Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
22 verses
1Amozyň ogly Işaýanyň Ýahuda we Iýerusalim babatda gören görnüşleri.
2Ahyrky günlerde Rebbiň öýi daglaryň iň beýigi deý berkarar ediler, depelerden belent bolar ol, ähli milletler oňa tarap eňerler.
3Köp halklar gelip, şeýle diýerler: «Geliň, Rebbiň dagyna — Ýakubyň Hudaýynyň öýüne çykalyň; ýodalaryndan ýörär ýaly, Ol bize Öz ýollaryny öwreder». Çünki kanun Siýondan, Rebbiň sözi Iýerusalimden çykar.
4Reb milletler arasynda kazylyk eder, köp milletleriň dawalaryny çözer; olar gylyçlaryndan azal, naýzalaryndan orak ýasarlar; millet millete garşy gylyç galdyrmaz, söweşmegi öwrenmezler indi.
5Eý, Ýakubyň nesilleri, geliň, Rebbiň nurunda ýöräliň!
6Sen Öz halkyňy, ýagny Ýakubyň neslini terk etdiň. Olar gündogaryň palçylaryndan, piliştlileriňki ýaly münejjimlerden doly, keseki halk bilen el berişýärler olar.
7Olaryň ýurdy altyn-kümüşden doly, hazynalary tükeniksizdir, ýurt atlardan doly, söweş arabalary san-sajaksyzdyr.
8Olaryň ýurdy butlardan doly, öz elleriniň işine, barmaklarynyň ýasan zadyna sežde edýärler.
9Muňa görä ynsan kiçeldiler, her kes peseldiler, olary bagyşlama!
10Rebbiň howpundan, Onuň şan-şöhratyndan gaýalarda bukulyň, toprak astynda gizleniň.
11Halkyň gedem bakyşlary peseldiler, ynsan tekepbirligi egler, şol gün diňe Reb beýgeldiler.
12Hökmürowan Rebbiň bir güni bar, şol gün ähli tekepbirleri, gedemleri, ähli beýgeldilenleri peselder,
13Liwanyň ähli beýik we belent başly kedr agaçlaryna, Başanyň bar dublaryna garşydyr,
14Ähli belent daglara, beýik depelere garşydyr.
15Her bir beýik diňe, her bir berk gala garşydyr.
16Tarşiş gämileriniň baryny, owadan gaýyklaryň hemmesini ýok eder.
17Ynsan men-menligi, hem gedemligi peseldiler, şol gün—diňe Reb beýgeldiler.
18Butlar bütinleý ýok ediler.
19Reb ýeri lerzana salmaga galkanda, ynsanlar Onuň howpundan, şan-şöhratyndan, gaýalardaky gowaklara, ýeriň deşiklerine girerler.
20Şol gün adamlar özleriniň sežde etmek üçin ýasan altyn, kümüş butlaryny körsyçanlaryň, ýarganatlaryň öňüne oklarlar.
21Reb ýeri lerzana salmaga galkanda, ynsanlar Onuň şan-şöhratyndan, howpundan gaýalardaky gowaklara, kert gaýalardaky jaýryklara girerler.
22Soňy ölümli ynsanlara bil baglamaň. Kim bolupmyş olar?