Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
9 verses
1Medet sorap, Müsüre gidýänleriň, atlara daýanýanlaryň, köpdükleri üçin söweş arabalaryna, güýçlidikleri üçin atlylara bil baglaýanlaryň dat gününe! Olar Ysraýylyň Mukaddesine ýüz tutmaýarlar, Rebden maslahat soramaýarlar.
2Emma Reb danadyr, Ol betbagtçylyk getirer, sözüni yzyna almaz, ýamanlyk edýänlere garşy aýaga galar, pislere kömek edýänlere garşy çykar.
3Müsürliler Hudaý däl, ynsandyr, ruh däldir, tendir atlary; Reb elini uzadanda, kömekçi-de, kömek alan-da ýykylar, ählisi birlikde heläk bolar.
4Çünki Reb maňa şeýle diýdi: «Arslan, awunyň başynda arlaýan ýaş arslan, bir topar çopan bolup, daşyna geçseler-de, olaryň sesinden gorkmaz, galmagallaryndan ürkmez, Hökmürowan Reb-de, Siýon dagynda, onuň depesinde uruşmak üçin aşak iner şeýdip.
5Guşlaryň ganat gerip, öz çagalaryny goraýşy dek, Hökmürowan Reb-de Iýerusalimi gorar; Ol ony gorar, halas eder, rehim eder, azat eder».
6Eý, Ysraýyl halky, garşysyna uly pitne turuzan Rebbe tarap öwrüliň!
7Şol gün her kes, günä üçin öz eli bilen ýasan altyndyr kümüş butlaryny ret eder.
8«Onsoň aşurlylar ynsanyňky bolmadyk gylyçdan ýykylarlar, adamzadyňky bolmadyk gylyçdan ölerler, olar gylyçdan gaçarlar, ýaş ýigitleri-de gul ediler.
9Gorkudan ýaňa ýykylar olaryň gaýasy, serkerdeleri baýdagy görüp titreşerler». Ody Siýonda, ojagy Iýerusalimde bolan Reb diýýär muny.