Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
30 verses
1Ybraýym ýene-de Keturah atly bir aýala öýlendi.
2Keturah Ybraýyma Zimrany, Ýokşany, Medany, Midýany, Ýişbaky we Şuwany dogrup berdi.
3Ýokşandan Şeba we Dedan doguldy. Dedandan aşurlar, latuşlar we lagumlar döredi.
4Midýandan Eýpa, Eper, Hanok, Abyda we Eldaga doguldy.
5Ybraýym özüniň ähli emlägini Yshaga berdi.
6Emma gyrnak aýallaryndan bolan ogullaryna bolsa Ybraýym özi dirikä sowgatlar berip, olary Yshakdan aýryp, gündogar topragyna iberdi.
7Ybraýym ýüz ýetmiş bäş ýyl ömür sürüp, garrap, öz durmuşyndan razy bolup, dünýäden ötdi we ata-babalaryna gowuşdy.
9Ogullary Yshak bilen Ysmaýyl, Ybraýymy Makpela gowagynda, het Soharyň ogly Epronyň mülkünde, Mamreniň gündogarynda ýerleşýän Ybraýymyň hetlerden satyn alan ýerinde jaýladylar. Şunlukda, Ybraýym bilen onuň aýaly Sara ikisi-de şol ýerde jaýlandy.
11Ybraýym ölenden soň Hudaý onuň ogly Yshagy ýalkady. Yshak Beýer-lahaýroýyň golaýynda düşledi.
12Ybraýymyň Saranyň müsürli gyrnagy Hajardan bolan ogly Ysmaýylyň nesilleri şulardyr.
13Uludan kiçä Ysmaýylyň ogullarynyň atlary şunuň ýalydyr: Nebaýot (nowbahar ogly), Kedar, Adbeýel, Mibsam, Mişma, Duma, Masa, Hadat, Teýma, Ýetur, Napyş we Kedema.
16Şular Ysmaýylyň nesilleriniň obalaryna we düşelgelerine görä atlarydyr. Olar on iki tirebaşydyrlar.
17Ysmaýyl ýüz otuz ýedi ýyl ömür sürüp, dünýäden ötdi we ata-babalaryna gowuşdy.
18Ysmaýylyň nesilleri Aşur tarapda, Müsüriň golaýynda, Hawyladan Şura çenli bolan aralykda ýaşadylar. Olar Ybraýymyň beýleki nesillerinden aýra ýaşadylar.
19Ybraýymyň ogly Yshagyň nesilleri şulardyr.
20Yshak Rebeka öýlenende, ol kyrk ýaşyndady. Rebeka Padanaramdaky aramly Betuweliň gyzy, aramly Labanyň aýal doganydy.
21Rebekadan perzent önmeýärdi. Yshak aýaly üçin Rebbe dileg etdi. Reb Yshagyň dilegini eşitdi we Rebeka hamyla boldy.
22Göwredäki ekiz çaga biri-biri bilen itekleşýärdi. Rebeka: «Näme üçin bu ejir meniň başyma düşdi?» diýip, Rebden sorady.
23Reb oňa şeýle jogap berdi: «Göwräňde iki millet bar, Senden iki bäsdeş halk dörär. Biri beýlekisinden rüstem çykar, Ulusy kiçisine gul bolar».
24Wagty dolup, Rebeka ekiz ogul dogurdy.
25Olaryň ilkinji doglanynyň ýüzi gyzyl we teni edil possun geýnen ýaly tüýlekdi. Oňa Ysaw diýip at goýdular.
26Soňra onuň ökjesinden ýapyşyp, ekiz taýy dünýä indi. Şonuň üçinem onuň adyna Ýakup dakdylar. Çagalar doglanda, Yshak altmyş ýaşyndady.
27Oglanlar ulalyp, Ysaw ökde awçy we meýdan adamy, Ýakup bolsa ýuwaş hem öýdeçi adam bolup ýetişdi.
28Yshak Ysawy söýýärdi, çünki Yshak onuň getirýän aw etlerini halaýardy. Rebeka bolsa Ýakuby söýýärdi.
29Günleriň bir güni Ýakup çorba bişirip ýörkä, Ysaw gaty ýadaw hem aç halda meýdandan geldi.
30Ol Ýakuba: «Gyzyl, şol gyzyl çorbaňdan maňa-da bersene. Men aç öldüm» diýdi. (Şol sebäpden hem oňa Edom diýip at dakdylar.)
31Ýakup oňa: «Ilki öz nowbahar ogullyk hakyňy maňa sat» diýdi.
32Ysaw: «Men açlygymdan ölüp barýaryn, nowbahar ogullyk haky meniň nämäme derkar» diýdi.
33Ýakup oňa: «Onda ant iç» diýdi. Ysaw ant içip, öz nowbahar ogullyk hakyny Ýakuba satdy.
34Ýakup Ysawa nan hem gyzyl nohut çorbasyny berdi. Ysaw iýip-içip bolandan soň, turup gitdi. Ine, şeýdip, Ysaw özüniň nowbahar ogullyk hakyna biperwaý garady.