Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
35 verses
1Reb Musa: «Öňkä meňzeş edip, iki sany ýasy daş ýasa. Men olaryň ýüzüne şol seniň birinji döwen ýasy daşlaryň ýüzündäki sözleri ýazjak.
2Säher bilen taýýar bol. Sinaý dagyna çykyp, dagyň depesinde Meniň huzurymda dur.
3Seniň bilen hiç kim daga çykmasyn. Tutuş dagyň üstünde bir adam hem görünmesin. Dowarlaryňyzy, sygyrlaryňyzy hem dagyň eteginde bakmaň» diýdi.
4Şeýdip, Musa öňkä meňzeş edip, ýene-de iki sany ýasy daş bölegini ýasady. Rebbiň buýruşy ýaly, ol säher bilen turup, Sinaý dagyna çykdy. Ol eline iki ýasy daş bölegini hem aldy.
5Reb bulut içinde aşak inip, Musanyň ýanynda durdy we Reb adyny yglan etdi.
6Reb Musanyň öňünden geçip, şuny jar etdi: «Men Rebdirin, Rebdirin, Rehimli we merhemetli Hudaýdyryn. Men giň göwünli, söýgä, wepadarlyga baý.
7Müňlerçe nesillere baky söýgimi görkezerin. Etmişi, ýazygy we günäni bagyşlaýaryn. Ýöne günälini jezasyz hem goýmaýaryn. Atalarynyň etmişiniň jezasyny çagalaryna, Olaryň çagalarynyň çagalaryna, Olaryň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin».
8Musa derrew kellesini aşak egip sežde etdi.
9Ol: «Eý Taňry, eger men Seniň öňüňde merhemet gazanan bolsam, goý, onda Taňrym biziň bilen gitsin. Bu halk boýnuýogyn bolsa-da, biziň etmişimizi we günämizi bagyşla we bizi Öz mirasdaryň edip al» diýdi.
10Reb Musa şeýle diýdi: «Indi Men siziň bilen äht baglaşjak. Seniň tutuş halkyňyň öňünde Men gudratlar görkezjek. Şeýle gudratlar tutuş ýer ýüzünde ýa-da hiç bir halkda görlüp-eşidilen däldir. Aralarynda ýaşaýan bu tutuş halkyň Men-Rebbiň edýän işini görerler, çünki Men siziň üçin gorkunç zatlar ederin».
11«Meniň bu günki buýurýan buýruklarymy ýerine ýetir. Seret, Men siziň öňüňizden amorlary, kenganlary, hetleri, perizleri, hiwileri we ýabuslary kowup çykararyn.
12Barýan ýeriňiziň ýaşaýjylary bilen äht baglaşmakdan ägä boluň, ýogsam ol äht sizi duzaga düşürer.
13Siz olaryň gurbanlyk sypalaryny ýumrup taşlaň, dikme daşlaryny döwüp, keramatly Aşera agajyny çapyň.
14(Başga hudaýa sežde etmäň, sebäbi Gabanjaň atly Reb gabanjaň Hudaýdyr.)
15Baran ýeriňiziň ýaşaýjylary bilen äht baglaşmaň, sebäbi olar öz hudaýlarynyň öňünde jyns gatnaşygyny ederler, olar öz hudaýlaryna sadaka beren wagty, olaryň arasyndan biri sizi çagyrsa, siz hem sadakada berlen nahardan iýersiňiz.
16Siz ogullaryňyza olaryň gyzlaryndan aýal alyp berersiňiz. Öz hudaýlarynyň öňünde jyns gatnaşygyny edip ýören bu gyzlar siziň ogullaryňyza hem şeýle etdirerler».
17«Oýma butlar ýasamaň.
18Petir baýramyny belläň. Meniň size buýruşym ýaly, Abyp aýynyň bellenen günlerinde ýedi günläp petir iýiň, sebäbi siz Müsürden Abyp aýynda çykdyňyz.
19Ähli ilkinji doglan erkekler Meniňkidir. Siziň sygyrlaryňyzyň we dowarlaryňyzyň hem ilkinji erkek guzlanlary Meniňkidir.
20Eşegiň ilkinji kürrelän erkek kürresini goýnuň ilkinji toklusy bilen çalşyp, yzyna satyn alyň. Eger çalyşmasaňyz, onda onuň boýnuny omruň. Ähli ilkinji doglan ogullaryňyzy hem çalşyp, yzyna satyn alyň. Meniň öňümde hiç kim eli boş görünmesin.
21Alty günläp siz işlärsiňiz, emma ýedinji gün dynç alyň. Hatda sürüm döwri bolsa-da, hasyl döwri bolsa-da dynç alyň.
22Bugdaýyň ilkinji hasylyndan Gyzyl kerwen baýramyny belläň. Ýylyň ahyrynda hasyl toý beriň.
23Ýylda üç gezek ähli erkekleriňiz Ysraýyl Hudaýy bolan Reb Hudaýyň huzuryna gelsin.
24Çünki Men siziň öňüňizden başga milletleri kowup aýryp, serhetleriňizi giňelderin. Ýylda üç gezek Hudaýyňyz Rebbiň huzuryna gelseňiz, hiç kim siziň ýeriňize göz dikip bilmez.
25Maňa gurbanlyk üçin soýýan malyňyzyň ganyny hamyrmaýaly çörek bilen bermäň. Meniň baýramymyň şanyna gurban eden malyňyzyň ýagy ertire galmasyn.
26Topragyňyzda ilkinji önen saýlama miweleri Hudaýyňyz Rebbiň öýüne getiriň. Owlagy enesiniň süýdünde bişirmäň».
27Reb Musa ýene-de: «Şu sözleri ýaz, çünki Men seniň bilen we Ysraýyl bilen şu sözleriň esasynda äht baglaşdym» diýdi.
28Musa ol ýerde Reb bilen kyrk gije-gündizläp boldy. Ol ne çörek iýdi, ne-de suw içdi. Ol Äht sözleri bolan bu on tabşyrygy ýasy daşlaryň ýüzüne ýazdy.
29Musa eline Äht ýazylan iki sany ýasy daş bölegini alyp, Sinaý dagyndan aşak düşdi. Ol dagdan aşak inip gelýärkä, Hudaý bilen gepleşendigi üçin, onuň ýüzi nur saçýardy. Mundan onuň özi hem bihabardy.
30Harun we ähli ysraýyllar Musanyň ýüzüniň nur saçýandygyny görenlerinde, olar onuň ýakynyna gelmäge gorkdular.
31Emma Musa olary öz ýanyna çagyrdy. Harun we halkyň ähli ýolbaşçylary onuň ýanyna geldiler. Musa olar bilen gepleşdi.
32Mundan soň ähli ysraýyllar onuň töweregine üýşdüler. Musa Sinaý dagynda Rebbiň özüne beren ähli tabşyryklaryny olara tabşyrdy.
33Musa olar bilen gepleşip bolandan soňra ýapynja bilen öz ýüzüni örtdi.
34Emma Musa Reb bilen gepleşmek üçin, Onuň huzuryna çatma giren wagty, tä daşary çykýança, ýapynjasyny aýrardy. Ol daşary çykyp, Rebbiň näme buýrandygyny ysraýyllara aýdan wagty,
35olar Musanyň ýüzüni görüp bilýärdiler. Onuň ýüzi nur saçýardy. Soňra Musa Reb bilen gepleşmäge girýän wagtyna çenli, ýene-de ýapynja bilen ýüzüni örterdi.