Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
29 verses
1Onsoň ol adam meni mukaddes öýüň gündogara tarap bakýan derwezesinden yzyma getirdi; derweze ýapykdy.
2Reb maňa şeýle diýdi: «Bu derweze ýapyk bolar, ol açylmaz, ondan hiç kim girmez, çünki ondan Ysraýyl Hudaýy Reb girdi; şonuň üçin ol ýapyk bolar.
3Hökümdar bolsa hökümdardygy üçin, Rebbiň huzurynda nahar iýmek üçin ol ýerde oturar. Ol muňa derwezäniň eýwanynyň ýolundan girer we şol ýoldan-da yzyna çykar».
4Ol meni demirgazyk derwezäniň ýolundan öýüň öňüne getirdi. Görsem, Rebbiň şöhraty Öz öýüni dolduryp durandygyny gördüm. Men ýere ýüzin ýykyldym.
5Reb maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Ýagşy üns ber, öz gözleriň bilen gör, Rebbiň öýüniň ähli düzgünleri we kanunlary hakda saňa aýdýan zatlarymy öz gulagyň bilen eşit, mukaddes öýe kimiň girip-çykýandygyna ýagşy üns ber.
8Siz Meniň mukaddes zatlarymy goraman, gaýtam mukaddes öýümi goraýanlar hökmünde gelmişekleri öz başlaryna goýberdiňiz“».
9Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ysraýyl halkynyň arasynda ýaşaýan gelmişeklerden hiç bir sünnetsiz we boýnuýogyn gelmişek Meniň mukaddes öýüme girmeli däldir.
10Ýöne Ysraýylyň ýoldan çykan döwri Menden aýrylyp, erbet ýola düşen, öz butlarynyň yzyna eýeren lewiler etmişleriniň jezasyny çekerler.
11Bu lewiler öýümiň derwezelerinde gözegçilik edip, onda hyzmatkär bolarlar, Meniň mukaddes öýümde hyzmat ederler; ýakma gurbanlygynyň we halkyň beýleki gurbanlyklarynyň malyny soýarlar, halkyň hyzmatyny ýerine ýetirmek üçin olaryň öňünde durarlar.
12Olar ýasan butlarynyň öňünde ysraýyl halkyna hyzmat etdiler, ysraýyl halkynyň ýazykly bolmagyna sebäpkär boldular. Şonuň üçin hem Men-Reb olaryň öz etmişleriniň jezasyny çekjekdigine ant içdim, muny Hökmürowan Reb diýýär.
13Olar ruhany hökmünde Maňa gulluk etmek üçin golaýyma gelmesinler, mukaddes sadakalarymyň, iň mukaddes zatlaryň hiç birine ýakynlaşmasynlar, olar diňe öz eden nejis işleriniň utançlaryny çekerler.
14Men olary öýüň ähli hyzmaty üçin, onda edilmeli ähli işleri goramak üçin bellärin.
15Emma ysraýyl halky Menden aýrylyp, ýoldan çykanda, mukaddes öýümi goramak keşigini çeken Sadok neslinden bolan lewi ruhanylary Maňa hyzmat etmek üçin ýakynlaşarlar; ýagy we gany Maňa hödür etmek üçin huzurymda olar durarlar. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
16Mukaddes öýüme diňe olar girerler, Maňa hyzmat etmek üçin hantagtama olar ýakynlaşarlar we öýüň goramak keşigini olar çekerler.
17Olar içki howlynyň derwezelerine zygyrdan dokalan eşikde girerler, içki howlynyň derwezelerinde we içerde hyzmat edýärkäler, eginlerinde ýüňden edilen eşik bolmasyn.
18Başlaryna zygyrdan selle orap, eginlerine zygyrdan tikilen içki geýimleri geýerler; derledýän zat geýmesinler.
19Olar halkyň ýanyna daşky howla çykanlarynda, eginlerindäki eşiklerini çykaryp, olary mukaddes otagda goýarlar; ol eşikleri bilen halka mukaddesliklerini geçirmezlik üçin başga eşikler geýsinler.
20Ruhanylar kellelerini syrmasynlar, saçlaryny uzyn ösdürmesinler, olar saçyny diňe gyrkyp timarlasynlar.
21Içki howla girende, hiç bir ruhany şerap içmeli däldir.
22Olar dul we talagy berlen aýala öýlenmän, diňe Ysraýyl neslinden bolan boý gyza ýa-da başga ruhanydan dul galan aýala öýlensinler.
23Meniň halkyma mukaddes zat bilen ýönekeý zadyň, halal bilen haramyň parhyny öwretmeli.
24Olar dawada kazy hökmünde çykyş edip, Meniň hökümlerim boýunça karar çykararlar; ähli baýramlarymyň kada-kanunlaryny we parzlarymy, mukaddes Sabat kanunlarymy ýerine ýetirerler.
25Olaryň hiç biri ölüniň ýanyna baryp, özüni haram etmeli däldir; diňe ata-enesi üçin, ogul-gyzy üçin, erkek dogany we durmuşa çykmadyk gyz dogany üçin özlerini haram edip bilerler.
26Ol tämiz bolandan soň, onuň üçin ýedi güni sanamalydyrlar.
27Ol mukaddes ýerde hyzmat etmek üçin içki howla giren güni öz günä gurbanlygyny hödür etmelidir. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
28Ruhanylaryň mirasy bardyr, ol miras Mendirin; Ysraýylda olara mülk bermäň, olaryň mirasy Mendirin.
29Galla sadakasyny, günä we ýazyk gurbanlyklaryny olar iýerler. Ysraýylda ähli bagyş edilen zatlar olaryňky bolar.
30Ähli zatlaryňyzyň ilkinji hasyly we ähli sadakalaryňyz ruhanylaryňky bolar. Öýüňize bereket iner ýaly, ilkinji galladan edilen hamyry ruhanylara beriň.
31Guş bolsun ýa haýwan bolsun, parhy ýok haram ölen ýa parçalanan zady ruhany iýmeli däldir».