Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
40 verses
1Reb Musa şeýle diýdi:
2«Ysraýyllara aýt, Maňa sadaka bersinler. Meniň üçin her bir adamyň öz göwnünden çykaryp beren sadakasyny kabul ediň.
3Olardan kabul edip almaly sadakalaryňyz şulardyr: altyn, kümüş, bürünç;
4gök, badam, gyrmyzy ýüplük, nepis zygyr mata, geçi ýüňi;
5goçuň eýlenen derisi, saýlama deri, akasiýa agajy;
6çyra üçin zeýtun ýagy, mesh ýagy üçin we ýakymly ysly tütetgi üçin hoşboý ysly zatlar;
7efota we gursakça dakmak üçin hakyk we başga gymmatbaha gaşlar.
8Men olaryň arasynda ýaşar ýaly, Maňa mukaddes öý gursunlar.
9Mukaddes çadyr we onuň ähli esbaplary Meniň size görkezme berşim ýaly gurulsyn».
10«Akasiýa agajyndan sandyk ýasasynlar. Onuň uzynlygy iki ýarym tirsek, ini we beýikligi bir ýarym tirsek bolsun.
11Onuň içini-de, daşyny-da sap altyna gaplap, onuň daş-töweregine altyndan jähek salsynlar.
12Sandyk üçin dört sany altyn halka ýasap, olary onuň dört aýagyna: ikisini bir tarapyna, beýleki ikisini beýleki tarapyna dakyň».
13«Akasiýa agajyndan syryklar ýasap, olary altyna gaplaň.
14Sandygy özüňiz bilen göterip äkider ýaly, syryklary onuň gapdallaryndaky halkalardan geçiriň.
15Syryklar sandygyň halkalarynda galsyn we ondan aýrylmasyn.
16Meniň saňa berjek ýazgyly Ähtnamamy hem sandykda goýarsyň».
17«Soňra sap altyndan gapak ýasasynlar. Onuň uzynlygy iki ýarym tirsek, ini bolsa bir ýarym tirsek bolsun.
18Gapagyň her iki ýan çetinde sap altyndan iki sany kerup ýasat.
19Keruplaryň birini gapagyň bir çetinde, beýlekisini beýleki çetinde ýerleşdirsinler. Olary gapagyň her ýan çetinde goýup, gapak bilen bir bitewi edip berkitdir.
20Keruplar ganatlaryny gapagyň depesinde ýaýyp, onuň üstüne saýa salyp dursun. Olaryň ýüzleri biri-birine bakyp, göni gapaga tarap seredip dursunlar.
21Saňa berjek ýazgyly Ähtnamamy sandygyň içinde goýup, gapagy hem onuň üstünden goý.
22Äht sandygynyň üstündäki, gapagyň ýokarsyndaky iki sany kerubyň aralygynda Men seniň bilen duşuşaryn we ysraýyllar üçin ähli buýruklarymy saňa bererin».
23«Akasiýa agajyndan hantagta ýasat. Onuň uzynlygy iki tirsek, ini bir tirsek we beýikligi bir ýarym tirsek bolsun.
24Ony sap altyna gapla we daş-töweregine altyndan jähek salsynlar.
25Hantagtanyň gyralaryna dört barmak giňlikde gurşaw etdir we gurşawyň daş-töweregine altyndan jähek saldyr.
26Hantagta üçin altyndan dört sany halka ýasat. Halkalary onuň dört künjündäki dört aýagyna berkitsinler.
27Hantagtany göterip äkider ýaly halkalardan geçen syryklary gurşawa ýakyn ýerleşdirsinler.
28Syryklary akasiýa agajyndan ýasap, olary altyna gapla. Hantagta şu syryklar bilen göterilmelidir.
29Ýakymly ysly tütetgi üçin tabaklar we jamlar, sadaka hökmünde şerap bermek üçin küýzeler we şakäseler ýasat. Olar sap altyndan bolsun.
30Hemişe hantagtanyň üstünde Maňa hödür çöregini goý».
31«Sap altyndan şemdan ýasat. Şemdanyň esasy we şahasy döwme sap altyndan bolsun. Şemdanyň gülkäsesi, gülgunçasy we gülýapragy özi bilen bir bitewi bolsun.
32Şemdanyň her gapdalyndan üç şaha çykyp, onuň jemi alty şahasy bolsun.
33Şahalarda badam gülüniň şekilinde gülkäse bolsun. Gülgunçasy bilen gülýapragyny hem ýasaň. Beýleki şahalarda hem hut şunuň ýaly bolsun, umuman, alty şahanyň hemmesini bir meňzeş edip ýasaň.
34Şemdanyň ortasyndaky şahada badam gülüne meňzeş dört sany gülkäse bolup, olaryň hem gülgunçasy we gülýapragy bolsun.
35Her jübütiň astynda bir gunça bolup, hemmesi bilelikde jemi alty şaha çyksyn.
36Şemdanyň gunçalaryny we şahalaryny bir bitewi edip ýasat. Onuň tutuş özi döwme sap altyndan ýasalsyn.
37Şemdan üçin ýedi çyra dak. Çyralar şemdanyň öňüne ýagty saçar ýaly, olary onuň depesine dak.
38Onuň müçenegi we nowasy sap altyndan bolsun.
39Şemdan we oňa degişli ähli enjamlar bir ýarym batman sap altyndan ýasalsyn.
40Ynha, sen bularyň hemmesini dagda saňa görkeziljek nusganyň esasynda ýasarsyň».