Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
14 verses
1Her bir baş ruhany, günäleriň tölegine sylaglar hem gurbanlar hödürlär ýaly, adamlar arasyndan saýlanyp, Hudaýa degişli zatlarda olara wekillik etmek üçin bellenýär.
2Nadanlara, ýoldan azaşanlara ýumşak bolmagy başarýar, çünki özüniň hem ejizlikleri bar.
3Ol şu sebäpli halk üçin bolşy ýaly, öz günäleri üçin hem gurban bermäge borçludyr.
4Adam baş ruhany bolma hormatyny öz-özüne berip bilenok. Ol Harun ýaly, Hudaý tarapyndan çagyrylyp alýar.
5Şonuň ýaly, Mesih hem baş ruhany bolmak üçin öz-özüni şöhratlandyranok, Ony «Sen Meniň Oglumsyň, Men bu gün Seniň Ataň boldum» diýen şöhratlandyrdy.
6Başga bir ýerde-de diýýär: «Melkisedek düzgüni boýunça, Sen hemişelik ruhanysyň».
7Mesih ýer ýüzünde bolan günlerinde Özüni ölümden gutarmagy başarýan Hudaýa uly perýat, gözýaşlar bilen dogalar hem ýalbaryşlar hödürläp, takwalygy üçin eşidildi.
8Ol Ogul hem bolsa, gören görgülerinden söze gulak asmagy öwrendi.
9Kämilleşdirilip, Hudaý tarapyndan Melkisedek düzgüni boýunça Baş Ruhany adyny aldy.
10Sözüne gulak asanlaryň hemmesi üçin baky gutulyş çeşmesi boldy.
11Bu barada berjek köp gürrüňimiz bar, ýöne siziň eşitmäge islegsizligiňiz üçin, düşündirmek kyn.
12Öwrediji bolmaly wagtyňyz gelip ýeten hem bolsa, siz biriniň Hudaýyň sözüniň ilkinji esaslaryny gaýtadan özüňize öwretmegine mätäç. Size agyr damak däl-de, süýt gerek.
13Kim süýt emýän bolsa, ol çaga, dogrulyk sözünde tejribesizdir.
14Agyr damak kemala gelenlere, ýagny saýgarma ukyplary ýagşy bilen ýamany tanamaga öwrenişdirilip, terbiýe edilenlere berilýändir.