Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
28 verses
1Emma indi, eý, Ýakup, seni ýaradan, eý, Ysraýyl, seni döreden Reb şeýle diýýär: «Gorkma, çünki Men seni azat etdim, adyňy tutup çagyrdym, sen Meniňkisiň.
2Seniň bilen bolaryn suwlardan geçeniňde, derýalardan geçeniňde, seni gark etmez olar, oduň içinden ýöräniňde ýanmarsyň, ýalyn ýakmaz seni.
3Men seniň Hudaýyň Reb, Ysraýylyň Mukaddesi, seniň Halasgäriň. Men saňa töleg hökmünde Müsüri, seniň ýeriňe Efiopiýany, Sabany berdim.
4Nazarymda eziz, gadyrly bolup, seni söýýändigim üçin, seniň öweziňe adamlar, halklar bererin janyňyň deregine.
5Gorkma, Men seniň bilendirin; perzentleriňi gündogardan, seni günbatardan getirerin.
6Demirgazyga: „Olary ber", günorta: „Olary saklama" diýerin; ogullarymy uzakdan, gyzlarymy ýeriň çetlerinden,
7Maňa degişli bolan her kesi, Öz şöhratym üçin ýaradanymy, şekil berip döredenimi getir.
8Gözli körleri, gulakly kerleri öňe çykar.
9Ähli milletler bir ýere ýygnansyn, halklar toplansyn, olaryň arasynda kim muny yglan etdi? Haýsysy bolup geçenleri öňden bildirdi? Güwälerini getirip, özlerini aklasynlar, başgalar eşidip: „Bu dogry" diýsinler».
10Reb şeýle diýýär: «Siz Meniň şaýadymsyňyz, Öz saýlan bendelerimsiňiz, Siz Meni bilip, Maňa ynam ediň, Meniň Şolduguma düşüniň, Menden öň hiç hudaý bolan däldir, Menden soň-da hijisi bolmaz.
11Men, diňe Men Rebdirin, Menden başga Halasgär ýokdur».
12Reb diýýär: «Men yglan etdim, halas etdim, aýan etdim, araňyzda başga hudaý ýok; siz Meniň şaýatlarym.
13Owaldan bäri Men Olduryn. Elimden halas edip biljek ýokdur. Meniň edenimi ýatyryp biljek barmy?»
14Penakäriňiz, Ysraýylyň Mukaddesi Reb şeýle diýýär: «Siziň hatyraňyza Babyla leşger ýollap, ähli babyllary gaçgaklar hökmünde buýsanýan gämilerinde getirerin.
15Siziň Mukaddesiňiz, Ysraýyly Ýaradan, Patyşaňyz Reb Mendirin».
16Deňizden ýol, çuň suwlardan ýoda açýar Reb, uruş arabalary, atlary, goşunlary söweşijileri bilen çykarýar Ol; olar ýykylyp, galyp bilmeýärler, öçürilýärler, pelteler dek söndürilýärler.
17Bulary edýän Reb şeýle diýýär:
18«Ýatlamaň öten zatlary, köne zatlara üns bermäň.
19Ine, Men bir täze zat edýärin, ol häzir başlaýar, görmeýärmisiňiz? Men çölde ýol, sährada derýalar emele getirerin.
20Ýabany haýwanlar, şagallardyr düýeguşlar Meni hormatlarlar. Men Öz saýlan halkymy gandyrmak üçin çölde suwlar, sährada derýalar bilen üpjün etdim.
21Maňa alkyş aýtsynlar diýip, Özüm üçin ýaratdym bu halky.
22Emma sen, eý, Ýakup, çagyrmadyň Meni, eý, Ysraýyl, Menden irdiň sen!
23Goýunlaryňyzy getirmediňiz Maňa ýakma gurbanlyk üçin, gurbanlyklaryňyz bilen Meni sylamadyňyz. Sadakalary size agyr ýük etmedim, ýakymly ysly tütetgi bilen irizmedim.
24Hoşboý ysly gamyş satyn almadyňyz Maňa, gurbanlyklaryňyzyň ýagyndan doýurmadyňyz, günäleriňiz bilen Maňa ýük bolduňyz gaýtam, etmişleriňiz bilen Meni irizdiňiz.
25Öz hatyram üçin ýazyklaryňyzy öçürýän Mendirin, Men günäleriňizi ýatlamaryn.
26Maňa ýatlat! Gel, bilelikde dawalaşalyň, aklanar ýaly delilleriňi aýt.
27Ilkinji ataňyz günä etdi, töwellaçylaryňyz garşyma çykdylar.
28Munuň üçin biabraý etdim ybadathananyň ruhanylaryny, Ýakuby doly weýrançylyga, Ysraýyly ryswalyga höküm etdim».