Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
14 verses
1Sähra ýoly bilen Seladan Siýon gyzynyň dagyna, ýurduň hökümdarlaryna guzulary ýollaň.
2Arnon geçelgesinde Mowabyň aýallary höwürtgesinden kowlan öýsüz-öwzarsyz guşlara meňzeýär.
3«Maslahat ber, adalaty berjaý et. Günortan çagy gije kimin üstümize saýa sal. Kowulanlary gizle, gaçgaklary ele berme.
4Mowapdan kowlanlar mesgen tutsun araňyzda; weýran edýänlerden olara pena boluň». Sütemkär ýok bolup, weýrançylyk soňlanar, talaňçylar ýitirim bolarlar.
5Tagt merhemet bilen berkidiler, sadyklyk bilen şalyk sürer Dawudyň nesillerinden biri, adalaty agtarýan hökümdar dogrulygy ýöreder.
6Mowabyň tekepbirligi, onuň hetdenaşa gedemligi, men-menligi, ulumsylygy, gazaby barada eşitdik; boş ýere öwünýär ol.
7Şonuň üçin Mowap perýat etsin, her kes Mowap üçin nala çeksin, Kirharesetiň kişmişli kökeleri üçin ýas tutuň, gam çekiň.
8Heşbonyň ekin meýdanlary, Sibmanyň üzümçilikleri gurady; başga milletleriň baştutanlary saýlama üzümçilikleri basgyladylar; üzümçilikler Ýazere ýetip, çöle çenli ýaýyldy; şahalary ýaýrap, deňizden-de aşdy.
9Şonuň üçin Ýazer agysy bilen Sibmanyň üzümçilikleri üçin aglaryn men; gözýaşym bilen suwararyn sizi, eý, Heşbon we Elgala! Çünki tomus miweleriň, hasyl ýygnalýan döwründäki şagalaň şowhunyňyz kesildi.
10Şatlyk hem begenç aýryldy hasylly baglardan; üzümçiliklerde ne aýdym aýdylýar, ne-de heşelle kakylýar; üzüm sykýançy üzüm sykmaýar, kesdim olaryň şagalaň şowhunyny.
11Şol sebäpden ýüregim Mowap üçin, Kalbym Kirheres üçin barbat dek nala çekýär.
12Mowaplylar sežde edýän ýerlerine çykyp, özlerini tapdan düşürýärler; öz mukaddes ýerlerine dileg etmäge gidýärler, ýöne bu hiç peýda bermez.
13Bu Rebbiň Mowap hakynda geçmişde aýdan sözüdi.
14Indi Reb şeýle diýýär: «Hakyna tutma işçiniň möhleti ýaly üç ýylyň dowamynda Mowabyň şan-şöhraty uly halky bilen birlikde abraýdan düşer; gutulanlary juda az we güýçsüz bolar».