Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
24 verses
1Adamlar tarapyndan we adamzat arkaly däl-de, eýsem, Isa Mesih we Ony ölülerden direlden Ata Hudaý arkaly resul bolan Pawlus
2we meniň bilen bilelikdäki bütin doganlardan Galatýadaky ýygnaklara salam!
3Atamyz Hudaý, Rebbimiz Isa Mesih size merhemet etsin, parahatlyk bersin.
4Atamyz hem Hudaýymyzyň islegine görä, bizi häzirki ýaman çagdan gutarjak bolup, Ol Özüni biziň günälerimiz üçin pida etdi.
5Hudaýa ebedilik şöhrat bolsun! Omyn.
6Men siziň Mesihiň merhemeti arkaly özüňizi Çagyrany beýle tiz taşlap, başga Hoş Habara öwrülişiňize haýran galýaryn.
7Dogrudan-da başga Hoş Habar ýok, ýöne sizi bulaşdyrjak, Mesihiň Hoş Habaryny ýoýjak bolýan käbir adamlar bar.
8Emma biz ýa Gökden inen bir perişde hem size wagyz edenimizden başga bir zady Hoş Habar diýip wagyz etse, oňa lagnat bolsun!
9Öň aýdyşymyz ýaly, ýene-de aýdýaryn: biri size kabul edeniňizden başga bir zady Hoş Habar diýip wagyz etse, oňa lagnat bolsun!
10Indi men adamlaryň razyçylygyny gözleýärinmi ýa Hudaýyň razyçylygyny? Ýa-da adamlara ýaranjak bolýarynmy? Men heniz hem adamlara ýaranýan bolsam, Mesihiň guly bolmadygymdyr.
11Eý doganlar, meniň wagyz eden Hoş Habarymyň adamdan däldigini size aýdýaryn.
12Çünki men ony bir adamdan alman, bir adamdan öwrenmän, Isa Mesihiň ylhamy arkaly aldym.
13Çünki siz meniň ýehudylykda geçen ýaşaýşymy eşidensiňiz. Men Hudaýyň ýygnagyna çendenaşa azar berip, ony weýran etdim.
14Atalarymyň däp-dessuryna biçak yhlasly bolup, halkymda bolan ýaşdaşlarymyň köpüsinden ýehudylykda ozdum.
15Emma enemiň garnyndakam, meni seçip, Öz merhemeti bilen çagyran Hudaý,
16milletler arasynda Ony wagyz eder ýaly, Öz Ogluny mende aýan etmäge razy bolanda, men derrew et we gan bilen maslahatlaşman,
17Iýerusalime menden öň resul bolanlaryň ýanyna gitmän, Arabystana gitdim, soň hem Şama öwrüldim.
18Üç ýyldan soň Petrus bilen tanyşmak üçin, Iýerusalime baryp, on bäş gün onuň ýanynda boldum.
19Ýöne Rebbiň dogany Ýakupdan başga resullaryň hiç birini görmedim.
20Size näme ýazsam, ine Hudaýyň huzurynda ýalan sözlemeýärin.
21Onsoň Siriýa we Kilikiýa etrabyna gitdim.
22Emma Ýahudanyň Mesihdäki ýygnaklary meniň özümi tanaman,
23diňe: «Bize ozallar azar beren adam indi bir wagtlar özüniň weýran eden imanyny wagyz edýär» diýşip,
24men sebäpli Hudaýy şöhratlandyrýardylar.