Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
6 verses
1Şol gün ýedi aýal bir erkege ýapyşyp, şeýle diýer: «Öz çöregimizi iýip, öz eşiklerimizi geýeris, Seniň adyňy alsak bolýar, bizi utançdan gutar».
2Şol gün Rebbiň şahasy gözel, şöhratly bolar; ýurduň miwesi Ysraýylyň aman galanlaryna buýsanç hem abraý bolar.
3Siýonda galanlara — Iýerusalimde aman galanlara, Iýerusalimde ady durmuş kitabyna ýazylanlara, «Mukaddes» diýiler.
4Taňry Siýon gyzlarynyň pisligini ýuwar, Iýerusalimde dökülen gany höküm we alaw ruhy bilen tämizlär.
5Soňra Reb Siýon dagynyň her ýanyny, ol ýerde toplananlaryň üstüni gündizine bulut we tüsse bilen, gijesine parlak ot ýalny bilen örter. Bütin şöhratyň üsti örtgüli bolar.
6Bu örtük gündiz yssyda kölege bolar, gaýda, ýagyşda pena we gaçybatalga bolar.