Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
33 verses
1Ysraýyl ähli zatlaryny alyp, ýola rowana boldy. Ol Beýerşeba gelip, kakasy Yshagyň Hudaýyna gurbanlyklar berdi.
2Şol gije Hudaý Ysraýyla görnüp, oňa: «Ýakup! Ýakup!» diýdi. Ysraýyl Oňa: «Lepbeý!» diýip jogap berdi.
3Hudaý oňa şeýle diýdi: «Men Hudaýdyryn, seniň ataňyň Hudaýydyryn. Sen Müsüre gitmekden gorkma. Men ol ýerde senden bir beýik millet ýaradaryn.
4Men seniň bilen bile Müsüre giderin we seni soň ýene-de öz topragyňa getirerin. Sen dünýäden öteniňde, Ýusup seniň ýanyňda bolar».
5Onsoň Ýakup Beýerşebadan gaýtdy. Ysraýylyň ogullary kakalary Ýakuby, öz çagalarydyr aýallaryny, fyrownyň iberen arabalaryna mündürdiler.
6Ýakup ähli nesillerini: ogul-gyzlaryny, agtyklarydyr mallaryny we Kenganda toplan ähli mal-mülklerini alyp, Müsüre geldi.
8Ysraýyllaryň Ýakup we onuň bilen Müsüre gelen nesilleri şulardyr. Ýakubyň nowbahar ogly Ruben.
9Rubeniň ogullary: Hanok, Pallu, Hesron, Karmy.
10Şimgonyň ogullary: Ýemuwel, Ýamyn, Ohat, Ýakyn, Sohar hem-de kenganly bir aýalyndan bolan ogly Şawul.
11Lewiniň ogullary: Gerşon, Kohat, Merary.
12Ýahudanyň ogullary: Er, Onan, Şela, Peres, Zera. Bulardan Er bilen Onan Kenganda ölüpdiler. Peresiň ogullary: Hesron, Hamul.
13Ysakaryň ogullary: Tola, Puwa, Ýop, Şimron.
14Zebulunyň ogullary: Seret, Eýlon, Ýahleýel.
15Bu ogullary hem-de gyzy Dinany Leýa Ýakuba Padanaramda dogrup beripdi. Ýakubyň ähli ogul-gyzlarynyň jemi otuz üç sanydy.
16Gatyň ogullary: Sipýon, Hagy, Şuny, Esbon, Eri, Arody, Areli.
17Aşeriň ogullary: Ýimna, Ýişwa, Ýişwi, Beriga hem-de gyzy Sera. Beragyň ogullary: Heber, Malkigel.
18(Bular Zilpanyň ogullarydyr. Laban Zilpany öz gyzy Leýa gyrnak edip beripdi. Zilpa Ýakuba jemi on alty ogul dogrup berdi.)
19Ýakubyň Rahelden bolan ogullary: Ýusup, Benýamin.
20Müsürde Heliýopolys galasynyň ruhanysy Potyperiň gyzy Asenat Ýusuba Manaşeni we Efraýymy dogrup berdi.
21Benýaminiň ogullary: Bala, Beker, Aşbel, Gera, Nagaman, Ehi, Roş, Mupym, Hupym we Art.
22(Bular Ýakubyň Rahelden bolan ogullarydyr. Olar jemi on dörtdür.)
23Danyň ogly: Haşum.
24Naftalynyň ogullary: Ýahsegel, Guny, Ýezer, Şillem.
25(Bular Bilhanyň ogullarydyr. Laban Bilhany öz gyzy Rahele gyrnak edip beripdi. Bilha Ýakuba jemi ýedi ogul dogrup berdi.)
26Gelinlerinden daşary Ýakuba degişli bolan we onuň bilen bile Müsüre gelen nesilleri jemi altmyş alty başdy.
27Ýusubyň Müsürde doglan iki ogly bilen birlikde Ýakubyň Müsürdäki tutuş hojalygy ýetmiş adamdan ybaratdy.
28Ysraýyl Goşene barýan ýoly Ýusuba görkezer ýaly, ol Ýahudany öňden Ýusubyň ýanyna iberdi. Ysraýylyň maşgalasy Goşen welaýatyna gelende,
29Ýusup arabasyna münüp, kakasy Ysraýyly garşylamak üçin Goşene gitdi; Ýusup kakasyny görüp, ony gujaklap, onuň gujagynda uzak wagtlap aglady.
30Ysraýyl Ýusuba: «Didaryňy gördüm, indi ölsem-de armanym ýok. Sen diri ekeniň» diýdi.
31Ýusup doganlaryna hem kakasynyň tutuş hojalygyna ýüzlenip, şeýle diýdi: «Men gidip, fyrowna habar bereýin. Oňa: „Kengandaky doganlarym hem-de kakam tutuş hojalygy bilen meniň ýanyma geldiler.
32Olar çopandyrlar, çünki olar maldarçylyk bilen meşgullanýarlar. Olar özleri bilen ownukly-irili mallaryny we ähli goş-golamlaryny-da getiripdirler“ diýeýin.
33Fyrown sizi çagyryp, sizden: „Siziň käriňiz näme?“ diýip sorar.
34Şonda siz oňa: „Biz gullaryň ata-babalarymyz ýaly ýaşlygymyzdan bäri maldarçylyk bilen meşgullanyp gelýändiris“ diýip jogap berersiňiz. Şeýle diýseňiz, ol size Goşen welaýatynda mesgen tutmaga rugsat berer, çünki müsürliler çopanlary juda ýigrenýändirler».