Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
29 verses
1Emma Reb Musa: «Meniň fyrowna näme etjegimi indi görersiň. Men ony gudratly golum bilen halkymy goýbermäge mejbur ederin, ol şu gudratly goluň zarbyndan ýaňa, hatda olary öz ýurdundan kowup çykarar» diýdi.
2Hudaý Musa şeýle diýdi: «Men Rebdirin.
3Men Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba Gudratygüýçli Alla bolup göründim, emma Özümi Reb adym bilen olara aýan etmedim.
4Men olara gelmişek bolup ýaşan ýurdy bolan Kengan topragyny bermegi äht etdim.
5Şeýle hem, Men ysraýyllaryň Müsürde gulçulykdan ýaňa ezilýändikleri sebäpli edýän ahy-nalasyny eşitdim we Öz eden ähtimi ýatladym.
6Şonuň üçin hem ysraýyllara aýt: „Men Rebdirin. Men sizi Müsür zulumyndan çykaryp, gulçulykdan azat ederin. Gudratly güýç bilen we agyr jezalarym bilen Men sizi olardan halas ederin.
7Men sizi Öz halkym edip kabul ederin we Men siziň Hudaýyňyz bolaryn. Şonda sizi Müsür süteminden alyp çykanyň Mendigimi, ýagny Hudaýyňyz Rebdigimi bilersiňiz.
8Men sizi Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba söz beren ýerime elterin we Men size ol ýeri eýelemäge berjekdirin. Men Rebdirin“».
9Musa bu sözleri ysraýyllara aýdyp berdi, emma olar göwnüçökgündikleri we rehimsiz ezilýändikleri sebäpli Musany diňlemediler.
10Soňra Reb Musa: «Git-de, Müsüriň patyşasy fyrowna aýt, goý, ol ysraýyllara ýurdundan çykyp gaýtmaga rugsat bersin» diýdi.
12Emma Musa Rebbe: «Görýäňmi, entek ysraýyllar meni diňlänok, onsoň fyrown maňa nädip gulak assyn, men bir dilsiz-agyzsyz adam ýaly ahyryn» diýdi.
13Reb Musa we Harun bilen ysraýyllar we Müsüriň patyşasy fyrown hakynda gepleşip, olara ysraýyllary Müsürden alyp çykmagy buýurdy.
14Bular ysraýyllaryň atalarynyň urugbaşylary: Ysraýylyň ilkinji ogly Rubeniň ogullary: Hanok, Pallu, Hesron we Karmy. Bular Rubeniň uruglary bolupdyrlar.
15Şimgonyň ogullary: Ýemuwel, Ýamyn, Ohat, Ýakyn, Sohar we kenganly aýalyndan bolan ogly Şawul. Bular Şimgonyň uruglarydy.
16Lewiniň nesil daragtyna görä, onuň ogullarynyň atlary şulardyr: Gerşon, Kohat we Merary. Lewi bir ýüz otuz ýedi ýaşap dünýäden ötdi.
17Gerşonyň ogullary: Libni we Şimgi uruglary bilen.
18Kohadyň ogullary: Imran, Ýishar, Hebron we Uzyýel. Kohat bir ýüz otuz üç ýaşap öldi.
19Merarynyň ogullary: Mahly we Muşy. Ynha, bu aşakdakylar bolsa Lewileriň nesilleri boýunça uruglary.
20Imran öz kakasynyň gyz jigisi Ýokebedi özüne aýal edip aldy, ol hem oňa Harun bilen Musany dogrup berdi. Imran bir ýüz otuz ýedi ýaşap aradan çykdy.
21Ýisharyň ogullary: Kora, Nepek, Zikri.
22Uzyýeliň ogullary: Mişaýel, Elsapan we Sitri.
23Harun Amynadabyň gyzy, Nahşonyň gyz dogany Elişeba öýlendi we olaryň Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar diýen ogullary boldy.
24Koranyň ogullary: Asyr, Elkana we Abyýasap. Bular Koranyň uruglary bolupdyr.
25Harunyň ogly Elgazar Putyýeliň gyzlarynyň birini özüne aýal edip aldy we ondan Pinehas diýen ogly boldy. Ynha, şular lewileriň uruglary boýunça olaryň atalarynyň urugbaşylary bolupdyr.
26Rebbiň: «Ysraýyllary topar-topar edip, Müsürden alyp çyk» diýip buýruk beren adamlary ine, şu Harun bilen Musady.
27Ysraýyllary Müsürden alyp gaýtmak üçin, Müsür patyşasy fyrown bilen gepleşenler hem şular – Musa bilen Harundy.
28Şol gün Reb Müsürde Musa ýüzlendi.
29Reb Musa: «Men Rebdirin. Meniň saňa aýdýanlarymyň hemmesini Müsüriň patyşasy fyrowna ýetir» diýdi.
30Emma Musa Rebbe: «Men söze garyp adam, onsoň fyrown meni nädip diňlesin» diýdi.