Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
20 verses
1Reb Ybrama şeýle diýdi: «Öz ýurduňy, kowumdaşlaryňy we ataňyň hojalygyny taşla-da, Meniň saňa görkezjek ülkäme git.
2Senden beýik bir millet ýaradyp, Men seni ýalkaryn, Seni belende götererin, Adamlar seniň adyňdan Pata bererler biri-birlerine.
3Seni ýalkany ýalkaryn, Seni näletläni-de näletlärin; Ýer ýüzündäki ähli milletler Sen arkaly pata alarlar».
4Ybram Rebbiň aýdyşy ýaly ýola düşdi. Lut hem onuň bilen bile gitdi. Harandan çykyp gaýdanda, Ybram ýetmiş bäş ýaşyndady.
5Ol aýaly Sareni, doganoglany Luty hem-de Harandaky ähli mal-mülküni we gullaryny alyp, Kengan ýurduna tarap ýola düşdi. Olar Kengana geldiler.
6Ybram Kenganyň içi bilen Şekemiň golaýyndaky Moredäki dub agajyna çenli gitdi. Ol döwürlerde kenganlar şol ýerde ýaşaýardylar.
7Reb Ybrama görnüp: «Men şu ýurdy seniň nesliňe berjek» diýdi. Ybram ol ýerde özüne görnen Rebbe gurbanlyk sypasyny ýasady.
8Soňra ol ýerden Beýteliň gündogaryndaky daglyga tarap gitdi. Günbatar tarapynda galan Beýtel we gündogar tarapynda galan Aý galalarynyň arasynda öz çadyryny dikdi. Ybram ol ýerde Reb üçin gurbanlyk sypasyny ýasap, Rebbiň adyna ybadat etdi.
9Soňra ol bir ýerden başga ýere göçüp-gonup, günorta tarap ýoluny dowam etdirdi.
10Kenganda gazaply açlyk başlandy. Şoňa görä Müsürde gelmişek bolup ýaşamak üçin, Ybram Müsüre gitdi.
11Olar Müsüre golaýlaşanlarynda, Ybram aýaly Sareýe: «Men seniň juda owadan aýaldygyňy bilýärin.
12Müsürliler seni görüp: „Bu onuň aýaly“ diýerler; onsoň olar meni öldürerler, seni bolsa diri galdyrarlar.
13Olaryň sen üçin maňa ýagşylyk ederleri we seniň üstüň bilen meniň janymyň halas bolary ýaly sen olara: „Men onuň aýal dogany“ diý» diýdi.
14Ybram Müsüre gelende, müsürliler Sareniň juda owadandygyny gördüler.
15Sareni gören fyrownyň köşk emeldarlary fyrowna Sareniň gözelligini tarypladylar. Hatyn köşge äkidildi.
16Sareniň hatyrasyna fyrown Ybrama ýagşylyk etdi. Ol Ybrama dowarlar, öküzler, eşekler, gul-gyrnaklar we düýeler berdi.
17Reb Ybramyň aýaly Sare sebäpli fyrown we onuň köşgündäki adamlara elhenç keseller bilen ejir çekdirdi.
18Şonda fyrown Ybramy ýanyna çagyryp: «Meni nä günlere saldyň?! Sareniň öz aýalyňdygyny näme üçin maňa aýtmadyň?
19Näme üçin sen „Ol meniň aýal doganym“ diýdiň? Men Sareni özüme aýallyga aldym-a! Ynha, seniň aýalyň, ony al-da, gümüňi çek!» diýdi.
20Fyrown Ybram barada öz adamlaryna buýruk berdi. Olar Ybramy aýalydyr bar emlägi bilen Müsürden öz ýoluna ugratdylar.