Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
24 verses
1Dawudyň mesgen tutan şäheri Ariýeliň dat gününe! Ýylyň ýylyna baýramlaryňyz dowam edibersin.
2Ariýele azap çekdirerin, ýas tutar, perýat eder ol, Meniň üçin gurbanlyk ojagy kimin bolar.
3Daş-töweregiňde düşelge guraryn, töweregiňe diňler gurup, seni gabaryn, garşyňa berkitmeler dikerin.
4Sen peseldilip, ýeriň astyndan geplärsiň, sözleriň toprak içinden geler; sesiň jynyň sesi dek ýerden çykar, topragyň teýinden pyşyrdap eşidiler sözleriň.
5Duşmanlaryňyň köpüsi toz dek bolar, zalymlaryň sowrulan saman deýindir. Birdenkä, duýdansyz,
6Hökmürowan Reb gök gürrüldisi bilen, ýer titremesi, uly şowhun bilen, harasat we tupan bilen, ýalmaýan oduň ýalny bilen geler.
7Ariýele garşy söweşýän ähli milletler, onuň we galalarynyň garşysyna söweşýänler, ony gysýanlar düýş kimin, gijeki görnüş kimin bolarlar.
8Düýşünde nahar iýen aç kişi, oýanansoňam aç bolýandyr, düýşünde suw içen teşne, oýanansoňam teşnedir. Siýon dagyna garşy söweşýän ähli milletler topary-da şu ahwala düşer.
9Doňup galyň, gatap galyň! özüňizi kör ediň, göreçden galyň, serhoş boluň, ýöne şerapdan däl, entrekläň, ýöne içgiden däl.
10Reb sizi agyr uka batyrdy, pygamberler gözleriňizi ýumdurdy, görgürler başlaryňyzy örtdi.
11Ähli görnüş siziň üçin möhürli kitabyň sözleri kimindir. Ony okap bilýänlere berip: «Şuny oka» diýseňiz, olar: «Okap bilmeýäris, ol möhürlenen» diýerler.
12Okap bilmeýänlere berip: «Şuny oka» diýseňiz, olar: «Okap bilmeýäris» diýerler.
13Reb şeýle diýýär: «Bu halk Maňa ýakynlaşyp, dili, dodaklary bilen Meni hormatlaýar, ýöne ýürekleri Menden uzakdadyr. Ynsan buýruklaryna görä Maňa ybadat edýärler olar.
14Muňa görä Men ýene bu halkyň arasynda gudratlar, gudrat ustüne gudrat görkezerin. Danalary danalykdan mahrum bolar, paýhaslylary paýhasdan aýrylar».
15Öz niýetlerini Rebden gizlemäge çalyşýanlaryň, dat gününe! Işleri garaňkylykda bolup, olar: «Bizi kim görýär? Bizi kim tanaýar» diýýärler.
16Siz bar zady tersine öwürýärsiňiz, küýzegär toýun bilen deň hasaplanarmy? Ýasalan zat özüni ýasana: «Ol meni ýasamady» diýermi? Şekillendirilen zat şekillendirene: «Onuň düşünjesi ýok diýermi?»
17Liwan az salymyň içinde hasylly meýdana öwrülmezmi, mes toprakly ýer tokaý kimin görünmezmi?
18Şol gün kerler kitabyň sözlerini eşiderler, tümlük, garaňkylyk içinde körleriň gözleri açylar.
19Pukaralar ýene Rebde şatlyk taparlar, mätäçler Ysraýylyň Mukaddesinde galkynarlar.
20Zalymlar ýok bolarlar, masgaralaýjylaryň soňuna çykylar, ýamanlyk etmäge garaşýanlar ýok ediler.
21Olar ynsana töhmet atýarlar, kaza duzak gurýarlar, şäher derwezesinde. Haklyny adalatdan nähak mahrum edýärler.
22Munuň üçin Ybraýymy halas eden Reb Ýakubyň nesilleri hakda şeýle diýýär: «Ýakup indi utanmaz, Onuň ýüzi gyzarmaz indi.
23Öz elim bilen ýaradan çagalarymy öz aralarynda görenlerinde, adymy mukaddes saýarlar; Ýakubyň Mukaddesini mukaddes saýarlar, Ysraýyl Hudaýyndan gorkarlar.
24Ýolundan azaşanlar düşünerler, arz-şikaýat edýänler tälim alarlar».