklerini özi bilen aldy, sebäbi Ýusup ysraýyllara: Hudaý size nazar salar, şonda siz bu ýerden meniň süňklerimi hem öz ýanyňyz bilen alyp gidiň diýip, olara ant içiripdi.
20Ysraýyllar Sukotdan çykyp, çölüň çetindäki Etamda düşlediler.
21Reb olaryň öňünden ýol görkezip, gündizine bulut sütüni bolup, gijesine bolsa ot sütüni bolup, olaryň ýollaryny ýagtyldýardy. Şonda olar gündiz hem, gije hem ýol ýöräp bilýärdiler.
22Gündizine bulut sütüni, gijesine bolsa ot sütüni halkyň öňünden asla uzaklaşmaýardy.