Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
12 verses
1Reb şeýle diýýär: «Adalaty saklaň, dogry işleri ediň, ine, Men tiz azat etmäge gelerin, halas edişim görünmäge golaýdyr.
2Muny edýän ynsan, ony berk saklaýan nähili bagtly! Ol Sabat gününi tutýar, ony harlamaýar, elini ýaman işden saklaýar».
3Rebbe birigen keseki: «Reb meni Öz halkyndan aýrar» diýmesin, Agta: «Ine, men bir gury agaçdyryn» diýmesin.
4Reb şeýle diýýär: «Sabat günlerimi saklaýan, Maňa ýaraýan zatlary saýlaýan, ähtimi berk saklaýan agtalara
5öýümde, diwarlarymyň içinde ogullardyr gyzlardan-da gowy hatyra hem at bererin; olara ölmez-ýitmez ebedi at bererin.
6Rebbe hyzmat etmek üçin, Rebbiň adyny söýmek üçin, Onuň bendesi bolmak üçin Rebbe birigen kesekileri, Sabat günümi harlaman saklaýanlary, ähtimi berk saklaýanlary,
7mukaddes dagyma getirerin, dilegler öýümde şatlandyraryn olary; ýakma gurbanlyklary, başga gurbanlyklary gurbanlyk sypamda kabul ediler; çünki Meniň öýüm ähli halklar üçin dilegler öýi diýip atlandyrylar».
8Ysraýylyň kowlanlaryny toplaýan Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men öýüme eýýäm toplananlardan beýlekilerini-de toplaryn».
9Eý, ähli wagşy haýwanlar, eý, bütin jeňňel haýwanlary, geliň, iýmäge geliň!
10Ysraýylyň sakçylary kör, hiç zady bilmeýärler; ählisi üýrüp bilmeýän lal itlerdir; olar ýatyp, düýş görýärler, uklamagy gowy görýärler.
11Doýanyny bilmeýän açgöz itlerdir olar. Olar düşünjesiz çopanlardyr; hersi öz ýoly bilen gidýär, her kes öz bähbidini araýar.
12Olar: «Geliň, şerap getireliň! Bol içgi içeliň. Ertirimizem şu gün ýaly bolar, hatda mundanam has gowy bolar» diýýärler.