Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
18 verses
1Reb Musa şeýle diýdi:
2«Ynha, Men ýahuda tiresinden Huruň agtygy, Urynyň ogly Besaleli saýladym.
3Men ony Öz ruhum bilen doldurdym. Her dürli senet işinde Men oňa ukyp, akyl-paýhas we başarjaňlyk berdim.
4Ol ökde nakgaş bolup, altyna-kümşe we bürünje dürli nagyşlar salsyn.
5Gaşlar üçin öýjüklere daşlary oýmakda, agaç ýonmakda, her hili ussaçylyk işinde oňa ussatlyk berdim.
6Şeýle hem, Besalel bilen işlär ýaly, Men dan tiresinden Ahysamagyň ogly Oholyýaby hem saýladym. Men ähli ökde ussalara-da ukyp berdim. Şeýlelikde, olar Meniň saňa buýran şu ähli zatlarymy ýasasynlar:
7Maňa ýüz tutulýan çadyr, Äht sandygy we onuň üstüniň gapagy, çadyryň ähli esbaplary,
8hantagta we onuň enjamlary, sap altyndan edilen şemdan we onuň ähli enjamlary, tütetgi sypasy,
9ýakma gurbanlyk sypasy we onuň ähli enjamlary, legen we onuň sütüni,
10şeýle hem, nagyşlar bilen keşdelenen geýimler, ruhany bolup gulluk edenlerinde geýmek üçin, Haruna we onuň ogullaryna niýetlenen mukaddes lybaslary,
11mesh ýagy we mukaddes öý üçin ýakymly ysly tütetgi. Olar bulary edil Meniň saňa buýruşym ýaly etsinler».
12Reb Musa ýene-de şulary diýdi:
13«Seniň özüň ysraýyllara aýt, goý, olar Meniň Sabat kanunlarymy ýerine ýetirsinler, çünki bu Men bilen siziň geljekki nesilleriňiziň arasyndaky belgidir. Munuň bilen siz Men Rebbiň sizi mukaddes halkym edendigimi bilersiňiz.
14Sabat kanunlary ýerine ýetiriň, sebäbi ol siziň üçin mukaddesdir. Kimde-kim ony harlasa, ölüme höküm ediler. Kim şol gün ýekeje iş edäýse-de, öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylar.
15Alty günüň dowamynda işleriňizi edip boluň, emma ýedinji gün dynç güni bolup, mukaddes Sabat günüdir. Sabat güni kim-de kim ýekeje iş etse hem, ölüme höküm ediler.
16Şonuň üçin hem ysraýyllar Sabat kanunlary ýerine ýetirmelidirler, nesilme-nesil ony ebedi äht hökmünde ýerine ýetirmelidirler.
17Bu ysarýyl halky bilen Meniň aramdaky hemişelik belgidir, çünki Men alty günde Gögi we Ýeri ýaratdym. Ýedinji gün bolsa hemme işden dynyp, dynç aldym».
18Hudaý Sinaý dagynda Musa bilen gepleşip bolansoň, oňa ýüzüne buýruklar ýazylan iki sany ýasy daş bölegini berdi. Ony Hudaýyň hut Özi ýazypdy.