Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
22 verses
1Bütin dünýäde adamlar köpelip başlap, olardan ençeme gyzlar dünýä indi.
2Ylahy barlyklar bu ynsan gyzlarynyň owadanlygyny görüp, olardan öz halanlaryny aýallyga aldylar.
3Şol sebäpli Reb: «Men adamzady ebedilik ýaşatmaryn, çünki olar tendir; onuň ömri ýüz ýigrimi ýyl bolar» diýdi.
4Şol zamanda hatda ondan gijräkki döwürlerde-de, dünýäde nefiller bardy. Olar ylahy barlyklar bilen ynsan gyzlarynyň nesilleridi. Nefiller gadym eýýämden bäri belli, at-abraýly gahrymanlardy.
5Bütin dünýädäki adamzadyň betpälliginiň juda çökderdigini, olaryň kalbyndaky oý-pikirleriniň we niýetleriniň hemişe pislikden doludygyny Reb gördi.
6Ol adamzady ýaradandygyna ökündi we ýürekden gynandy.
7Reb «Öz ýaradan ynsanlarymy haýwanlar, süýrenijiler we guşlar bilen birlikde ýer ýüzünden süpürip taşlaryn. Çünki Men olary ýaradandygyma ökünýärin» diýdi.
8Ýöne Nuh Rebbiň nazarynda merhemet tapdy.
9Nuhuň maşgalasynyň kyssasy şeýledir. Nuh öz döwürdeşleriniň arasynda dogruçyl hem takwa adamdy. Ol Hudaýyň huzurynda gezdi.
10Nuhuň Sam, Ham, Ýafes atly üç ogly bardy.
11Hudaýyň nazarynda ýer ýüzi azgynçylykdan we zulumdan doludy.
12Hudaý ýer ýüzündäki azgynçylygy gördi, çünki ähli janly-jandarlar azgynçylyga ýüz urupdy.
13Hudaý Nuha şeýle diýdi: «Men bütin janly-jandarlaryň soňuna çykjak, çünki olar zerarly ýer ýüzi zulumdan doldy. Men olary ýer bilen bile ýok etjek.
14Özüňe serwi agajyndan bir gämi ýasa; onda otaglar ýasap, gämä içinden hem daşyndan şepbik çal.
15Gämini şeýle ýasamaly: onuň uzynlygy üç ýüz, giňligi elli we beýikligi otuz gez bolsun.
16Oňa üçekde ýasa, üçegiň boýy bir gez bolsun; gäminiň gapysyny gapdaldan aç. Gämini aşaky, ortaky we üstki gatlardan ybarat edip ýasa.
17Ine, Men bolsa ýer ýüzüne sil gönderip, gökleriň astyndaky burnunda dirilik nepesi bolan janly-jandarlaryň ählisini ýok etjekdirin; ýer ýüzündäki zatlaryň barysy öler.
18Emma Men seniň bilen äht baglaşaryn. Sen ogullaryň, aýalyň hem gelinleriň bilen gämä münersiň.
19Diri galmaklary üçin, bir erkek, bir urkaçy edip, jandarlaryň-da her görnüşinden bir jübütini gämä alyp mün.
20Diri galmak üçin guşlaryň, mallaryň we süýrenijileriň hersi öz taýy bilen jübüt-jübüt bolup, seniň bilen gämä münerler.
21Şeýle hem sen özüňe hem ähli haýwanlara iýmit bolar ýaly öz ýanyň bilen dürli-dümen azyk-owkat alyp mün».
22Nuh Hudaýyň buýran zatlarynyň hemmesini ýerine ýetirdi.