Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
15 verses
1«Eý, boýy ýeten Babyl gyzy, aşak düş-de, toza çök! Eý, kesetler gyzy, ýerde otur, tagtyň ýokdur! Näzik, mylaýym, diýilmez indi saňa.
2Degirmen daşlaryny al-da, un üwe, aýyr ýapynjaňy, lybasyňy çykar, derýalardan geç, baldyrlaryňy ýalaňaçla-da.
3Ýalaňaçlygyň aýan bolar, aýbyň açylar. Öç alaryn Men, hiç kimi aýamaryn».
4Penakärimiz Ysraýylyň Mukaddesidir, Hökmürowan Rebdir ady.
5«Eý, Keset gyzy, ümsüm otur, tümlüge git! Saňa „patyşalyklaryň melikesi" diýilmez indi.
6Halkyma gaharlandym, mirasymy harlap, seniň eliňe berdim; sen olara rehim etmediň; hatda gojalara-da agyr boýuntyryk atdyň.
7Sen: „Men ebedi melike bolaryn" diýdiň, bulara üns bermediň, näme boljagyny oýlanmadyň»
8Eý eşreti söýýän, howpsuzlykda ýaşap, içinden: «Diňe men, menden başga ýok, dul oturmaryn, perzent ýitgisini görmerin» diýýän sen muňa gulak goý indi!
9Bularyň ikisi-de bir günde, duýdansyz başyňa geler: perzentleriňden aýrylarsyň, dul galarsyň. Gözbagçylar köpem bolsa, jadygöýleriň bolam bolsa, bularyň bary başyňa geler.
10Öz pisligiňe bil bagladyň; sen: «Meni hiç kim görmeýär» diýdiň. Paýhasyň we bilimiň seni azaşdyrdy, içiňden: «Diňe men, menden başga ýok» diýdiň.
11Munuň üçin başyňa bela geler, jadygöýlik bilen halas edip bilmersiň; başyňa betbagtçylyk iner, öňüni alyp bilmersiň sen onuň; duýdansyz üstüňe geler oslamaýan weýrançylygyň.
12Ýaşlygyňdan bäri ugrunda jan çeken jadygöýleriňdir gözbagçylaryň bilen gal, belki olardan peýda görersiň, belki olar bilen gorkuzarsyň!
13Maslahatçylaryň köplüginden ýaňa ýadadyň, müneçjimler, ýyldyzçylar, täze aýyň başynda näme boljagyny aýdýanlar ör tursunlar-da, başyňa geljek zatlardan seni gutarsynlar indi.
14Ine, olar sypal kimindirler, ot olary ýandyrýar; janlaryny ýalnyň güýjünden halas edip bilmeýärler. Bu ot ne çoýunara köz, ne-de alaw bolar başynda oturara.
15Ine, bile zähmet çekişenler, ýaşlygyňdan seniň bilen iş salşanlar nähili bolup çykýarlar; öz ýoluna rowanadyr olaryň hersi, halas eden bolmaz seni.