Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
20 verses
1Şu wakalardan soň Ýusuba «Kakaň hassadyr» diýen habar geldi. Ýusup iki ogluny Manaşe bilen Efraýymy ýanyna alyp ýola düşdi.
2Ýakuba: «Ogluň Ýusup seni görmäge geldi» diýip habar berdiler. Ysraýyl ähli güýjüni jemläp, düşeginde dikelip oturdy.
3Ýakup Ýusuba şeýle diýdi: «Gudratygüýçli Alla Kengan topragynda, Luzda maňa görnüp: „Men seni örňedip, köpeldip, senden ençeme halklar dörederin. Kengan topragyny saňa we seniň nesilleriňe ebedi mülk edip bererin“ diýip pata beripdi.
5Men Müsüre gelmezimden öň, bu ýerde doglan iki ogluň Efraýym bilen Manaşe edil Ruben bilen Şimgon ýaly meniň ogullarymdyr.
6Olardan soňky doguljak ogullaryň seniňki bolsun. Olar Efraýym bilen Manaşeden miras alarlar.
7Padanaramdan gaýdyp gelýärkäm, Kenganda Eprata ýetmäge sähel aralyk galanda, ýolda Rahel dünýäden ötdi. Bu meni erbet gama batyrdy. Men ony Eprata (häzirki Beýtullahama) gidilýän ýoluň gyrasynda jaýladym».
8Ysraýyl Ýusubyň ogullaryny görüp, ondan: «Bular kim?» diýip sorady.
9Ýusup kakasyna: «Bular meniň ogullarym» diýip jogap berdi. Ýakup Ýusuba: «Olary meniň ýanyma getir, men olara pata bereýin» diýdi.
10Garrylykdan ýaňa Ysraýylyň gözleri kütelişipdi we ol gowy görüp bilmeýärdi. Onsoň Ýusup ogullaryny kakasynyň alkymyna getirdi. Ýakup olary gujaklap ogşady.
11Ysraýyl Ýusuba: «Men seniň didaryňy görmekden umydymy üzüpdim, ýöne Reb maňa seniň çagalaryňy-da görkezdi» diýdi.
12Ýusup ogullaryny kakasynyň öňünden alyp, oňa iki bükülip tagzym etdi.
13Soňra Ýusup Efraýymy sagyna alyp, Ysraýylyň çep tarapyna, Manaşäni bolsa çepine alyp, Ysraýylyň sag tarapyna golaý getirdi.
14Ýöne Ysraýyl ellerini çalşyryp, kiçi agtygy Efraýymyň başyna sag elini, uly agtygy Manaşäniň başyna bolsa çep elini goýdy.
15Ysraýyl Ýusuba pata berip, şeýle diýdi: «Ata-babalarym Ybraýymyň hem Yshagyň nazarynda gezen Hudaýy, Ömür boýy tä şu güne çenli maňa garaşyk edip gelen Hudaý,
16Ähli şer işlerden meni goran perişde Bu oglanlary-da ýalkasyn! Goý, meniň adym, ata-babalarym Ybraýymyň hem Yshagyň ady Şu oglanlaryň üsti bilen dowam etsin! Goý, olardan köp nesiller döresin!»
17Kakasynyň sag elini Efraýymyň başyna goýmagy, Ýusuba ýaramady. Ýusup: «Kaka, beýle däl. Ulusy, ine, budur – Manaşedir. Sag eliňi onuň başyna goý» diýip, kakasynyň elini Efraýymyň başyndan aýryp, ony Manaşäniň başyna goýjak boldy.
19Ýöne kakasy beýle etmedi. Ol Ýusuba: «Bilýän, oglum, bilýän. Manaşe hem beýik bolar we onuň nesillerinden hem beýik halk dörär. Emma onuň inisi Efraýym, agasyndan has beýik bolar we onuň nesillerinden juda köp milletler dörär» diýdi.
20Şol gün Ysraýyl olara pata berip, şeýle diýdi: «Ysraýyl halky kimdir-birine pata berende: „Hudaý sizi edil Efraýymy hem Manaşäni ýalkaýşy ýaly ýalkasyn“ Diýip, siziň adyňyz bilen pata berer». Şeýdip, Ysraýyl Efraýymyň adyny Manaşeniň adyndan öňe geçirdi.
21Soňra Ysraýyl Ýusuba: «Meniň sanaglym dolup barýar. Emma Hudaý siziň bilen bile bolar we sizi ýene-de öz ata-babalaryňyzyň mekanyna elter.
22Indi men Şekemi doganlaryňa däl-de, saňa berýärin; men ol mülk ýeri gylyjymdyr ýaýym bilen amorlardan basyp aldym» diýdi.