Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
11 verses
1«Geliň, Rebbe dolanalyň. Ol bizi parçalady. Özi şypa berer. Bizi ýaralady. Indi ýaramyzy daňar.
2Iki günden soňra bizi dirilder, Has takygy – üçünji güni Ol bizi aýaga galdyrar. Onuň huzurynda ýaşaryş.
3Geliň, Rebbi tanalyň, tanamaga gaýrat edeliň. Ol daň şapagy ýaly takyk geljek. Ol ýaz ýagyş ýaly bize geljek, Topragy gandyrýan ýaz ýagşy ýaly ýanymyza geljek».
4«Eý, Efraýym, saňa näme edeýin? Eý, Ýahuda, seniň bilen näme etmeli? Siziň söýgiňiz säher dumany, ýerdäki çyg ýaly, basym ýok bolýar.
5Şoňa görä Men olary pygamberiň sözi bilen parçaladym. Olary agzymdan çykan söz bilen öldürdim. Hökümim nur kimin parlaýar.
6Çünki Men gurbanlygy däl, wepaly söýgini, Ýakma gurbanlygyndan, Hudaýy tanamaklygy isleýärin.
7Olar Adam ýaly, ähti bozdular, Ol ýerde maňa wepasyzlyk etdiler.
8Gilgat ýamanlaryň şäheri, Gan yzy bilen doludyr.
9Garakçylar adamy nähili peýleýän bolsa, Ruhanylaryň topary-da şeýle. Şekem ýolunda ganhorluk edip, erbet jenaýata ulaşýarlar.
10Ysraýyl öýünde bir gorkunç zat gördüm: Şol ýerde Efraýym zyna batdy. Ysraýyl haram edildi.
11Men seniň – halkymyň rysgalyny gaýtaryp berenimde, Seniň üçin jeza güni taýýar bolar, eý, Ýahuda».