Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
14 verses
1Sen Ysraýyl ýolbaşçylary üçin şu agyny aýt:
2«Seniň eneň kimdi? Arslanlar arasynda ene arslandy! Ýaş arslanlar arasynda ýatardy, çagalaryny kemala getirerdi.
3Çagalaryndan birisi şir arslan bolup ýetişdi, awuny parçalamagy öwrendi, adamlary iýdi.
4Milletler ol barada eşitldiler. Ony duzagyna düşürdiler, çeňňege ildirip, Müsüre getirdiler.
5Enesi garaşyp, umydyny üzensoň, çagalaryndan başga birini alyp, ony şir arslan edip ýetişdirdi.
6Ol arslanlar arasynda gezdi, şir arslan bolup ýetişdi, awuny parçalamagy öwrendi, adamlary iýmäge başlady.
7Olaryň galalaryny ýykdy, şäherlerini weýran etdi. Ýurt we onuň içindäkiler arryldysyndan ýaňa çolardy.
8Töweregindäki milletler oňa hüjüm etdiler; torlaryny ýazyp, ony duzaga düşürdiler.
9Çeňňege ildirip, kapasa saldylar, Babyl şasynyň huzuryna getirdiler. Ysraýyl daglarynyň üstünde gaýdyp sesi eşidilmesin diýip, ony zyndana taşladylar.
10Eneň bagdaky üzüm agajy kimin suwlaryň boýunda ekilipdi, ol bol suwlardan ýaňa hasylly we gür şahalydy.
11Hökümdara hasa bolar ýaly güýçli şahalary bardy, boýy belent bulutlara ýetdi; belentligi we bol şahalary bilen göze ilip durardy.
12Ýöne ony gazap bilen sogrup ýere taşladylar; gündogar ýeli miwesini guratdy, berk şahalary goparylyp soldy, olary ýalynly ot ýakyp ýok etdi.
13Ol indi çölde, gurak we suwsuz ýurtda ekildi.
14Onuň şahalarynyň bir çybygyndan ot çykyp, şahasyny hem miwesini ýandyrdy, hökümdarlyk hasasy üçin berk şaha galmady». Bu agydyr we agylygyna-da galar.