Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
11 verses
1Ýahudada Uzyýanyň, Ýotamyň, Ahazyň hem Hizkiýanyň; Ysraýylda Ýowaş ogly Ýarobgamyň patyşalyk eden döwründe, Beýeriniň ogly Hoşeýa Rebbiň sözi aýan boldy.
2Hoşeýa Rebbiň sözüniň başlangyjy: Reb Hoşeýa aýtdy: «Git-de, zynagär aýala öýlen. Ondan nikasyz çagalar bolsun. Çünki bu ýurt Rebden daşlaşyp, bütinleý zyna edýär».
3Onsoň Hoşeýa gidip, Diblaýymyň gyzy Gomere öýlendi. Ol göwreli bolup, Hoşeýa üçin bir ogul dogurdy.
4Reb oňa aýtdy: «Ogluň adyna Ýizregel dak, çünki az wagtdan Ýizregeliň gany üçin, Ýehunyň nesline jeza bererin, Ysraýyl patyşalygyny tamamlaryn.
5Şol gün Ýizregel deresinde Ysraýylyň ýaýyny döwerin».
6Gomer ýene-de göwreli bolup, gyz dogurdy. Reb Hoşeýa aýtdy: «Gyzyň adyna Loruhama dak, çünki mundan bu ýana Ysraýyl öýüne rehim edip günälerini geçmerin.
7Ýahuda öýüne welin rehim ederin. Men olary ýaý, gylyç, uruş, atlar ýa atlylaryň üsti bilen däl-de, özleriniň Hudaýy Rebbiň güýji bilen halas ederin».
8Gomer Loruhamany süýtden aýransoň, göwreli bolup, ogul dogurdy.
9Reb Hoşeýa şeýle diýdi: «Adyna Logammy dak. Çünki siz-ä Meniň halkym däl, Menem siziň Hudaýyňyz däldirin.
10Ysraýyl ogullary deňiz kenaryndaky çäge ýaly san-sajaksyz we möçbersiz köp bolar. Olara: „Siz Meniň halkym dälsiňiz“ diýlen ýerde, „siz diri Hudaýyň ogullarysyňyz“ diýler.
11Ýahuda we Ysraýyl halklary ýaňadan birleşer, özlerine bir baş belläp, ýurtda güllärler. Çünki Ýizregeliň güni beýik bolar».