Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
24 verses
1Maňa Rebbiň sözi geldi:
2«Eý, ynsan ogly! Ysraýyl halkyna bir matal ber, bir tymsal aýt.
3Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Uly ganatly, uzyn ýelekli, dürli reňkli mymyk tüýlerden doly, äpet bürgüt Liwana gonup, kedr agajynyň depesini eýeledi.
4Agajyň ýokarky şahasyny ýolup, söwdagärleriň ýurduna getirdi, täjirleriň şäherinde ýerleşdirdi.
5Onsoň ýurduň tohumyndan alyp, ony hasylly meýdanda ekdi, bol suwlar ýakasynda ýerleşdirip, söwüt agajy kimin oturtdy.
6Ol gögerip, pessejik boýly ýaýraň üzüm agajyna öwrüldi, şahalary özüne tarap egildi, kökleri öz astyndady. Şeýdip, bu üzüm agajy boldy, şahalady, pudak çykardy.
7Uly ganatly we köp ýelekli başga bir äpet bürgüt bardy. Ine, ýaňky üzüm agajy öz ekilen keşinden oňa tarap köklerini egreltdi. Suwarsyn diýip, şahalaryny oňa tarap sallady.
8Ol şahalap, miwe berip, oňat üzüm agajy bolar ýaly, bol suwlar ýakasyndaky hasylly meýdanda ekilipdi“».
9Ysraýyla Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Ol üzüm şahasy boý alyp ösermi? Birinji bürgüt täze baldaklary gurasyn diýip, köklerini sogurmazmy, miwesini ýolmazmy? Kökünden sogurmak üçin güýçli gol ýa-da beýik goşun gerek bolmaz ahyryn.
10Ol ekilse-de, boý alyp ösermi? Gündogar şemaly uranda bütinleý guramazmy? Öz gögeren keşlerinde solmazmy?»
11Onsoň maňa Rebbiň sözi geldi:
12«Indi, pitneçi halka: „Siz bularyň nämedigini bilmeýärsiňizmi?!“ diý. Olara şeýle diý: „Ine, Babyl patyşasy Iýerusalime gelip, onuň patyşasyny we han-beglerini Babyla äkitdi.
13Ol patyşanyň tohum-tijinden bolan bir adamy alyp, onuň bilen äht baglaşdy; oňa ant içirdi. Ol muny ýurt kiçi göwünli bolsun, gedemlik etmesin, ähtimi saklar ýaly, ýerinde dursun diýip etdi.
14Ol ýurduň baştutanlaryny ýesir edip alyp gitdi.
15Ýöne Iýerusalimiň patyşasy atlar we köp esger bersin diýip, ilçilerini Müsüre ibermek bilen Babyl patyşasynyň garşysyna gozgalaň turuzdy. Ol üstünlik gazanarmy? Bu işleri eden aman galarmy? Eden ähtini bozan halas bolarmy?
16Içen antyna biperwaý garandygy, eden ähtini bozandygy üçin Öz barlygymdan ant içýärin ol özüni patyşa edip, tagtda oturdan patyşanyň mekany bolan Babylda öler. Muny Hökmürowan Reb aýdýar.
17Babyllylar köp janlary gyrmak üçin berkitmeler salyp, ýapgytlar guranlarynda, güýçli goşuny we uly ýygny bolsa-da, fyrown oňa söweşde ýardam etmez.
18Ol eden ähtini bozdy, içen antyna biperwaý garady; ol söz beren hem bolsa, bu işleri etdi; indi ol gutulmaz“».
19Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Öz barlygymdan ant içýärin! Men ol tarapdan biperwaý garalan antymy we bozulan ähtimi onuň öz başyna getirerin.
20Men torumy ýazaryn, ol duzagyma düşer, onsoň Babyla getirip, Maňa eden dönükligi sebäpli oňa höküm çykararyn.
21Onuň ähli gaçgak esgerleri gylyçdan geçiriler we aman galanlary çar tarapa dargadylar. Onsoň siz muny Men-Rebbiň aýdandygymy bilersiňiz».
22Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Kedr agajynyň depesinden bir şahajyk alyp oturdaryn. Şahasyndan bir ýaş baldak ýolup, belent dagyň depesinde ekerin.
23Ony Ysraýylyň belent dagynda oturdaryn, ol pudak çykarar, miwe berer, şöhratly kedr agajy bolar. Her dürli guşlar şahalarynda mesgen tutar, her hili ganatly jandarlar kölegesinde saýalar.
24Ýurduň ähli agaçlary belent agajy peseldýäniň, pes agajy beýgeldýäniň, ýaşyl agajy guradýanyň, guran agajy gögerdýäniň Men-Rebdigimi bilerler. Muny Men-Reb aýdýaryn, amala-da aşyraryn».